​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
25.11.2025

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Täjigistan Respublikasynda geçirilen Merkezi Aziýanyň zenan liderleriniň dialogynyň 2025-nji ýyl üçin jemleýji mejlisine gatnaşdylar

Представители Меджлиса Туркменистана приняли участие в заключительном заседании Диалога женщин-лидеров Центральной Азии 2025 года, состоявшемся в городе Душанбе Республики Таджикистан

Representatives of the Parliament of Turkmenistan participated in the final session of the Central Asian Women Leaders Dialogue for 2025 held in the Republic of Tajikistan

 

2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň zenan liderleriniň dialogynyň 2025-nji ýyl üçin jemleýji mejlisine gatnaşdylar. 

Maslahatyň maksady sebitiň ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly gatnaşyklary berkitmek, birek-birege ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny we ýolbaşçylyk ukybyny ösdürmek, olaryň döwlet  dolandyryşyna, jemgyýetçilik, ykdysady we medeni ösüşe goşýan goşandyny wagyz etmekden ybarat boldy.

Meýilnama laýyklykda, «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly zenanlar dialogynda Merkezi Aziýa sebitinde gender deňligini üpjün etmekde durmuşa geçirilýän işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, ähli zenanlaryň hem-de gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde  alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler dogrusynda çykyşlar diňlenildi. 

Maslahatyň dowamynda Mejlisiň wekilleri öz çykyşlarynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň kabul edilmeginiň ähmiýeti hem-de parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerinde zenanlaryň tutýan orny, bu ugurda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler barada bellediler. 

Şeýle hem ýurdumyzda zenanlaryň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik durmuşynda tutýan ornunyň barha artýandygyny bellemek bilen, olaryň döwlet dolandyryşynda, bilimde, saglygy goraýyşda, jemgyýetçilik we halkara gatnaşyklarda möhüm orun eýeleýändiklerini nygtadylar.

Maslahatda çykyş edenler Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatda döredilen Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döwrüň möhüm meseleleri babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşýandygyny bellediler. Türkmenistanyň we bu Merkeziň bilelikdäki işiniň, esasy maksatlara – Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy gazanmaga gönükdirilendigini aýratyn nygtadylar.

Şunuň bilen baglylykda, maslahatda sebitiň ýurtlarynyň we halklarynyň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlygyň, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagynda zenanlaryň alyp barýan işleriniň ähmiýeti barada pikir alşyldy.

 

 

25 ноября 2025 года представители Меджлиса Туркменистана приняли участие в заключительном заседании Диалога женщин-лидеров Центральной Азии 2025 года, состоявшемся в  городе Душанбе Республики Таджикистан.

Цель конференции  –   укрепление мирных отношений между странами региона, укрепление взаимного доверия и сотрудничества, развитие роли и лидерства женщин в обществе, а также содействие их вкладу в государственное управление, социальное, экономическое и культурное развитие.

В соответствии с повесткой дня, в ходе женского диалога «Женщины, мир и безопасность» были заслушаны доклады о программной работе, проводимой для повышения эффективности деятельности по обеспечению гендерного равенства в регионе Центральной Азии, а также расширения прав и возможностей всех женщин и девушек для успешной реализации Целей устойчивого развития. В ходе конференции представители Меджлиса в своих выступлениях отметили важность принятия Туркменистаном Резолюции Генеральной Ассамблеи Организации Объединенных Наций «2025 год – Международный год  мира и доверия», а также роль женщин в вопросах мира и безопасности и проводимой в нашей стране работы в этом направлении.

Также  было отмечена возрастающая роль женщин в политической, экономической и социальной жизни нашей страны,  и подчеркнута их важная роль в государственном управлении, образовании, здравоохранении, общественных и международных отношениях.

Выступавшие на конференции отметили большой вклад Регионального центра ООН по превентивной дипломатии для Центральной Азии, созданного в Ашхабаде, в развитие сотрудничества по актуальным вопросам современности. Они подчеркнули, что совместная работа Туркменистана и Центра направлена ​​на достижение главных целей – достижение мира, стабильности и безопасности в Центральной Азии.

В этой связи на конференции состоялся обмен мнениями о важности работы женщин в укреплении дружественного сотрудничества, дружественных и братских отношений, мира и доверия между странами и народами региона.

 

On November 25, 2025, representatives of the Parliament of Turkmenistan participated in the final session of the Central Asian Women Leaders Dialogue for 2025 held in Dushanbe, Republic of Tajikistan.

The purpose of the conference was to strengthen peaceful relations between the countries of the region, enhance mutual trust and cooperation, develop the role and leadership of women in society, and promote their contribution to governance, social, economic and cultural development.

In accordance with the agenda, the women's dialogue entitled "Women, Peace and Security" heard reports on the programmatic work being carried out to increase the effectiveness of activities to ensure gender equality in the Central Asian region, and to expand the rights and opportunities of all women and girls, in order to successfully implement the Sustainable Development Goals.

During the conference, the representatives of the Mejlis in their speeches highlighted the importance of the adoption of the Resolution of the United Nations General Assembly “2025 - the Year of International Peace and Trust” initiated by Turkmenistan, as well as the role of women in peace and security issues, and the work being done in our country in this filed.

They also noted the increasing role of women in political, economic and social life in our country, emphasizing their important role in public administration, education, healthcare, public and international relations.

The speakers at the conference noted the significant contribution of the United Nations Regional Center for Preventive Diplomacy for Central Asia, established in Ashgabat, to the development of cooperation on important contemporary issues. They emphasized that the joint work of Turkmenistan and this Center is aimed at achieving the main goals of promoting peace, stability and security in Central Asia.

In this regard, the conference exchanged views on the importance of women's work in strengthening friendly cooperation, fostering fraternal relations, peace and mutual confidence among the countries and nations of the region.