​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
30.03.2026

Türkmenistanyň we Mongoliýanyň parlamentlerinde döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň wideoaragatnaşyk arkaly ilkinji duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Mejlisinde we Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň göni wideoaragatnaşyk arkaly ilkinji duşuşygy geçirildi. 

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň barşynda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde dostlukly gatnaşyklaryň dürli ugurlar, şol sanda parlamentara gatnaşyklary boýunça ösdürilýändigi aýratyn bellenildi. 

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, deňhukuklylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary, milli Parlamentiň düzümi hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy. 

Duşuşykda parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen, parlamentara dostluk toparlarynyň kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmagyň mümkinçilikleri aýratyn bellenildi. Şunuň bilen birlikde, ugurdaş komitetleriň, ýaş we zenan parlamentarileriň, telekeçileriň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň, parlamentler derejesinde geçirilýän duşuşyklaryň, maslahatlaryň döwletara gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamakda, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti barada pikir alşyldy. 

Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) başlyklyk etmeginiň çäklerinde zenanlaryň dialogynyň, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisiniň, demografiýa meseleleri boýunça geçiriljek çäreleriň ähmiýeti barada hem belläp geçdi.