2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmegiň we ählumumy durnukly ösüşiň wajyp meselelerine bagyşlanan «Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we durnukly ösüş maksatlary» atly ikinji halkara maslahatyň plenar açylyş dabarasy we mejlisi geçirildi.
Bu halkara çäräniň esasy maksady – sebit we ählumumy derejede saglygy goraýyş ulgamlaryny kämilleşdirmek, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde utgaşykly hereketleri amala aşyrmak, lukmançylyk ylmynyň hem-de tejribesiniň iň täze gazananlaryny ornaşdyrmak boýunça netijeli tejribe alyşmak meýdançasyny döretmekden ybarat.
Maslahatyň plenar mejlisinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Myratberdi Gaýypow giriş sözi bilen çykyş etdi we ony alyp bardy. Bu ugurda sebit we halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Korinn Kapuano, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretarynyň orunbasary Denis Trefilow, Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň «NMRM» radiologiýa merkeziniň Baş direktory, Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi Andreý Kaprin, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Saglygy goraýyş baradaky komitetiniň agzasy Ahliman Amiraslanow, Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň kanunçylyk we döwlet gurluşy baradaky hemişelik komissiýasynyň agzasy Lýudmila Sapego, Gazagystanyň Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministri Akmaral Alnazarowa, Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Durmuş meseleleri, saglygy goraýyş, ylym, bilim, medeniýet, ýaşlar we zenanlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary Nuriddin Muhiddin, Özbegistan Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministri Eldor Adilow hem-de Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň sebitleýin edarasynyň ýolbaşçysy Miloşewiç Bilýana çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa öz çykyşynda häzirki wagtda Türkmenistanda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda adam we onuň saglygy hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny aýratyn belledi. Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr diýen konstitusion kadadan ugur alnyp, ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny dünýä derejesinde ösdürmekde netijeli işler amala aşyrylýar.
Döwletimizde ählumumy saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli berkitmek we Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda giň gerimli, uzak möhletleýin maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn we kanunçylyk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär.
Türkmenistanyň ähli künjeklerinde döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen saglyk öýleri, bejeriş-öňüni alyş edaralary, Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralary, şypahanalar, derman kärhanalary, döwrebap dynç alyş-sagaldyş, sport we syýahatçylyk desgalary yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär.
Saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny ösdürmekde halkara gatnaşyklara uly orun berilýär. Bu ugurda gazanylan Ylalaşyklaryň, Ähtnamalaryň esasynda dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk merkezleri, abraýly ýokary okuw mekdepleri, tanymal alym lukmanlary bilen netijeli hyzmatdaşlyklar alnyp barylýar.
Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlaryny kämilleşdirmekde we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýurdumyzda parlament derejesinde hem yzygiderli işler alnyp barylýar. Milli maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmek üçin zerur bolan hukuk esaslary döredilýär. Saglygy goraýyş ulgamynyň kanunçylyk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmek, eneligi we çagalygy goramak milli parlamentiň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.
Ýurdumyzda adamlaryň saglygyny goramagyň, ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa howpsyzlygyny üpjün etmegiň kadalaryny we derman üpjünçiliginiň hukuk esaslaryny kesgitleýän hem-de bu ugurdaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän kanunçylyk namalary hereket edýär.
Saglygy goraýyş pudagyny doly sanlylaşdyrmak, telelukmançylygyny we emeli aňy ornaşdyrmak üçin kadalaşdyryjy hukuk binýadyny üpjün etmek, şeýle hem şypahana hem-de öňüni alyş lukmançylygyň mümkinçiliklerini ählumumy gurşawa tapgyrlaýyn goşmagy kanunçylyk taýdan berkitmek hem döwrebap wezipeleriň hatarynda durýar.
Parlament derejesinde alnyp barylýan şeýle işler BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna, aýratyn-da, «Sagdyn durmuş we abadançylyk» maksadyna ýetmekde meýilnamalaýyn wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin mümkinçilikleri artdyrýar.
Saglygy goraýyş diplomatiýasynyň üsti bilen parahatçylygy, dostlugy we özara düşünişmegi wagyz edýän Türkmenistan döwletimiz bütin adamzat üçin sagdyn we howpsuz geljegi gurmaga özüniň mynasyp goşandyny goşýar.
Türkmenistan bu ugurda Birleşen Milletler Guramasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy hem-de BMG-niň Çagalar gaznasy ýaly halkara düzümler bilen bilelikdäki maksatnamalary we taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär.
«Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň» baş maksady ýurdumyzda lukmançylyk ylmyny düýpli ösdürmekden, saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy täze belentliklere götermekden we bu ugurdaky ählumumy tagallalary utgaşdyrmakdan ybaratdyr.
Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan ynsanperwerlik, sahawatlylyk we rehimdarlyk däpleri şu günki gün döwlet derejesinde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Bu ugurda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň milli we halkara derejede alyp barýan asylly işleri aýratyn buýsanç döredýär. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzyň dürli künjeklerinde çagalara çylşyrymly lukmançylyk amallary we degişli bejergiler tölegsiz esasda amala aşyrylýar. Şeýle hem çagalar hassahanalaryna döwrebap lukmançylyk enjamlary we ýokary tehnologiýaly tiz kömek ulaglary yzygiderli sowgat berilýär. Durmuşa geçirilýän bu ynsanperwerlik missiýasy diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara giňişlige hem işjeň ýetirilýär. Gazna dünýäniň dürli künjeklerinde tebigy we ykdysady kynçylyklardan ejir çeken çagalara yzygiderli kömek berip gelýär. Guralýan bu asylly çäreler Türkmenistanyň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we belent ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistan özüniň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde we yglan edilen «Saglygy goraýyş ýylynda» bu ugurdaky sebitara hyzmatdaşlygy täze wezipeler we anyk taslamalar bilen baýlaşdyrmagy goldaýar.
Çykyş edenler saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmegiň, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň we halkara hyzmatdaşlygy berkitmegiň wajyp meselelerine ünsi çekdiler, şeýle hem häzirki zaman lukmançylygynyň hukuk esaslaryny döwrebaplaşdyrmakda öňde durýan wezipeler babatda pikir-garaýyşlaryny beýan etdiler. Şeýle hem bu ugurda Türkmenistanyň öňe sürýän oňyn halkara başlangyçlaryna, durmuşa geçirýän giň gerimli işlerine ýokary baha berdiler.
Maslahata gatnaşyjylar sebit we ählumumy ähmiýetli halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyny arzuw etdiler hem-de bu halkara maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine döredilen giň mümkinçilikler üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine çuňňur hoşallyk bildirip, köp sagbolsunlar aýtdylar