​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
04.09.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen sebitleýin maslahata gatnaşdy

Представитель Меджлиса Туркменистана принял участие в региональной конференции, проведённой в столице Малайзии городе Куала-Лумпур

Representative of the Mejlis of Turkmenistan participated in the regional conference held in the city of Kuala Lumpur, Malaysia

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili 2026-njy ýylyň 3-4-nji sentýabrynda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen «Geljek üçin parlament liderligi: ykdysadyýete we demografik durnuklylyga tutuş jemgyýetiň çemeleşmesi» atly sebitleýin maslahata gatnaşdy.

Maslahatyň esasy maksady parlamentarizmi we açyklygy berkitmek, milli kanunçylyk ulgamynda özara tejribe we öňdebaryjy bilimleri alyşmak, ýaşlaryň syýasy we raýatlyk işjeňligini ýokarlandyrmak, olary döwlet dolandyryşyna                hem-de Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça işlere giňden çekmek, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, tiz aragatnaşygy üpjün etmek, demografik durnuklylygy pugtalandyrmak, gender deňligini üpjün etmek, zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek ýaly ugurlarda parlamentara hyzmatdaşlygy berkitmekden we bilelikdäki çemeleşmeleri ilerletmekden ybarat boldy.

Maslahatda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili çykyş edip, ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň, ilkinji nobatda, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň, ilatyň abadançylygynyň üpjün edilmegine, maşgalalaryň we ýaşlaryň goldanylmagyna, gender deňliginiň üpjün edilmegine, demografik ösüşiň gazanylmagyna gönükdirilýändigini belledi. Şeýle hem ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryny ösdürmek, täze iş orunlaryny döretmek, raýatlaryň durmuş goraglylygyny pugtalandyrmak, milli ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak we daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda ýaş maşgalalary goldamak, ýaşlara ýokary hilli bilim bermek, hünär öwretmek we iş bilen üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada aýdyldy.

Sebitleýin maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bu çäräniň Birleşen Milletler Guramasynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmek, demografik we durnukly ösüş proseslerini ösdürmek, ilatyň abadan we parahat durmuşyny üpjün etmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy mundan                    beýläk-de kämilleşdirmekde, her bir ýurduň bu ugurdaky oňyn başlangyçlary hem-de iş usullary babatda özara tejribe alyşmakda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde tagallalaryň netijeliligini ýokarlandyrmakda täze mümkinçilikleri açandygyny bellediler. 

 

3-4 сентября 2026 года представитель Меджлиса Туркменистана принял участие в региональной конференции «Парламентское лидерство во имя будущего: подход всего общества к экономике и демографической стабильности», проведённой в городе Куала-Лумпур Малайзии.

Основной целью конференции было укрепление межпарламентского сотрудничества и продвижение совместных подходов в таких направлениях, как укрепление парламентаризма и прозрачности, обмен взаимным опытом и передовыми знаниями в национальной законодательной системе, повышение политической и гражданской активности молодёжи, их широкое привлечение к государственному управлению и деятельности по реализации Целей устойчивого развития,  расширение международного сотрудничества, обеспечение оперативной связи с использованием возможностей цифровых технологий, укрепление демографической стабильности, обеспечение гендерного равенства, расширение прав и возможностей женщин.

Выступив на конференции, представитель Меджлиса Туркменистана отметил, что государственная политика, проводимая в нашей стране, направляется, в первую очередь, на обеспечение прав и свобод человека, благополучия населения, поддержку семей и молодёжи, обеспечение гендерного равенства, достижение демографического развития. А также подчеркнул значение проводимой деятельности по повышению жилищно-бытового уровня жизни населения, развитию систем образования, здравоохранения, цифровизации национальной экономики и охране окружающей среды.  Вместе с этим, было сказано о деятельности, реализуемой по поддержке молодых семей, предоставлению молодёжи образования высокого качества, профессиональному обучению и обеспечению занятости молодёжи, в соответствии с Законом Туркменистана «О государственной молодёжной политике».

В завершение региональной конференции её участники отметили, что данное мероприятие открыло новые возможности в повышении плодотворности усилий в дальнейшем совершенствовании международного сотрудничества по реализации Повестки дня Организации Объединённых Наций на период до 2030 года, развитию процессов демографического и устойчивого развития, обеспечению благополучной и мирной жизни населения, во взаимном обмене опытом каждой страны в области позитивных инициатив и методов работы в этом направлениии, достижении Целей устойчивого развития.

On September 3-4, 2026, representative of the Mejlis of Turkmenistan participated in the regional conference «Parliamentary Leadership for the Future: An All-of-Society Approach to the Economic and Demographic Resilience» held in the city of Kuala Lumpur, Malaysia.

The main goals of the conference were to strengthen parliamentarism and transparency, exchange mutual experience and best practices in the national legislative system, increase the political and civic engagement of youth, involve them more deeply in public administration and activities to implement the Sustainable Development Goals, expand international cooperation, use the opportunities of digital technologies to ensure high-speed communication, strengthen demographic stability, ensure gender equality and expand women’s rights and opportunities.

Representative of the Mejlis of Turkmenistan in his speech noted that the state policy carried out in our country is aimed, first of all, at ensuring human rights and freedoms, the welfare of the population, supporting families and youth, ensuring gender equality and achieving demographic progress. The representative also emphasized the importance of the measures aimed at improving living standards of the population, developing education and health care systems, creating new jobs, strengthening social protection of citizens, digitalizing the national economy and protecting the environment. At the same time, the activities carried out in our country to support young families, provide high-quality education, vocational training and employment for youth in accordance with the Law of Turkmenistan «On State Youth Policy» were noted. 

At the conclusion of the regional conference, its participants noted that this event opened up new opportunities for further improving international cooperation in implementing the United Nations 2030 Agenda for Sustainable Development, promoting demographic and sustainable development processes, ensuring a prosperous and peaceful life for the population, exchanging experiences on the positive initiatives and working methods of each country in this area and increasing the effectiveness of efforts to achieve the Sustainable Development Goals.