Tau Nurgulyň – Gazagystan Respublikasynyň Kurultaýynyň Halkara gatnaşyklar, goranmak we howpsuzlyk baradaky komitetiniň agzasynyň «Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi» atly halkara maslahatdaky çykyşy:

– Ilki bilen, döwrümiziň möhüm meseleleriniň birine bagyşlanan bu maslahaty ýokary derejede gurandygy we myhmansöýerligi üçin türkmen tarapyna minnetdarlygymy bildirmek isleýärin.
Häzirki wagtda demografik prosesler diňe bir ilatyň sanyny kesgitlemeýär. Olar zähmet bazaryna, saglygy goraýşa, bilime, durmuş goragyna, şäherleriň we sebitleriň ösüşine gönüden-göni täsir edýär we döwletlerimiziň durnuklylygyny hem kesgitleýär. GDA-nyň we Merkezi Aziýanyň ýurtlarynda demografik üýtgeşmeler dürli depginlerde bolup geçýär. Käbir jemgyýetlerde dogluş derejesi ýokary bolmagynda galýar we ýaşlaryň paýy köp, beýlekiler bolsa eýýäm ilatyň garramagy we zähmet güýjüniň azalmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Şol bir wagtyň özünde şäherleşme we migrasiýa hereketliligi artýar, maşgala we zähmet gatnaşyklarynyň görnüşleri üýtgeýär. Şonuň üçin bu ýerde ähli ýurtlar üçin birmeňzeş çözgütler bolup bilmez. Şol bir wagtyň özünde bize umumy çemeleşme zerur: demografik syýasat uzak möhletleýin bolmaly, ygtybarly maglumatlara esaslanmaly we ilkinji nobatda adamyň durmuşynyň hiline gönükdirilmelidir.
2026-njy ýylyň 1-nji awgusty ýagdaýyna görä, Gazagystanyň ilatynyň sany 20 million 605 müň adama ýetdi. Raýatlaryň 64 göterimden gowragy şäherlerde ýaşaýar. Şu ýylyň ilkinji ýedi aýynda 176,4 müň çaga dünýä indi we ilatyň tebigy ösüşi dowam edýär. Jemi dogluş koeffisiýenti bir aýala takmynan 2,9 çaga deňdir. Şol bir wagtyň özünde demografik ösüş täze kynçylyklary hem ýüze çykarýar. Ömrüň garaşylýan dowamlylygy 76 ýyla golaýlady, bu möhüm durmuş gazananlarynyň biridir. Şol bir wagtyň özünde 65 ýaşdan uly raýatlaryň paýy 8,7 göterimden geçdi. Bu işjeň uzak ýaşamak ulgamyny, öňüni alyş lukmançylygyny, uzak möhletleýin idegi we uly ýaşly nesliň jemgyýetiň durmuşyna doly gatnaşmagy üçin şertleri ösdürmegi talap edýär. Bu ugurda ýerli ýerine ýetiriji edaralaryň ýanynda hereket edýän işjeň uzak ýaşamak merkezleri durmuş syýasatynyň möhüm bölegine öwrüldi. Häzirki wagtda Gazagystanyň şäherlerinde we obalarynda şeýle merkezleriň 130-dan gowragy bar. Bu merkezlerde uly ýaşly raýatlara saglygy berkitmek, bilim almak, psihologik goldaw we boş wagty geçirmek boýunça hyzmatlar mugt berilýär, fiziki işjeňlik, aragatnaşyk we jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmak üçin şertler döredilýär. Şeýle işler diňe bir garry adamlaryň durmuşynyň hilini ýokarlandyrmaga däl, eýsem, jemgyýetde işjeň we sagdyn uzak ýaşamak medeniýetiniň kemala gelmegine hem ýardam edýär.
Kanun çykaryjy edaralar bu işleriň durnukly häsiýete eýe bolmagyny üpjün edip bilerler. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň elýeterliligi, eneligiň we çagalygyň goragy, saglygy goraýşyň ösdürilmegi, ýaşaýyş jaý syýasaty we sebitleriň deňagramly ösüşi kanunlaryň hiline baglydyr. Kanun taslamalaryna diňe ykdysady nukdaýnazardan däl, eýsem, olaryň maşgalalara we demografik ösüşe uzak möhletleýin täsirini hem nazara alyp baha bermek möhümdir.
Demografik syýasat iň uzak möhletleýin geljege gönükdirilen maýa goýumdyr. Onuň netijeleri bir ýyl ýa-da bir maksatnama bilen däl-de, çagalaryň saglygy, ene-atalaryň geljege bolan ynamy we uly nesliň mynasyp durmuş derejesi bilen ölçelýär.