Kostewiç Irina Anatolýewnanyň – Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Wekiller palatasynyň Zähmet we durmuş meseleleri boýunça hemişelik komitetiniň başlygynyň «Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi» atly halkara maslahatdaky çykyşy:

– Demografiýa barada gürrüň edenimizde, adatça, dogluş, ölüm we ilatyň sany göz öňüne gelýär. Ýöne häzirki wagtda demografiýa munuň bilen çäklenmeýär. Ol adamyň saglygyny, maşgalany, bilimi, zähmet bilen üpjünçiligi, pensiýa üpjünçiligini, durmuş goragyny we ýaşaýşyň hilini hem öz içine alýar. Şonuň üçin Belarus demografik syýasata durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi hökmünde garaýar.
Belarus maşgalany we zähmet bilen meşgullanmagy utgaşdyrmak üçin hem şertleri kem-kemden ösdürýär: doly däl iş wagty, zähmetiň çeýe görnüşleri, uzak aralykdan işlemek, şeýle hem ene-atalar üçin durmuş-zähmet kepillikleri göz öňünde tutulýar.
Durmuş syýasaty bilen zähmet bazarynyň arasyndaky baglanyşygyň has aýdyň görünýän ugruna aýratyn ünsi çekmek isleýärin. Belarus zähmet bazarynda bäsleşmäge mümkinçiligi az bolan raýatlaryň zähmet bilen üpjünçiligine ýardam bermek üçin goşmaça kepillikler ulgamyndan peýdalanýar. Bu topara, hususan-da, maýyplygy bolan adamlar, köp çagaly we doly däl maşgalalaryň çagalary, şol sanda maýyplygy bolan çagalary terbiýeleýän ene-atalar, ilkinji gezek iş gözleýän ýaşlar girýär. Munuň üçin iş orunlaryny bronlamak we kwotalamak mehanizmleri giňden ulanylýar. Maýyplyk adamyň ykdysady durmuşa gatnaşmakdan çetleşdirilmegini aňlatmaly däldir. Şonuň üçin mesele diňe pensiýalar we kömek pullary bilen çäklenmän, eýsem, iş orunlarynyň niýetlenilmegini, hünär taýdan dikeldişi, okuwy we hakyky zähmet çekmek mümkinçiligini hem öz içine alýar. Bu işleriň netijesinde, zähmet çekmäge degişli görkezmeleri bolan maýyplygy bolan adamlaryň 60 göterime golaýy zähmet çekmegini dowam etdirýär.
Belarusyň demografik syýasaty — adamyň durmuşynyň dürli tapgyrlarynda oňa goldaw berýän ulgamdyr: maşgala we çaganyň dünýä inmegi — saglyk — bilim — zähmet — durmuşda kyn ýagdaýlara düşülende goldaw — mynasyp garrylyk.
Hut şeýle çemeleşme durnukly ösüşiň logikasyna laýyk gelýär: aýry-aýry görkezijileri diňe bir ýokarlandyrmak däl-de, eýsem, adamyň doly derejeli durmuşda ýaşamagy üçin şertleri döretmek.