Ahal welaýatynda ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmek, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň we ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny wagyz-nesihat etmek boýunça duşuşyklar geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda 9-njy ýanwarda geçirilen guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň başlygy Maksatberdi Gurbanow, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň başlygy Maral Açilowa, «Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktory Ogulmaýsa Allaberdiýewa Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdylar.
Iş saparynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmek barada öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek, şeýle hem 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň we ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny ilatyň arasynda wagyz-nesihat etmek, Ahal welaýatynyň ýaşaýjylaryndan parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini pugtalandyrmak, bu ýörelgeleri kanunçylykda berkitmek we kämilleşdirmek maksady bilen, teklipleri öwrenmek boýunça Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşginde duşuşyk geçirildi.
Täsirli geçen duşuşyga dürli ugurlarda zähmet çekýän bagtyýar raýatlar, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalary, arçynlar, bilim işgärleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar.
Bu maslahatda çykyş edenler 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde öňde goýlan wezipeler, Diýarymyzyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde öňe sürýän başlangyçlarynyň goldanylmagy hem-de Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň kanunçylykda berkidilmeginiň möhüm ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Maslahatda Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň başlygy Maksatberdi Gurbanow özüniň çykyşynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny şöhratlandyrmak maksady bilen, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän, parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dost-doganlygyň ähmiýetini, onuň gadyr-gymmatyny giňden açyp görkezýän «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyndan ugur alyp, köp sanly raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipler esasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi» diýip, belläp geçdi. Şeýle hem parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini pugtalandyrmak, bu ýörelgeleri kanunçylykda berkitmek we kämilleşdirmek maksady bilen, raýatlarymyzyň tekliplerine, erk-islegine döwletimiz tarapyndan uly hormat goýulýandygyny nygtady.
Maslahatda çykyş eden il sylagly ýaşulynyň hem-de halk maslahatynyň agzasynyň çykyşlary has-da täsirli boldy. Olardan Ahal welaýat halk maslahatynyň agzasy Musamuhammet Berdiýew özüniň çykyşynda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek, döwletleriň arasynda özara ynanyşmagy berkitmek, dünýä ýurtlaryny we halklaryny parahatçylyga, dost-doganlyga çagyrmak boýunça Bitarap Watanymyzyň edýän asylly tagallalarynyň, maksatlarynyň ýurdumyz üçin bähbitleri, tutuş adamzat üçin ähmiýeti barada durup geçdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda döredilen ýaşulular Geňeşiniň agzasy Gurbangeldi Aýlyýew bolsa maslahata gatnaşyjylaryň adyndan çykyş edip, her bir millet baradaky aladanyň biziň aňyrdan gelýän milli däp-dessurlarymyzdan gözbaş alýandygy, döwletimiz tarapyndan geçirilýän her bir işi tüýs ýürekden goldaýandyklary hakynda beýan etdi.
Şeýle mazmundaky çäreleriň dowamy Ahal welaýatynyň dürli künjeklerinde, Ak bugdaý etrabynyň Änew şäher medeniýet öýünde, Bäherden etrabynyň Akdepe obasynda ýerleşýän 31-nji orta mekdepde, Kaka etrabynyň Gowşut obasynda ýerleşýän 28-nji orta mekdepde geçirildi.
Maslahatlara gatnaşyjylar halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, milletimiziň howandary Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.