Lebap welaýatynda ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmek, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň we ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny wagyz-nesihat etmek boýunça duşuşyklar geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmek barada öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek, şeýle hem 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň we ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny ilatyň arasynda wagyz-nesihat etmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Bahar Seýidowanyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy Oguljennet Berdiliýewanyň, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory Rahmet Gylyjowyň gatnaşmagynda Lebap welaýatynda wagyz-nesihat duşuşyklary geçirildi.
Türkmenabat şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen duşuşyga il sylagly ýaşulular, mährem eneler, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalary, Lebap welaýat, etrap we şäher häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, welaýatyň edaralarynyň we kärhanalarynyň wekilleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary we arçynlar gatnaşdylar. Duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmek barada öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine daýanýan daşary syýasatynyň hukuk esaslaryny berkitmek maksady bilen alnyp barylýan işler, Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli öňde durýan wezipeler barada çykyşlar diňlenildi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Bahar Seýidowa öz çykyşynda Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň milli kanunçylykda berkidilmeginiň möhüm ähmiýetini nygtady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular Geňeşiniň agzasy Ereş Talybow öz çykyşynda döwleti dolandyrmagyň demokratik ýörelgelerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasatynyň ilatymyz tarapyndan doly goldawa eýe bolýandygyny belledi.
Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy, «Zenan Kalby» ordeniniň eýesi, kümüş saçly ene Ogulboldy Çopanowa öz çykyşynda bu şanly ýylymyzyň şygary – türkmen halkymyzyň ýürek sesidir, kalbynyň owazydyr. Parahatçylyk-bütin dünýäniň arzuwy, ynsanyýet kowmunyň arzuwy, biz eneleriň arzuwydyr. Bu günki gün türkmeniň ykbal sallançagynda eneleriň hüwdileri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly pähimleri, paýhaslar ummany bilen nesilleri nurana ertelere, milleti baky bagtyýarlyga atarýar, diýip belläp geçdi.
Şeýle duşuşyklar Dänew etrabynyň medeniýet öýünde, Darganata etrabynyň Gazojak şäherindäki çagalar sungat mekdebinde hem geçirildi.
Duşuşyklara gatnaşyjylar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçiriljek dabaralaryň eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen utgaşýandygyna aýratyn ünsi çekip, munuň 2025-nji ýylyň ähmiýetini has-da artdyrjakdygyny, onuň şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazyljakdygyny nygtadylar.
Maslahatlara gatnaşyjylar halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.