​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
09.10.2026

Türkmenistanyň Mejlisinde BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň Müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça Sebit wekiliniň wezipesini ýerine ýetirijisi jenap Ennio Boati bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisinde BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň Müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin Sebit wekiliniň wezipesini ýerine ýetirijisi jenap Ennio Boati bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary, ýurdumyzyň başlangyçlary esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, durnukly ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek, ählumumy parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmak boýunça kabul edilen taryhy kararnamalaryň ähmiýeti bellenildi. 

Duşuşykda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny demokratiýalaşdyrmak, kanunyň hökmürowanlygyny üpjün etmek                         hem-de adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada aýdyldy. Ýurdumyzda adam hukuklaryny goramagyň institusional esaslaryny has-da berkitmek we halkara tejribäni ornaşdyrmak maksady bilen döredilen Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň — Adalatçynyň milli we halkara derejedäki möhüm orny we halkara guramalar bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklarynyň ähmiýeti barada durlup geçildi. Şeýle hem sebitde we dünýäde howpsuzlygyň hem-de kanunyň hökmürowanlygynyň berkidilmegi, adam hukuklarynyň, şol sanda gender deňliginiň üpjün edilmegi, zenanlaryň hukuklaryny we maşgala abadançylygyny pugtalandyrmak, maýyplygy bolan adamlaryň durmuş goragyny üpjün etmek boýunça hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi. 

Taraplar hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda parlament ugrunyň hem möhüm orun eýeleýändigini bellediler we geljekde ony ösdürmegiň meseleleri barada pikir alyşdylar. Şunda Türkmenistanyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzüm birlikleri, şol sanda Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi bilen milli kanunçylygy umumy ykrar edilen halkara kadalaryň esasynda kämilleşdirmekde ýakyndan hyzmatdaşlyk edilýändigi nygtaldy. 