«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly Halkara zenanlar dialogynyň açylyş dabarasy we plenar mejlisi geçirildi

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaTürkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň alyp barmagynda sebit we dünýä derejesinde uly ähmiýete eýe bolan «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly Halkara zenanlar dialogynyň açylyş dabarasy we plenar mejlisi geçirildi.
Bu halkara dialogyň geçirilmeginiň esasy maksady – sebitde we ählumumy derejede parahatçylygy, ynanyşmagy, durnukly ösüşi üpjün etmekde, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda, şeýle hem gender deňligini gazanmakda zenanlaryň ornuny berkitmekden we mümkinçiliklerini has-da giňeltmekden ybarat.
Plenar mejlisiň dowamynda parahatçylygy berkitmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde hem-de jemgyýetçilik durmuşynda zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekili Sýaozýun Greýs Wanyň, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary – Zenanlar we maşgala işleri baradaky Döwlet Komitetiniň başlygy Dilnozahon Kattahanowanyň, Gazagystan Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministri Akmaral Alnazarowanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşygy ministri Farzane Sadeg Malwajerdiň, Belarus Respublikasynyň Milli mejlisiniň Respublika Geňeşiniň bilim, ylym, medeniýet we sosial ösüşi boýunça Hemişelik toparynyň başlygy Nataliýa Pawlýuçenkonyň, Türkiýe Respublikasynyň Maşgala işleri we durmuş hyzmatlary ministriniň orunbasary Sewim Saýim Madakyň, Gyrgyz Respublikasynyň Zenanlaryň kongresiniň prezidenti Zamira Akbagyşewanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň agzasy Tanzila Rustamhanliniň, Täjigistan Respublikasynyň Işewür zenanlarynyň Milli Assosiasiýasynyň esaslandyryjysy we dolandyryjy geňeşiniň başlygy Gulbahor Mahkamowanyň çykyşlary diňlenildi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa öz çykyşynda häzirki wagtda zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän ornunyň barha artmagynyň dünýäde durmuş ösüşiniň esasy meýilleriniň biri bolup durýandygyny belledi.
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň taýsyz tagallalary we parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde, Türkmenistan ählumumy derejede zenanlaryň jemgyýetdäki, döwlet dolandyryşyndaky we halkara diplomatiýadaky ornuny berkitmekde döwrebap işleri durmuşa geçirýär.
Türkmenistanyň milli hukuk ulgamy erkekleriň we zenanlaryň deň hukuklaryny üpjün edýän kepillikleri özünde jemleýär. Ýurdumyzyň Esasy Kanuny, jynsyna garamazdan, ähli raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň deňdigini ykrar edýär. «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny durmuşyň ähli ulgamlarynda gender deňligini üpjün etmek üçin esas goýujy gurala öwrüldi.
Ýurdumyzda gender deňligini üpjün etmek, zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen, «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Türkmenistan esasy halkara mehanizmlere, şol sanda Zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini aradan aýyrmak baradaky Konwensiýa gatnaşýar. BMG – Zenanlar we BMG-niň Ilat gaznasy ýaly düzümler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk maksatlaýyn meýilnamalary durmuşa geçirmäge ýardam berýär. Şeýle hem ýurdumyz durnukly ösüşiň we parahatçylygy pugtalandyrmagyň şerti hökmünde gender deňligini üpjün etmegiň möhümdiginden ugur alyp, halkara başlangyçlar bilen çykyş edýär, zenanlaryň ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen sebit maksatnamalaryna işjeň gatnaşýar.
Abraýly halkara guramalar bilen bilelikde guralýan okuw maslahatlary we tejribe alyşmalar bu ugurda toplanan tejribäni baýlaşdyrmaga mümkinçilikleri artdyrýar. Bu çäreler döwlet edaralarynyň, raýat jemgyýetiniň we ýerli häkimiýetleriň wekilleriniň gender seljermesi, inklýuziw dolandyryş hem-de zenanlaryň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmak baradaky başarnyklaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny ýokarlandyrmaga, olaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge aýratyn üns berilýär. Döwletimiziň bu babatda alyp barýan syýasaty zenanlaryň ýokary durmuş, ykdysady we zähmet işjeňligini şertlendirýär. Şonuň üçin hem türkmenistanly zenanlar bu gün özleriniň ukyp-başarnyklaryna we hünär taýdan taýýarlygyna laýyklykda, döwlet häkimiýetiniň kanunçykaryjy, ýerine ýetiriji, kazyýet şahalarynda, şeýle hem ýurduň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna giň wekilçilik etmek bilen, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine mynasyp goşant goşýarlar.
Türkmenistan sebitde durnuklylygyň, parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmeginde yzygiderli başlangyçlar bilen çykyş edýär. BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Kararnamasynyň esasy ýörelgelerine laýyklykda, «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» meýilnamasyny amala aşyrmakda sebit derejesindäki dialog platformalarynyň netijeli işlemegine, aýratyn-da, Merkezi Aziýanyň zenanlar dialogynyň möhüm diplomatik gurala öwrülmegine mynasyp goşant goşýar. Bu format sebit döwletleriniň arasynda özara ynanyşmagy, parahatçylykly ösüşi we inklýuziw dolandyryşy berkitmekde zenanlaryň diplomatik mümkinçiliklerini utgaşdyrmaga hyzmat edýär.
«Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly Halkara zenanlar dialogynyň geçirilmegi döwletiň durmuşynda zenanlaryň ornuny pugtalandyrmak boýunça tejribe alyşmak, enelik we çagalyk babatda strategiýalary netijeli ilerletmek, zenanlaryň we çagalaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini üpjün etmek, olaryň maddy we durmuş abadançylygynyň, saglygynyň, intellektual ösüşiniň hem-de döredijilik mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegini kepillendirmek, döwrüň çagyryşlaryny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze meýdança bolup durýandygy bilen şertlendirilýär.
Bu ugurlarda täze oňyn netijeleriň gazanylmagy üçin, dünýä döwletleriniň tagallalarynyň we mümkinçilikleriniň utgaşdyrylmagyna möhüm orun degişlidir. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Halkara zenanlar dialogy hem sebitde we bütin dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmekde, parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmekde zenanlaryň eýeleýän ornunyň barha artýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.
Halkara zenanlar dialogynyň umumy mejlisinde çykyş edenler parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň ornuny, zenanlar diplomatiýasynyň häzirki zaman dünýäsindäki netijeliligini belläp geçdiler. Şeýle hem sebitde we dünýäde zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmäge, parahatçylygy üpjün etmekde olaryň ornuny berkitmäge gönükdirilen tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.
Umumy mejlise gatnaşyjylar zenanlaryň jemgyýetdäki we halkara giňişlikdäki ornuna aýratyn ähmiýet berýändikleri, forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine döredilen giň mümkinçilikler üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine çuňňur hoşallyk bildirip, köp sagbolsunlar aýtdylar.