​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
31.03.2026

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Beata Anna Peksanyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly: häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny» atly maslahatda eden çykyşy:

Ilçi Ýewropa Bileleşiginiň nukdaýnazaryndan zenanlaryň häzirki zaman jemgyýetindäki orny barada çykyş etmegiň özi üçin uly mertebedigini belledi. Tebigy biologik tapawutlara garamazdan, zenanlaryň hem-de erkekleriň ykdysady, syýasy, medeni we durmuş ulgamlaryna doly gatnaşmak üçin birmeňzeş mümkinçiliklerden peýdalanmagyny üpjün etmegiň ähmiýeti barada aýtdy. Jemgyýetleriň bu ýörelgä eýerip, ähli raýatlaryň doly mümkinçiliklerini açýandyklary we munuň bolsa umumy bähbit üçin innowasiýalary hem-de durnukly ösüşi üpjün edýändigi barada durup geçdi. BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary (DÖM), aýratyn-da, gender deňligine ýetmek we ähli zenanlaryň hem-de gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek baradaky 5-nji maksady kabul edilende, şu ýörelgelere ygrarlylygyň hemmeler tarapyndan tassyklanylandygyny belledi.

2026-njy ýylda Ýewropa Komissiýasynyň 2026–2030-njy ýyllar üçin täze Gender deňligi strategiýasyny kabul edendigi we onuň gender deňligini durmuşyň ähli ugurlaryna, şol sanda bilime, işe ýerleşmäge, saglygy goraýşa we jemgyýetçilik durmuşyna doly ornaşdyrýandygyny aýtdy. Gender deňliginiň diňe bir zenanlaryň meselesi bolman, eýsem, ösüşi, şeýle hem howpsuzlygy we parahatçylygy kepillendirýän jemgyýetçilik zerurlygydygyny belledi. 