​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
31.03.2026

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy O.Berdiliýewanyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly: häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny» atly maslahatda eden çykyşy:

Выступление Председателя Национального центра профсоюзов Туркменистана, Председателя Центрального Совета Союза женщин Туркменистана О.Бердилиевой на конференции «Независимый нейтральный Туркменистан – Родина целеустремлённых крылатых скакунов»: роль женщин в современном обществе»:

Speech by O.Berdiliyeva, Chairperson of the National Center of Trade Unions of Turkmenistan, Chairperson of the Central Council of the Women's Union of Turkmenistan, at the conference «Independent Neutral Turkmenistan – the homeland of purposeful winged horses»: the role of women in modern society»:

 

O.Berdiliýewa öz çykyşynda köp asyrlyk däp-dessurlary gorap saklamakda, sagdyn we ruhy taýdan ösen ýaş nesli terbiýelemekde zenanlara möhüm ornuň degişlidigini nygtap, zenanlaryň hemişe halkymyzyň buýsanjy, abraýy we mertebesi hasaplanýandygyny, ýurdumyzda olara asylly maşgala däplerini saklaýjy ynsan hökmünde çuňňur hormat-sarpa goýulýandygyny belledi. 

Häzirki wagtda türkmen zenanlary döwlet edaralarynda, ykdysadyýetde, ylymda, bilimde, medeniýetde, saglygy goraýyşda we telekeçilikde öndürijilikli zähmet çekýärler we ýurduň ösüşine, döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge uly goşant goşýarlar. 

Türkmenistanda erkekleriň we zenanlaryň deň hukuklary we azatlyklary kanun bilen kepillendirilýär. Ýurdumyz parahatçylyk, durnuklylyk we oňyn ösüş bilen baglanyşykly meseleler boýunça çözgütleri kabul etmek işinde zenanlara giň mümkinçilikleriň berilmegini goldaýar.  Zenan ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilýän halkara forumlar we duşuşyklar hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we tejribe alyşmaga ýardam edýär. 

Geçen ýylda Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda, Hazar deňziniň türkmen kenarynda Türkmenistanyň Hökümeti, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy we BMG tarapyndan guralan forum häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň ornuna we durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine bagyşlandy. 

Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby ene mukaddesligini maşgala gymmatlyklaryny wasp edýär. Türkmen zenanlarynyň durmuş mysaly ruhy däp-dessurlary gorap saklamak we milli sungaty ösdürmek üçin nusga bolup hyzmat edýär. Zenanlar ruhy we ahlak gymmatlyklary, medeni mirasy we milli sungaty gorap saklamakda, olary geljekki nesillere geçirmekde möhüm orun eýeleýärler. Döwletimizde döredilýän mümkinçilikler olaryň öz-özüni kämilleşdirmegi, hünär taýdan ösmegi we mynasyp durmuşda ýaşamagy üçin şertleri döredýär.

 

В своём выступлении О. Бердилиева подчеркнула важную роль женщин в сохранении многовековых традиций и воспитании здорового и духовно развитого молодого поколения, отметив, что женщины всегда считались гордостью, честью и достоинством народа, и что в нашей стране их глубоко уважают за сохранение благородных семейных традиций.

Сегодня туркменские женщины продуктивно работают в государственных учреждениях, в таких в сферах  как экономика, наука, образование, культура, здравоохранение и бизнес, внося большой вклад в развитие страны и реализацию государственных программ.

В Туркменистане законом гарантированы равные права и свободы мужчин и женщин. Наша страна поддерживает предоставление женщинам широких возможностей в принятии решений по вопросам, связанным с миром, стабильностью и позитивным развитием. Международные форумы и встречи с участием женщин-лидеров способствуют укреплению сотрудничества и обмену опытом.

В прошлом году, накануне Международного дня нейтралитета, на туркменском побережье Каспийского моря состоялся форум, организованный Правительством Туркменистана, Благотворительным фондом по оказанию помощи нуждающимся в опеке детям имени Гурбангулы Бердымухамедова и Организацией Объединённых Наций. Он был посвящён роли женщин в современном обществе и развитию сотрудничества в достижении Целей устойчивого развития.

Книга нашей Героя-Аркадага «Преклонение матери — преклонение  святыне» прославляет образ матерей и семейные ценности. Жизненный пример туркменских женщин служит образцом сохранения духовных традиций и развития национального искусства. Женщины играют важную роль в сохранении духовно-нравственных ценностей, культурного наследия и национального искусства, передавая их будущим поколениям. Государственная поддержка создаёт условия для их самосовершенствования, профессионального развития и достойной жизни.

 

In her speech, O. Berdiliyeva emphasized the important role women play in preserving centuries-old traditions and raising a healthy and spiritually developed younger generation, noting that women have always been considered the pride, honor, and dignity of our people, and that they are deeply respected in our country as people who uphold noble family traditions.

Today, Turkmen women work productively in government agencies, the economy, science, education, culture, healthcare, and business, making a significant contribution to the country's development and the implementation of state programs.

In Turkmenistan, equal rights and freedoms of men and women are guaranteed by law. Our country supports the provision of wide opportunities for women in decision-making on issues related to peace, stability and positive development. International forums and meetings with the participation of women leaders contribute to strengthening cooperation and exchanging experiences. They become an important platform for promoting initiatives in the fields of development, education, healthcare and humanitarian cooperation.

Last year, on the eve of International Neutrality Day, a forum organized by the Government of Turkmenistan, Charitable Foundation named after Gurbanguly Berdimuhamedov for Assistance to Children in Need of Guardianship, and the UN on the Turkmen coast of the Caspian Sea was dedicated to the role of women in modern society and the development of cooperation to achieve the Sustainable Development Goals.

The book of our Hero Arkadag «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» glorifies the image of mothers and family values. The life example of Turkmen women serves as a model for preserving spiritual traditions and developing national art. Women play an important role in preserving spiritual and moral values, cultural heritage and national art, passing them on to future generations. State support creates conditions for their self-improvement, professional development and a dignified life.