The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

26.02.2026

ÝYLYŇ NYŞANY — WATANYŇ ŞANY

 

     Ýy­lyň  ­şy­ga­ryn­da  ­«Ga­raş­syz­»,­ «baky­ Bi­ta­rap­»,­ «be­dew­ batly­ at­-my­ra­dyň­ me­ka­ny»­ ýa­ly gym­mat­ly­ düşünjele­riň­ orun al­ma­gy­ aý­ra­tyn­ bel­le­nil­mä­ge my­na­syp­dyr.­ Çün­ki­ türk­men hal­ky­ Garaşsyz­lyk­  bi­len­  galky­nyp,­  he­mi­şe­lik­  Bi­ta­rap­ly­gyň  goýnunda­  ba­ky­  bag­ty­ýar­lyga,­ ber­ka­rar­ly­ga­  ýet­di.­ Be­dew at­ bol­sa­ döwlet­li­li­giň­ ny­şa­ny.­ Üs­tün­li­giň,­ýe­ňşiň­ buş­luk­çy­sy.­

 

     Döwrümiziň hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri» diýlip atlandyrylmagy ýöne ýere däl. Geljek otuz ýyly nazarlaýan döwrümiz bilen atdaş uzak möhletleýin maksatnamanyň, onuň çäklerinde orta we gysga möhletleýin maksatnamalaryň, konsepsiýalardyr strategiýalaryň kabul edilmegi, göz öňüne tutulan wezipeleriň ýylyň ýylyna üstünlikli durmuşa geçirilmegi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň aýdyň netijesini berýändiginiň güwäsidir.

     Ýylymyzyň şygary bilen nyşanynyň arasynda simwoliki baglanyşyk bar. Şol baglanyşyk her bir ildeşimize ruhy güýç berýär. Ol bolsa maksat tutany myradyna, arzuwyny wysala gowşurýar. 2026­-njy ýylyň nyşanynda orun alan reňkleriň, ýazgylaryň, şekilleriň giň manysy bar. Nyşanyň düşeginiň ak reňkde bolmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Halkymyz «Ak zat alnyňa ýagşy» diýmek bilen, aklyga aýratyn gadyr goýupdyr. Ak reňkiň rysgal, döwlet, bereket getirýändigini pähimdar pederlerimiz nygtapdyrlar. Geçmişde ata-babalarymyzyň ýaşan öýlerini «ak öý» diýip atlandyrmaklarynda hem aklygyň durmuşy hemişe ýagşylyga atarýandygy baradaky ynançlary görünýär. Ýylyň nyşanynyň hem ýerliginiň ak reňkde bolmagy, galan şekilleriňdir ýazgylaryň şol aklygyň üstünden orun almagy, her bir günümiziň aklykda, ýagşylykda, bagtyýarlykda geçjekliginden habar berýär. 

     Nyşanda zeýtun agajynyň bugdaý sümmüllerine çalymdaş altynsow şahalarynyň ýerleşdirilmegi bolsa, hemişelik Bitaraplygy üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň daşary syýasatda parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine eýerýän «Açyk gapylar» syýasatynyň bütin dünýäde barha dabaralanýandygyny alamatlandyrýar. Şeýle mazmunyň dowamy bolan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-­myradyň mekany» ýazgy nyşana aýratyn bezeg berýär. Ondaky gyzyl, ýaşyl, sary, gök we mawy reňkleriň sazlaşygy ýarym aýlaw görnüşli bolup, ýurdumyzyň bäş welaýatyny alamatlandyrýar. Munuň özi halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň  alamatlandyrylmasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda belleýşi ýaly, «Agzybirlik il-­halkymyzyň owal-ahyr ygrarly, tutuş durmuşynyň manysyna öwren ýörelgesidir». 

     Nyşanyň merkezinde mawy asmanyň reňkinde Ýer şaryny ýatladýan şekiliň ýerleşmegi asudalygyň, parahatçylygyň aňladylmasydyr. Ýer şarynyň şekiliniň içinde ýurdumyzyň kartasy orun alan. Şeýle hem türkmeniň nepis haly gölleri nyşana özboluşly görk goşýar. 

     Şanly ýylyň nyşanynyň merkezi bölegine türkmeniň uçar ganaty, toýlarynyň bezegi­-buşlukçysy ahalteke bedewiniň toý bagyny kesip barýan pursady öz beýanyny tapýar. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda nygtaýşy ýaly, «At — türkmen üçin hemme zat. Bu geçmişde-­de, şu günlerem şeýle».

 

 Orazgeldi SAPAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty