​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
17.11.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri bilen Rumyniýanyň Parlament wekiliýetiniň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 17-nji noýabrynda «ÝHHG-niň çäginde dialogyň, ynanyşmagyň we howpsuzlygyň bähbidine halkara hukugyny ilerletmekde parlamentleriň orny» atly üçünji Aşgabat  maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza iş sapary bilen gelen Rumyniýanyň Parlament wekiliýetiniň agzalary bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda myhmanlar  Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlary, ýurdumyzyň  kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen, energiýa serişdeleriniň we ulag üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi, parahatçylygy we howpsuzlygy, özara ynanyşmagy gazanmakda dialogyň hem-de bitaraplyk ýörelgeleriniň ähmiýeti babatda kabul edilen kararnamalaryň dünýä döwletleriniň we halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ornuna üns çekildi. 

Taraplar Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasynda birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk,  ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan syýasy-ykdysady, diplomatik gatnaşyklaryň, şol sanda parlamentara hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny uly kanagatlanma bilen bellediler. 

Dialogyň, ynanyşmagyň we howpsuzlygyň bähbidine halkara hukugyny ilerletmekde parlamentleriň ornuny ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän üçünji Aşgabat maslahatynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamany dünýä giňişliginde dabaralandyrmakda, şeýle hem halkara hukugyň ornuny ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýeti nygtaldy.

Parlamentariler iki ýurduň arasyndaky hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny parlament diplomatiýasy arkaly goldamagyň geljekki mümkinçilikleri, kanunçykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmagyň meseleleri barada özara pikir alyşdylar.