The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

20.02.2026

MILLI YKDYSADY SYÝASAT WE ÖSÜŞIŇ TÄZE WEZIPELERI

 

     Türk­men hal­ky «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — bedew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­lyn­da mu­kad­des Garaşsyzlygy­my­zyň şan­ly 35 ýyl­lyk baý­ra­my­ny bel­lemä­ge uludan taý­ýar­lyk gör­ýär. Özyg­ty­ýarly ösü­şiň şan-şöh­ra­ta beslenen ýyllarynyň ýur­du­my­zyň ta­ry­hyn­da aý­ra­tyn buý­sanç­ly döwürdigini bel­le­mek mö­hüm­dir. Çünki hal­ky­myz Ga­raş­syz döw­let hök­mün­de dün­ýä çyk­ma­gyň ru­hy gal­ky­ny­şy­ny başdan geçi­rip, bo­le­lin­li­giň hö­zi­ri­ni gö­rüp, bag­ty­ýar dur­mu­şyň eş­re­ti­ni du­ýup ýa­şamak ýa­ly be­ýik döw­re ýet­di.

 

     Türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň  hem-de hormatly Prezidentimiziň döreden, kämilleşdiren, ösdürýän döwletlilik ýoly bilen ynamly hereket edip, durmuş-ykdysady ösüşde uly üstünlikleri gazanýar, ägirt uly maksatnamalary amala aşyrýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan, syýasy-jemgyýetçilik, ruhy-aňyýet ugurlarynda bolşy ýaly, durmuş-ykdysady ösüşlerde-de öz milli ýörelgelerini kemala getiren ýurtdur. Ähli döwürde, ähli ýurtda bolşy ýaly, döwletiň ykdysady binýady halkyň ýaşaýşynyň esasydyr we hil görkezijisidir. Ykdysady ösüş döwleti dolandyrmagyň baş wezipesi bolup, bu babatda her bir döwletiň öňünde ägirt uly jogapkärçilik durýar.

     Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 13-nji maddasynda: “Döwlet adamyň we jemgyýetiň bähbitlerine ykdysady işi düzgünleşdirmegi amala aşyrýar, ähli halkyň abadanlygyna durnukly ösüşi üpjün edýär” diýlip kesgitlenendir. Şeýle hem Esasy Kanunymyzda Türkmenistanyň her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdigi bellenilýär. Bu kesgitlemeleriň durmuşda öz beýanyny tapmagy ugrunda döredilýän ykdysady şertler döwletimiziň Garaşsyzlyk eýýamyndaky durmuş-ykdysady syýasatynyň aýratynlyklaryny ýüze çykarýar. Garaşsyzlyk döwrüniň jemgyýetçilik durnuklylygyny saklamakda, halkyň durmuş goraglylygyny üpjün etmekde döwletiň ykdysadyýetimiziň esasy kuwwatlyklaryna eýeçilik babatdaky meselelere örän aýawly we oýlanyşykly çemeleşmegi zerurdyr. Milli kanunçylykda ýerüsti we ýerasty baýlyklaryň Türkmenistanyň umumymilli baýlygy bolup durýandygy, olaryň döwlet tarapyndan goralýandygy hem-de rejeli peýdalanylmagynyň kanun esasynda üpjün edilýändigi bellenendir. Bu bolsa eýeçiligi özgertmek, bazar gatnaşyklaryna geçmek bilen bagly meseleleri döwletiň­dir halkyň bähbidine çözmekde dogry çözgütleri tapmaga ýardam eden şertleriň biri boldy.

     Tebigy baýlyklardan başga-da, ykdysady düzümleriň esasy pudaklary hem döwlet eýeçiliginde bolmak bilen, olar umumymilli  ösüşiň  berk daýanjyna öwrüldi. Aziýa we Ýewropa yklymlarynyň çatrygynda, amatly çäkde ýerleşýän Türkmenistanyň dünýäniň iri energetika döwleti bolmagy hem-de beýleki ykdysady serişdeleriň ägirt uly mümkinçilikleri ýurdumyzda bu şertleri has giň­den ulanyp, ösen ykdysadyýetli milli jemgyýeti kemala getirmäge ýardam berdi. Ösüş di­ňe tebigy we ykdysady mümkinçilikler bilen çäklenmeýär. Bu babatda örän oýlanyşykly, öň­dengörüjilikli döwlet syýasaty zerurdyr. Güýçli, kuwwatly döwletiň ösen jemgyýeti gurmakda mümkinçiliginiň uly bolýandygyny döwrüň hakykaty hökmünde öz ösüş ýolunyň dowamynda dünýä äşgär eden Türkmenistanda önümçilik düzümlerini döretmekde, ylym-bilim, medeniýet ulgamlaryny, saglygy goraýşy, sporty ösdürmekde, ýurdumyzyň harby-goranyş kuwwatyny döwrebaplaşdyrmakda düýpli işler amala aşyryldy. Şol bir wagtda Diýarymyz her ýyl üçin meýilleşdirýän Döwlet býujetiniň serişdeleriniň agramly bölegini durmuş goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirýär.

     Durmuş-ykdysady düzümleri döretmekde we ösdürmekde örän paýhasly hereket edilmegi, ýurduň, halkyň derwaýys zerurlyklarynyň aýratyn göz öňünde tutulmagy Garaşsyzlyk döwrüniň ykdysady syýasatynyň üstünlikli tarapy boldy. Mysal üçin, ilkibaşda dokma pudagynyň täze önümçilik düzümleriniň döredilmeginiň milli ykdysadyýetimiziň döwrebap ösdürilmeginde örän ýerlikli çözgüt bolandygyny bellemek möhümdir. Bu bolsa oba hojalygynda pagtaçylyk möhüm orun eýeleýän ýurdumyzda dokma senagatyny ösdürmegiň birnäçe meselelerini çözmäge ýardam etdi. Gowaça ösdürip ýetişdirmegiň möçberini durnukly saklamak, bu ugurda gaýtadan işleýän önümçiligi has-da giňeltmek, pudaga täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen, öndürilýän önümleriň eksport mümkinçiligini artdyrmak, iş orunlaryny döretmek, oba hojalygyny girdejili pudaga öwürmegi çaltlandyrmak babatda dokma senagatynyň döwrebap düzümlerini çalt depginde döretmegiň ähmiýeti uly boldy.

     Döwletiň hem-de daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly gazhimiýa senagatynyň, nebiti gaýtadan işlemegiň, gurluşyk serişdelerini öndürmegiň täze kuwwatlyklarynyň döredilmeginde bitirilýän işler milli ykdysadyýetimizi döwrüň talaplaryna görä, ýokary derejede kemala getirmekde, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmakda örän ähmiýetlidir. Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde, Gyýanly şäherçesinde gazhimiýa kärhanalarynyň, Ahal welaýatynda aýna zawodynyň, tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurulmagy, Mary welaýatyndaky “Galkynyş” gaz käniniň özleşdirilip, ol ýerde eksport üçin harytlyk gaz öndürmäge niýetlenen kuwwatly önümçilikleriň açylmagy, Lebap, Balkan, Ahal welaýatlarynda sement zawodlarynyň işiniň ýokary derejede ýola goýulmagy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde wajyp orny eýeläp, diwersifikasiýa ýoly bilen daşarky bazarlara çykmaga şert döretdi.

     Türkmenbaşyda Halkara de­ňiz portunyň ulanmaga berilmegi, Aşgabatda, Kerkide, Balkanabatda täze Halkara howa menzilleriniň gurulmagy, Daşoguzda, Maryda, Türkmenabatda howa menzilleriniň döwrebaplaşdyrylmagy we ösüş üçin ägirt uly ähmiýeti bolan beýleki desgalaryň gurluşygy Türkmenistanyň halkara ykdysady hyzmatdaşlyk strategiýasynyň ösüşlerini kepillendirýän, onuň mümkinçiliklerini has-da artdyrýan anyk şertler boldy. Gahryman Arkadagymyz senagat taýdan tapgyrlaýyn ösüşi häsiýetlendirmek bilen, ykdysady ösüşiň iki döwri baradaky garaýşyny öňe sürdi we onuň birinji döwrüniň 2018 — 2024-nji ýyllary öz içine alýandygyny belledi. Bu döwürde, esasan, geologiýa çig mallarynyň ähli görnüşlerini senagat taýdan özleşdirmäge çekmek boýunça iri möçberli taslamalar amala aşyryldy. Öz çig malymyzy senagat taýdan gaýtadan işlemegi çuň­laşdyrylan ýagdaýda ösdürmek dowam etdirildi. Senagatlaşdyrmagyň  ikinji döwri 2025 — 2030-njy ýyllar diýlip kesgitlenildi. Bu döwrüň esasy häsiýetli aýratynlygy hökmünde innowasiýalaryň, sanly ulgamyň, maglumat tehnologiýasynyň giň­den ornaşdyrylyp, senagat taýdan ösüşiň başga hilli görnüşine geçilmegi göz öňünde tutulandyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öň­dengörüjilikli syýasaty esasynda bu ugurda netijeli çäreler durmuşa geçirilýär.

     Milli Liderimiziň ýurdumyza baştutanlyk eden ýyllarynda milli ykdysadyýetimiziň döwlete we halkymyza bähbitli bolan möhüm pudagyny — hususy eýeçiligi ösdürmekde taryhy ädimler ädildi. Ykdysady ösüşiň bu ugruny bütinleý täzeden ýola goýmak döwlet hem jemgyýetçilik ösüşiniň köp taraplaryny öz içine alýardy we bu babatda halkyň milli durmuş ýörelgelerinden ugur alyp, howlukman öňe gitmek zerurdy. Gahryman Arkadagymyz ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçmegini ilerletmekde düýpli özgertmeleri amala aşyryp, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň çalt depginde artmagy üçin hususy işewürligiň ösdürilmegine gönükdirilen köp çäreleri durmuşa geçirdi. Garaşsyzlyk eýýamynyň ykdysady ösüşleriniň iň dogry çözgütleriniň biri-de bazar gatnaşyklaryna örän oýlanyşykly, tapgyrlaýyn geçilmegi boldy. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri: “Bazar gatnaşyklaryna has çuň­ňur girişmäge çynlakaý üns berýäris. Bu, hiç hili ulaldyp aýtmanyň­da-da, biziň öň­dengörüjilik bilen, akylly-başly ýola goýan, barha ösdürýän örän ähmiýetli işlerimiziň biridir. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň esasy maýa goýumlarynyň umumy göwrüminde hususyýetçileriň paýy döwlet kärhanalarynyň we guramalarynyň paýyna seredeniň­de görnetin artýar. Munuň özi, hakykatdan-da, biziň döwletimiziň gazanýan aýratyn uly üstünliklerindendir” diýip nygtaýar.

     13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň gi­ňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz “Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna” laýyklykda, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek wezipesiniň wajypdygyny aýdyp, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 72,9 göterime ýetirmegiň göz öňünde tutulýandygyny mälim etdi. Ýangyç-energetika pudagy ýaly strategik önümçilikden başga, beýleki ykdysady pudaklaryň öndürýän önümleriniň arasynda hususy bölegiň paýynyň şeýle ýokary derejä ýetirilmegi Watanymyzyň ykdysady syýasatynyň oňyn netijesidir. Şunda garaşsyz ösüş ýyllarynda hususy pudagy taýýar önümçilikleri howul-hara hususylaşdyrmagyň hasabyna däl-de, işewürleriň başarnygy bilen, täze düzümleri oýlanyşykly döretmek arkaly ösdürmegiň örän bähbitli bolandygyny bellemek gerek. Hususy işewürlik di­ňe bir ykdysady pudak bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ol jemgyýetçilik gatnaşyklarynda, durmuş ýörelgelerinde, kanunçylyk-hukuk babatda-da özboluşly, aýratyn bir hereket ulgamy bolup durýar. Şeýle ulgamy döretmäge kem-kemden, tapgyrlaýyn geçilmegi Garaşsyzlyk eýýamynyň milli ykdysadyýetiniň döwrebap, çeýe, durmuşa ukyply ösüş hereketini sazlaşykly alyp gitmegiň berk esasyny döretmäge ýardam berdi. Döwletimiziň dolandyryjy, kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji häkimiýetleri bilen ýakyn hyzmatdaşlykda, ykdysady ösüşiň möhüm pudagy hökmünde jemgyýetde öz ornuny pugtalandyran hususy pudak öz mümkinçilikleri bilen ýurdumyzyň hem-de tutuş jemgyýetiň bähbitlerine netijeli işleri durmuşa geçirmekde belent derejelere ýetdi.

     Hökümetiň gi­ňişleýin mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz: “Biz şu ýyl Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 30 sany ýaşaýyş jaýyny hem-de köp sanly söwda we hyzmatlar öýlerini, Büzmeýin etrabyndaky ýaşaýyş jaý toplumynda 46 sany häzirki zaman ýaşaýyş jaýyny, paýtagtymyzda 127 sany iki gatly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýyny, 4 müň orunlyk köpugurly medeni merkezi gurup ulanmaga tabşyrarys. Şeýle-de Aşgabatda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezlerini we Stomatologiýa merkezini ulanmaga bereris. “Arçman” şypahanasynda bolsa 400 orunlyk täze binalar toplumy raýatlara hyzmat edip başlar” diýip nygtady. Şeýle-de şu ýyl Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap oba, Gyzylarbat etrabynda köpugurly elektrik stansiýasy, Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumy ulanmaga berler. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlary dabaraly açylar.

     Bir ýylda bitiriljek bu giň gerimli işler, ýylyň-ýylyna yzygiderli dowam edýän il-ýurt bähbitli özgertmeler Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan durmuş-ykdysady syýasatyň taryhy ähmiýetli beýik ösüş ýolunyň ýokary derejesini görkezýär. Bu ýol türkmen halkyny täze sepgitlere tarap ynamly öňe alyp barýar.

 

 Ata SERDAROW, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, Mejlisiň deputaty.