​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
13.05.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherine iş sapary başlandy

Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy we «BMG–zenanlar» düzümi bilen bilelikde guramagynda geçirilýän Zenanlaryň ikinji Aziýa forumyna hem-de onuň çäginde guralýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň zenanlarynyň Dialogyna gatnaşmak maksady bilen, 2026-njy ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherine iş sapary başlandy. 

Iş saparyň ilkinji gününde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Buhara şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň zenanlaryň Dialogynyň «Ylymda zenanlaryň ýolbaşçylygy: häzirki zaman meseleleri, innowasion çözgütler we ylmy hyzmatdaşlyk» atly alym zenanlaryň forumyna gatnaşdy. 

Onda çykyş edenler Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň zenan ýolbaşçylarynyň Dialogynyň zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmekde möhüm halkara meýdança bolup durýandygyny bellediler. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa gün tertibiniň meselesi boýunça çykyş edip, ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy we beýleki halkara guramalar bilen bilelikde zenanlaryň maglumat tehnologiýalaryna bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga gönükdirilen maksatnamalar, olaryň sanly sowatlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen okuw taslamalarynyň ähmiýetini belledi. Ýurdumyzda bu ugra degişli kanunçylyk binýady yzygiderli kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada durup geçdi.

Şeýle hem sanly ykdysadyýet arkaly Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň dünýä bazaryna goşulyşmagyny we döwrebap bilimlere eýe bolmagyny gazanmak, zenanlaryň döwlet dolandyryşynda we sanly ykdysadyýetde ornuny berkitmek boýunça işleri kämilleşdirmekde tagallalary birleşdirmekde bu Dialogyň açyk meýdança bolup durýandygy bellenildi.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda alym zenanlaryň biotehnologiýa, ekologiýa, innowasion tehnologiýalar ýaly ugurlar boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işleri we bu çygyrdaky kanunçylyk hukuk binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy, şeýle hem ýaşlary ylma höweslendirmek, olaryň inženerçilik başlangyçlaryny goldamak babatda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işleriň ähmiýeti barada nygtaldy.

Milli Parlamentiň Başlygy Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda durnukly ösüşi üpjün etmekde oňyn tejribeleri paýlaşmaga we öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilen Halkara zenanlar dialogyny, demografiýa bilen baglanyşykly halkara maslahaty, şeýle-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisiniň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny nygtap, Zenanlaryň Dialogynyň mejlisine gatnaşyjylary bu halkara we parlamentara çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.