Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Sanly ykdysadyýet ähli düzümleriň sanly ulgam arkaly dolandyrylmagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Sanly ulgamyň ösdürilýän döwründe täzeçil taslamalar işjeň durmuşa geçirilýär.
Sanly ulgamy ösdürmek sanlylaşdyrmakda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli we öz wagtynda ýerine ýetirmegiň hökmany şertleriniň biridir. Ýurdumyzda ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagy üpjün etmäge gönükdirilen kadalaşdyryjy hukuk namalaryň esasy binýady hökmünde Türkmenistanyň Konstitusiýasy çykyş edýär. Esasy Kanunymyzyň 16-njy maddasynda döwletiň ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň ösüşine ýardam edýändigi, ylmy-tehniki syýasaty jemgyýetiň we her bir adamyň bähbitlerine ýöredýändigi, ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagynyň, şeýle hem bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygynyň goldanylýandygy barada konstitusion kadalar beýanyny tapýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda alnyp barylýan sanlylaşdyrmak işleriniň kämil derejede bolmagyna hukuk esas bolup durýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýan «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Elektron hökümet hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy hakynda» we beýleki ençeme Türkmenistanyň Kanunlarynyň hereket etmegi ýurdumyzda innowasiýalaryň, elektron resminama dolanyşygynyň, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň, maglumatyň goraglylygynyň hukuk binýadynyň döredilendigine şaýatlyk edýär. Bu Kanunlarda sanly ulgamyň mümkinçilikleri, sanly hyzmatlar, täze innowasiýalar, elektron resminama dolanyşygy, pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamy baradaky kadalaryň öz beýanyny tapmagy we olaryň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna hem-de döwrüň talabyna görä kämilleşdirilip durulmagy giň mümkinçilikler döredýär.
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň durnukly ykdysady ösüşiň binýady hökmünde innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalary ýurdumyzyň täze ösüşleri gazanmagynda aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Sanly ykdysadyýete geçmekde ýurdumyzda maksatnamalaýyn işler ýörite meýilnamalar esasynda alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini kesgitlemek, döwlet hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, telekeçiligi ösdürmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny we innowasiýalary giňden ornaşdyrmak, sanly ekoulgamy döretmek «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026— 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» baş maksadydyr. Bu maksatlara ýetmek üçin maksatnamada sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň anyk wezipeleri kesgitlendi.
Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary bilim almagy, ylym öwrenmegi örän ýeňilleşdirdi we lukmançylyk hyzmatlarynyň sanlylaşdyrylmagyna giň ýol açdy. Jemgyýetiň ösüşi ýaş nesliň raýatlyk, watançylyk, ruhy-ahlak garaýyşlaryna, dünýägaraýşyna, beden saglygyna baglydyr. Ýaşlaryň kiçilikden sanly tehnologiýalary dolandyrmak endiklerini, sowatlylygyny kämilleşdirmek, adamyň intellektual mümkinçiliklerini peýdalanmak sanly ykdysadyýete geçmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Nepes ROZYÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.