​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
16.04.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasynyň çäginde geçirilen Ýaşlar forumyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasynyň çäginde geçirilen Ýaşlar forumyna gatnaşdy.

Milli parlamentiň wekili öz çykyşynda ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaş nesillerimize döwlet derejesinde döredilýän giň mümkinçilikler, ýaşlaryň kanunçykaryjylyk işine işjeň gatnaşmagy üçin berilýän goldawlar barada nygtady. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň ýaş parlamentariler topary, ýaşlar guramasy tarapyndan durmuşa geçirilýän işler we 2025-nji ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara parlament we ýaşlar forumlarynda öňe sürlen başlangyçlaryň möhüm ähmiýeti bellenildi. 

Forumyň barşynda Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar barada döwlet syýasaty, ýaş nesilleriň arasynda geçirilýän dialog hem-de milli parlament wekilleriniň aglabasynyň ýaşlardan ybarat bolup, olaryň kanunçykaryjylyk işine işjeň gatnaşýandyklary üçin Parlamentara Bileleşigi tarapyndan ýokary baha berildi. Çykyşlarda ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamakda halkara guramalaryň möhüm orny bellenildi. Şunda ýaşlaryň başlangyçlaryny maliýeleşdirmek bilen birlikde, durnukly ösüş üçin şertleri döretmegiň, şol sanda bilim maksatnamalaryna we tehnologiýalara elýeterliligi üpjün etmegiň möhümdigi nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, daşky gurşawy goramak, ählumumy howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly ugurlarda ýaşlaryň eýeleýän orny barada pikir alşyldy.