​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
16.05.2024

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly: Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy – kämil hukuk ulgamynyň we täze eýýamyň belent maksatlaryny durmuşa geçirmegiň mizemez esaslary» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

Проведена научно-практическая конференция «Год «Кладезь разума Махтумкули Фраги»: Конституция и Государственный флаг Туркменистана – непоколебимые основы реализации высоких целей совершенной правовой системы и новой эпохи».

The Scientific-practical Conference was held entitled «Fount of Wisdom Magtymguly Fragi» year: the Constitution of Turkmenistan and the State Flag – strong bases of the perfect legal system and implementing high goals of the new Age»

 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni dabaraly ýagdaýda giňden bellenip geçilýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2024-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, ýurdumyzyň syýasy partiýalary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly: Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy – kämil hukuk ulgamynyň we täze eýýamyň belent maksatlaryny durmuşa geçirmegiň mizemez esaslary» atly ylmy-amaly maslahat hem bu şanly senä bagyşlandy.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Aşgabat şäher halk maslahatynyň agzalary, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, alymlar, professor-mugallymlar, şeýle hem ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahat «Halk häkimiýetiniň wekilçilikli edaralarynyň ulgamy – berkarar döwlet gurmagyň, agzybirligiň, jebisligiň milli nusgasy»; 

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy – kanunçylyk we durmuş ugurly ykdysady syýasat, halk bähbitli nusgalyk işler»;

«Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmen halkynyň Milli Lideriniň halkara gatnaşyklary ynsan gymmatlyklary esasynda ösdürmekdäki belent başlangyçlarynyň ähmiýeti»  atly bölümçelerde geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy hem-de Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň tagallasy bilen, amala aşyrylan konstitusion özgertmeleriň, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmeginiň ýurtda demokratiýanyň döwrüň talabyna laýyk ösdürilmeginde esas goýujy ähmiýete eýe bolandygyny aýratyn nygtadylar.

Şeýle hem maslahatda Türkmenistanyň öz Konstitusiýasynda yglan edilen oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan syýasy ugruna ygrarly bolmak bilen, sebitde we bütin dünýäde hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dabaralandyrylmagyna gönükdirilen başlangyçlarynyň hem-de alyp barýan işleriniň, ykdysadyýetde we medeni-durmuş ugurlarynda gazanýan ösüşleriniň ähmiýeti bellenip geçildi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edildi.

 

18 мая 2024 года, названного Годом «Кладезь разума Махтумкули Фраги» торжественно и широко отмечается День Конституции и Государственного флага Туркменистана.

Научно-практическая конференция «Год «Кладезь разума Махтумкули Фраги»: Конституция и Государственный флаг Туркменистана – непоколебимые основы реализации высоких целей совершенной правовой системы и новой эпохи», организованная Халк Маслахаты Туркменистана, Меджлисом Туркменистана совместно с Министерством иностранных дел Туркменистана,  Министерством образования Туркменистана, политическими партиями и общественными объединениями Туркменистана, проведённая 16 мая 2024 года в Центре общественных объединений Туркменистана, посвящена этой славной дате.

В работе конференции приняли участие депутаты Меджлиса Туркменистана, члены халк маслахаты города Ашхабад, представители политических партий и общественных объединений, различных отраслей экономики, средств массовой информации, учёные, профессоры, педагоги, а также молодёжь.

Конференция прошла в трёх тематических секциях:

«Система представительных органов народной власти – национальный образец строительства независимого государства, единства, сплочённости»;

«Эра возрождения новой эпохи могущественного государства – социально ориентированная экономическая политика, образцовая деятельность в интересах народа»;

«Значение высоких инициатив Президента Туркменистана, Национального Лидера туркменского народа, в развитии международных отношений на основе человеческих ценностей».

Выступившие на конференции особо отметили, что осуществлённые по инициативе Национального Лидера туркменского народа, Председателя Халк Маслахаты Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедова и усилиями Президента Туркменистана, уважаемого Сердара Бердымухамедова конституционные преобразования, создание Халк Маслахаты Туркменистана – высшего представительного органа народной власти – приобрели основополагающее значение в развитии в стране демократии в соответствии с требованиями эпохи.

Также на конференции были отмечены приверженность Туркменистана политическому курсу, основывающемуся на принципах позитивного нейтралитета, миролюбия, гуманизма, объявленных в своей Конституции, значение инициатив и проводимой деятельности Туркменистана, направленных на торжество доброжелательных отношений дружбы и братства в регионе и во всём мире, достижения Туркменистана в экономике и культурно-бытовой сфере. 

В завершении конференции от имени её участников было принято Обращение к Президенту Туркменистана, уважаемому Сердару Бердымухамедову.

 

Widely celebrating the Day of the Constitution of Turkmenistan and the State Flag on the May 18, 2024 titled «Fount of Wisdom Magtymguly Fragi».

The Scientific-practical Conference was held entitled «Fount of Wisdom Magtymguly Fragi» year: the Constitution of Turkmenistan and the State Flag – strong bases of the perfect legal system and implementing high goals of the new Era» jointly organized by the Halk Maslahaty of Turkmenistan, the Mejlis of Turkmenistan, the Ministry of Foreign Affairs of Turkmenistan, the Ministry of Education of Turkmenistan, the political parties and civil organizations of our country at the Centre of Civil Organizations of Turkmenistan was dedicated to this remarkable day.

Deputies of the Mejlis of Turkmenistan, members of the Halk Maslahaty of the Ashgabat city, representatives of the political parties and civil organizations, different sectors of the economy, mass media, scientists, professors-teachers, and young people took part in the meeting.

The Conference has worked in the divisions entitled «The system of representative bodies of people's power – a national model of building a strong state, unity, integrity»; «Revival of a new Age of a Powerful State - legislative and social economic policy, exemplary works for the benefit of the nation»; «The importance of the high initiatives of the President of Turkmenistan, the National Leader of the Turkmen people in developing international relations based on human values».

Speakers at the Conference specially emphasized the fundamental importance of the Constitutional reforms to develop democracy in the country, the establishment of the Halk Maslahaty of Turkmenistan-the highest representative body of people’s power by the initiative of the National Leader of the Turkmen people, the Chairperson of the Halk Maslahaty of Turkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedov, and the efforts of the President of Turkmenistan Serdar Berdimuhamedov. 

Also, importance of Turkmenistan's commitment to the political direction based on the principles of positive neutrality, peace-loving, humanitarianism, declared in its Constitution, and the initiatives aimed at the development of friendly and fraternally relations in the region and around the world, as well as the progress achieved in the economic and cultural fields, were noted at the meeting.

At the end of the meeting, an Address was received on behalf of the participants to the honorable President of Turkmenistan Serdar Berdimuhamedov.