​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
30.03.2024

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ MASLAHATY GEÇIRILDI

Проведено заседание Меджлиса Туркменистана

The Session of the Mejlis of Turkmenistan was held

 

2024-nji ýylyň  30-njy martynda Türkmenistanyň Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň bäşinji maslahaty geçirildi. Maslahatda deputatlar   hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de kabul etdiler.

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistan ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselelerine jogapkärçilikli, ylmy esasda çemeleşýändigini görkezýär. 

Şonuň bilen baglanyşykly kabul edilen «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny diňe bir energetika pudagynyň däl, eýsem, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda energiýa serişdeleriniň tygşytlanylmagyna we netijeli peýdalanylmagyna ýardam eder.

Häzirki wagtda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, boýunça giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşynda ýurdumyzyň howa boýunça Pariž Ylalaşygyna goşulmagy bilen, degişli milli maksatnamalaryň kabul edilendigini, Metanyň howa ýaýramagynyň ýaramaz netijelerini azaltmak we ýok etmek maksady bilen amala aşyrylýan işler barada belläp, ýöriteleşdirilen düzümi — Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky teklip bilen çykyş etdi.

Şu maksatlardan ugur alnyp taýýarlanylan we kabul edilen «Gidrometeorologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmäge, türkmen halkynyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmäge hem-de tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmaga, bu ugurda sebit we halkara derejede ygtybarly hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam eder.

Deputatlar «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda», Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garadylar. Bu Ylalaşyk Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky ulag-logistika baradaky işleri hukuk taýdan düzgünleşdirýär. 

Kabul edilen «Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Weterinariýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary ýurdumyzda degişli  ulgamlaryň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi üçin hukuk mümkinçilikleriniň giňeldilmegine mümkinçilik döreder.

Şeýle hem kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» kanunda maýyplygy bolan adamlaryň we saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan adamlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyny has-da höweslendirmek hem-de dünýä tejribesinde kabul edilen kadalara laýyk getirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly adynyň we «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly adynyň Düzgünnamalaryny kämilleşdirmek göz öňünde tutuldy. Munuň özi mümkinçilikleri çäkli hem-de maýyplygy bolan adamlaryň sport bilen meşgullanmagyny höweslendirmekde uly ýardam eder. 

Maslahatda deputatlar Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek barada döredýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler. 

 

30 марта 2024 года было проведено пятое заседание Меджлиса Туркменистана седьмого созыва. На заседании депутаты обсудили и приняли проекты законов, разработанных в соответствии с приоритетами государственной политики уважаемого Президента Туркменистана Сердара Бердымухамедова и комплексной программой по модернизации законодательно-правовой базы страны.

В эру Возрождения новой эпохи могущественного государства под руководством уважаемого Президента Туркменистана Сердара Бердымухамедова реализуется эффективная деятельность по коренной модернизации материально-технической базы энергетической отрасли. Воплощая крупные проекты регионального и международного значения в энергетической отрасли, Туркменистан демонстрирует ответственное,  научно обоснованное отношение к вопросам экологии и охраны окружающей среды.

Принятый в связи с этим Закон Туркменистана «Об энергосбережении и энергоэффективности» будет способствовать  экономии и эффективному использованию энергии не только в энергетической отрасли, но и во всех отраслях нашей экономики.

В настоящее время в стране успешно реализуется широкомасштабная деятельность по обеспечению экологического благополучия.

Наш Аркадаглы Герой Сердар в своём выступлении на 78-ой сессии Генеральной Ассамблеи Организации Объединённых Наций отметив, что с присоединением нашей страны к Парижскому Соглашению по климату была принята соответствующая национальная программа о деятельности, осуществляемой с целью уменьшения и ликвидации вредных последствий проникновения в атмосферу метана, выступил с предложением о создании специализированной структуры – Регионального центра по технологиям, связанным с изменением климата в Центральной Азии.

Подготовленный исходя из этих целей и принятый Закон Туркменистана «О гидрометеорологической деятельности» будет способствовать реализации государственной экологической политики, проводимой в нашей стране, обеспечению проживания туркменского народа в чистой окружающей среде и рациональному использованию наших природных ресурсов, развитию надёжного сотрудничества в этом направлении на региональном и международном уровнях.

Депутаты  также рассмотрели проект Закона Туркменистана «О ратификации Соглашения между Правительством Туркменистана и Правительством Китайской Народной Республики о международном автомобильном сообщении». Это Соглашение будет осуществлять правовое регулирование транспортно-логистической деятельности между Туркменистаном и Китайской Народной Республикой.

Принятые Законы Туркменистана о внесении дополнений в Гражданский процессуальный кодекс Туркменистана,  о внесении изменений в некоторые законодательные акты Туркменистана, о внесении изменений и дополнения в Семейный кодекс Туркменистана, о внесении изменений в Кодекс Туркменистана «О земле», о внесении изменений и дополнений в Закон Туркменистана «О ветеринарном деле» создадут возможности  расширению правовых возможностей для дальнейшего совершенствования в нашей стране деятельности соответствующих систем.

         А также с целью поощрения лиц, имеющих инвалидность и с ограниченными возможностями здоровья, занимающихся физкультурой и спортом, и приведения в соответствие с нормами, принятыми в мировой практике, был рассмотрен Закон «О внесении изменений в некоторые законодательные акты Туркменистана», в котором предусмотрено совершенствование Положений о почётных званиях Туркменистана «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» и «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi». Это окажет большую поддержку в приобщении лиц с ограниченными возможностями здоровья и имеющих инвалидность к занятиям спортом. 

На заседании депутаты выразили нашему Герою Аркадагу, Аркадаглы Герою Сердару сердечную благодарность за широкие возможности, создаваемые по совершенствованию законодательства Туркменистана.

 

On March 30, 2024, the fifth Session of the seventh Convocation of the Mejlis of Turkmenistan was held. At the Session, deputies discussed and adopted draft laws developed in accordance with the priorities of Our Esteemed President Serdar Berdimuhamedov’s national policy and the comprehensive program for modernization of the legal framework of the country.

During the Revival of the new Era of a powerful State, under the leadership of Our Esteemed President Serdar Berdimuhamedov, effective work is being carried out on the fundamental modernization of the material and technical base of energy industry. By implementing big projects of regional and international importance in the energy sector, Turkmenistan shows its own approaches to the issues of environmental protection on a responsible, scientific basis.

In this regard, the adopted Law of Turkmenistan «On energy conservation and efficient use of energy» will promote conservation and efficient use of energy not only in the energy sector, but also in all sectors of the economy.

Currently, large-scale work on ensuring environmental well-being is being successfully implemented in the country.

In his speech at the 78th session of the General Assembly of the United Nations, our Hero Arkadagly Serdar noted that with the accession of our country to the Paris Agreement on climate, the relevant national programs were adopted, and the activities carried out in order to reduce and eliminate the negative consequences of methane emissions and made a proposal to establish a regional center for technologies related to climate change.

Based on these objectives, prepared and adopted the Law of Turkmenistan «On the work of Hydrometeorology» will help to implement the state environmental policy in the country, to ensure live of Turkmen people in a clean environment, and to use our natural resources in a systematic way, and to develop reliable cooperation in this field at the regional and international level. 

Deputies discussed the draft Law of Turkmenistan «On approval of the Agreement between the Government of Turkmenistan and the Government of the People's Republic of China on international road traffic». This Agreement legally regulates transport and logistics operations between Turkmenistan and the People's Republic of China.

Adopted Laws «On Amendments to the Code of Civil Procedure of Turkmenistan», «On Amendments to Certain Laws of Turkmenistan», «On Amendments and Additions to the Family Code of Turkmenistan», «On Amendments to the Code of Turkmenistan «On Land», «On Amendments and Additionals to the Law of Turkmenistan «On Veterinary works» will provide an opportunity to expand the legal possibilities for further improvement of the functioning of relevant systems in the country.

Also, in order to further encourage physical education and sports for people with disabilities and people with limited health capabilities, as well as to bring them into line with the norms accepted in the world practice, the adopted the Law «On Amendments to Certain Laws of Turkmenistan» aimed to update the Regulations of the honorary title «the Master of sports» and the honorary title «the Honored coach of Turkmenistan». This will widely help encouraging the participation of people with limited opportunities and disabilities in sports.

At the session, the Deputies expressed their sincere gratitude to our Hero Arkadag, our Hero Arkadagly Serdar, for the wide opportunities established to improving the legislation of Turkmenistan.