​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
01.12.2025

Türkmenistanyň Mejlisinde Kuweýt Döwletiniň Ilçisi Ynanç hatyny gowşurdy

2025-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Kuweýt Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Abdulaziz Ahmad Al-Adwaniden Ynanç hatyny kabul etdi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa Türkmenistan bilen Kuweýt Döwletiniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alyp barjak jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi. 

Diplomat  Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi we onuň ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy. 

Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-kuweýt hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ösüşiniň geljekki mümkinçilikleri boýunça pikir alyşmalar boldy. Şunda taraplar milli kanunçylygy we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmaga, iki döwletiň hyzmatdaşlyga bolan mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge giň mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda Kuweýt Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Abdulaziz Ahmad Al-Adwani sebitde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilen, ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna goldaw berýän Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny belledi. 