​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
11.12.2025

Türkmenistanyň Prezidentiniň San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Встреча Президента Туркменистана с Президентом Демократической Республики Сан-Томе и Принсипи

Meeting of the President of Turkmenistan with the President of the Democratic Republic of Sao-Tome and Principe

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karlos Manuel Wila Nowa bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz Prezident Karlos Manuel Wila Nowany mähirli mübärekläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara foruma gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edip, ýurdumyza sapar bilen gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti foruma gatnaşmaga çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, sebitde we dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagy ugrunda çykyş edýän Bitarap Türkmenistanda saparda bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy, şeýle hem pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň döwlet Baştutanynyň bu ýokary wekilçilikli foruma gatnaşmagynyň onuň Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny goldaýandygynyň we parahatçylyk ýörelgelerine berýän möhüm ähmiýetiniň görkezijisi bolup durýandygyny aýdyp, halkara forumyň ählumumy parahatçylygy, ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmakda, häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň çözgütlerini bilelikde işläp taýýarlamakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Prezident Karlos Manuel Wila Nowanyň ýurdumyza saparynyň netijeleriniň Türkmenistan bilen San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýy esasynda daşary ýurt döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar. Bu ugurda ýurdumyz Afrika döwletleri bilen gatnaşyklaryň geljeginiň uludygyny göz öňünde tutup, sebitiň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Prezident Karlos Manuel Wila Nowanyň şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşandygyny belläp, bu saparyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda möhüm ähmiýetli waka bolandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde dostlukly ýurduň döwlet Baştutanyny paýtagtymyz Aşgabat şäherinde kabul edýändigine kanagatlanma bildirip, şu gezekki saparyň üstünliklere beslenip, Türkmenistan bilen San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Netijeli häsiýetde geçen duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler iki ýurduň hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklap, birek-birege alyp barýan jogapkärli döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdiler.

Сегодня Президент Сердар Бердымухамедов встретился с Президентом Демократической Республики Сан-Томе и Принсипи Карлосом Мануэлем Вила-Нова, прибывшим в нашу страну для участия в торжествах, посвящённых Международному дню нейтралитета и 30-летию постоянного нейтралитета Туркменистана.

Тепло поприветствовав высокого гостя, глава государства поблагодарил его за нынешний визит в нашу страну и принятое приглашение к участию в Международном форуме по случаю Международного года мира и доверия, Международного дня нейтралитета и 30-летия постоянного нейтралитета страны.

Высказав слова признательности за приглашение к участию в Международном форуме и оказанное гостеприимство, Президент Сан-Томе и Принсипи отметил, что для него большая честь посетить нейтральный Туркменистан, который выступает за укреп­ление мира в регионе и на всей планете. Высокий гость, пользуясь возможностью, сердечно поздравил Президента Сердара Бердымухамедова с Международным днём нейтралитета и 30-летием постоянного нейтралитета Туркменистана.

Отметив, что участие в представительном Форуме высокого уровня является свидетельством поддержки политики нейтралитета Туркменистана и того важного значения, которое лидер дружественной страны придаёт принципам мира, глава государства подчеркнул, что Международный форум сыграет ключевую роль в укреплении глобального мира и культуры доверия, а также поиска совместных решений современных проблем. Президент Сердар Бердымухамедов выразил уверенность, что итоги визита Президента Карлоса Мануэля Вила-Нова в нашу страну придадут новый импульс расширению двусторонних отношений между Туркменистаном и Демократической Республикой Сан-Томе и Принсипи.

Как отмечалось, Туркменистан поддерживает дружественные отношения с зарубежными государствами, опираясь на правовой статус нейтралитета, трижды признанный Организацией Объединённых Наций. В данном контексте, учитывая значительные перспективы в развитии отношений с африканскими государствами, наша страна уделяет особое внимание сотрудничеству со странами региона. В этой связи глава государства констатировал наличие большого потенциала для взаимодействия Туркменистана с Демократической Республикой Сан-Томе и Принсипи в политико-дипломатической, торгово-экономической, культурно-гуманитарной и других сферах.

Напомнив, что Президент Карлос Мануэль Вила-Нова принял участие в Третьей Конференции Организации Объединённых Наций по развивающимся странам, не имеющим выхода к морю, состоявшейся в августе текущего года в Национальной туристической зоне «Аваза», глава Туркменистана подчеркнул, что этот визит стал важным событием в истории взаимоотношений между двумя государствами.

С удовлетворением отметив, что в дни празднования постоянного нейтралитета Отчизны в столице – Ашхабаде проходит встреча с главой дружественного государства, Президент Туркменистана выразил уверенность в успешности нынешнего визита, который будет способствовать дальнейшему укреплению отношений между Туркменистаном и Демократической Рес­публикой Сан-Томе и Принсипи.

В завершение встречи Президент Сердар Бердымухамедов и Президент Демократической Республики Сан-Томе и Принсипи Карлос Мануэль Вила-Нова подтвердили приверженность обеих стран расширению многостороннего сотрудничества, пожелав друг другу дальнейших успехов в государственной деятельности.

Today, President Serdar Berdimuhamedov met with Carlos Manuel Vila Nova, President of the Democratic Republic of Sao-Tome and Principe, who arrived in our country to participate in celebrations dedicated to International neutrality day and the 30th anniversary of permanent neutrality of Turkmenistan.

Having warmly welcomed the distinguished guest, the head of state thanked him for his current visit to our country and for accepting the invitation to participate in the International forum on the occasion of the International year of peace and trust, International neutrality day, and the 30th anniversary of permanent neutrality of the country.

Expressing gratitude for the invitation to participate in the International Forum and the hospitality extended, the President of Sao-Tome and Principe noted that it was a great honour for him to visit neutral Turkmenistan, which advocates for strengthening peace in the region and throughout the world. The distinguished guest took the opportunity to warmly congratulate President Serdar Berdimuhamedov on International neutrality day and the 30th anniversary of permanent neutrality of Turkmenistan.

Noting that participation in the high-level forum demonstrates support for policy of Turkmenistan of neutrality and the importance the leader of a friendly country attaches to the principles of peace, the head of state emphasised that the International forum will play a key role in strengthening global peace and a culture of trust, as well as finding joint solutions to contemporary problems. President Serdar Berdimuhamedov expressed confidence that the results of visit of President Carlos Manuel Vila Nova to our country will give new impetus to the expansion of bilateral relations between Turkmenistan and the Democratic Republic of Sao-Tome and Principe.

As noted, Turkmenistan maintains friendly relations with foreign states, relying on its legal status of neutrality, three times recognised by the United Nations. In this context, given the significant prospects for developing relations with African states, our country places particular emphasis on cooperation with countries in the region. In this regard, the head of state noted the significant potential for cooperation between Turkmenistan and the Democratic Republic of Sao-Tome and Principe in political, diplomatic, trade, economic, cultural, humanitarian, and other spheres.

Reminding that President Carlos Manuel Vila Nova attended the Third United Nations Organisation Conference on Landlocked Developing Countries, held in August of this year in the «Avaza» National tourist zone, the head of Turkmenistan emphasized that this visit was an important event in the history of relations between the two countries.

Noting with satisfaction that a meeting with the head of a friendly state is taking place in the capital, Ashgabat, during the celebration of the permanent neutrality of the Fatherland, the President of Turkmenistan expressed confidence in the success of the current visit, which will contribute to the further strengthening of relations between Turkmenistan and the Democratic Republic of Sao-Tome and Principe.

At the conclusion of the meeting, President Serdar Berdimuhamedov and President of the Democratic Republic of Sao Tome and Principe Carlos Manuel Vila Nova reaffirmed commitment of both countries to expanding multilateral cooperation and wished each other continued success in their government endeavours.