​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
28.09.2023

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýaş parlamentariler toparynyň mejlisi geçirildi

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä ýaýmak, Türkmenistanyň Mejlisiniň dünýä döwletleriniň parlamentleri hem-de abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny yzygiderli berkitmek, bu ugurda parlamentara dostluk toparlarynyň, ugurdaş komitetleriň, ýaş parlamentarileriň we zenan parlamentarileriň arasynda özara tejribe alyşmak babatda hyzmatdaşlygyň täzeçe iş usullaryny ýola goýmak barada öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek maksady bilen hem-de Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023–2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde halkara ýaşlar parlamentarizmi ulgamynda alnyp barylmaly işlerden ugur alnyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýaş parlamentariler toparynyň mejlisi geçirildi.

Ýaş parlamentariler toparynyň esasy maksady Türkmenistanyň Mejlisinde ýaş parlamentarileriň başlangyçlaryny açyp görkezmek üçin şertleriň döredilmegine, ýurdumyzyň ýaş raýatlarynda hukuk we syýasy medeniýetiniň kemala getirilmegine, ýaşlaryň döredijilik, raýatlyk işjeňliginiň ösdürilmegine ýardam etmek hem-de Türkmenistanda ýaşlar parlamentarizmini ösdürmek bolup durýar.

Ýaş parlamentariler toparynyň mejlisinde ýurdumyzda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde alnyp barylýan işler, ýaşlaryň döwlet dolandyryş ulgamyndaky orny, ýaşlar babatda halkara hyzmatdaşlygyň ugurlary we ýaşlar parlamentarizmini ösdürmek bilen bagly beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň Parlamentara Bileleşigi (IPU), Ýewropada Howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlament assambleýasy, GDA-nyň Parlament Assambleýasy we beýleki halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlygy hem-de ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlary bilen alnyp barylýan işler barada bellenilip geçildi. 