The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

06.03.2026

PARLAMENTARA GATNAŞYKLAR: NETIJELI DIALOG ÜÇIN AÇYK MEÝDANÇA

 

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galky­ny­şy döw­rün­de Türkmenis­ta­nyň alyp bar­ýan pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li, oňyn Bita­rap­lyk ýö­rel­ge­si­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de uly gol­da­wa eýe bol­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz: «Bita­rap­lyk di­ňe bir hu­kuk 
ýag­da­ýy bol­man, eý­sem, dün­ýä döw­let­le­ri bi­len deň­hu­kukly, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dürme­giň ne­ti­je­li gu­ra­ly­dyr» di­ýip bel­le­ýär. Deň­hu­kuk­ly hyz­mat­daş­ly­gyň we dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň 
ös­dü­ril­me­gi­ni mak­sat edin­ýän hoş­ni­ýet­li döw­let sy­ýasa­ty­nyň dün­ýä bile­le­şi­gin­de uly gol­daw tap­ma­gy türk­men dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň üstünlikle­re bes­len­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk edýär. Ge­çen ýyl­la­ryň dowamynda, şol sanda Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da dur­mu­şa ge­çi­ri­len be­ýik iş­ler geljek­ki tu­tum­ly mak­sat­la­ry­my­zyň berk binýa­dy bo­lup dur­ýar. Ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» diý­lip atlandyrylan 2026-njy ýy­lyň hem ok­gun­ly ösüş­le­ri­ne ýol aç­ýar.

Hä­zir­ki zaman halkara gatnaşyklarynda parlamentleriň orny barha ýokarlanýar. Parlamentleriň öz döwletleriniň daşary syýasatyna işjeň goşulyşyp, halkara gatnaşyklaryň dürli meseleleri babatynda özara hyzmatdaşlyga gatnaşmaklary diplomatiýada täze bir ugruň — parlament diplomatiýasynyň döremegine getirdi. Parlament diplomatiýasy dünýäniň halklarynyň we ýurtlarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir. Parlamentara guramalaryň sanynyň artmagy we olaryň arasynda özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, bu guramalaryň çäklerinde parlamentara gepleşikleriň giň gerime eýe bolmagy, degişli resminamalaryň kabul edilmegi halkara gatnaşyklar ulgamynda parlamentleriň ornunyň ýokarlanýandygynyň aýdyň güwäsidir. Hormatly Prezidentimiziň dünýä ýurtlary bilen parlamentara hyzmatdaşlygyň gerimini gi­ňeltmäge möhüm ähmiýet bermeginiň netijesinde, Türkmenistanyň Mejlisi bilen dünýä ýurtlarynyň parlamentleriniň arasynda ýola goýlan gatnaşyklar işjeň häsiýete eýe bolýar we täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda parlamentara gatnaşyklar di­ňe bir kanunçylyk tejribesini alyşmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä döwletleri bilen parahatçylyk we ynanyşmak dialogyny gurmaga hem giň mümkinçilikleri döretdi. Soň­ky ýyllarda Türkmenistanyň Mejlisi parlament diplomatiýasyna işjeň gatnaşyp başlady we bu ugurda baý tejribe toplady. Şol bir wagtyň özünde milli parlament diplomatiýasynyň geljekki ösüş ugurlaryny anyk kesgitlemek üçin bu babatda dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesiniň ylmy esasda düýpli öwrenilmegi derwaýys meseleleriň birine öwrülýär. 

Türkmenistanyň Mejlisinde halkara gatnaşyklaryň şertnamalaýyn hukuk binýadyny berkitmek, daşary ýurtlaryň parlamentleri, abraýly halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy netijeli dowam etmek boýunça meýilnamalaýyn işler döwrüň talaplaryna laýyklykda guralýar. Kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek, şeýle hem ýurdumyzyň goşulyşan halkara resminamalaryny, döwletara ylalaşyklaryny hukuk taýdan tassyklamak hakynda kanunlar kabul edilýär. Türkmenistan parlament diplomatiýasynyň esasy ugurlary hökmünde parlamentara dostluk toparlarynyň işini kämilleşdirmegi, ýaş we zenan parlamentarileriniň işini goldamagy, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda hyzmatdaşlygyň gerimini gi­ňeltmegi ileri tutýar. 

Ýurdumyzyň Mejlisi Parlamentara Bileleşigiň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň agzasy bolup durýar. Mejlisiň deputatlary bu parlamentara  guramalaryň,  Garaşsyz Döwletleriň  Arkalaşygynyň hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlamentara Assambleýasynyň maslahatlaryna, Ýewropa Bileleşiginiň Parlament Assambleýasynyň wekilleri bilen guralýan duşuşyklara we maslahatlara yzygiderli gatnaşýarlar. Olar parlament meýdançalarynda döwletimiziň Bitarap ýurt hökmünde öňe sürýän başlangyçlaryny we ýurdumyzda ygtybarly hyzmatdaşlyk üçin döredilýän mümkinçilikleri halkara jemgyýetçilige ýetirýärler. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli milli parlamentde geçirilen «Ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde zenanlaryň orny» atly maslahatda hem döwletimiziň ynsanperwer syýasaty, bu babatda BMG-niň düzüm birlikleri bolan ÝUNESKO, ÝUNISEF we beýleki guramalar bilen durmuşa geçirilýän hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata gatnaşyjylar döwletimiziň halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde gazanan üstünliklerini we öňe sürýän oňyn başlangyçlaryny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä ýaýmagyň uly ähmiýetiniň bardygyny nygtadylar. 

Mejlisde utgaşykly görnüşde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy «Parlamentara dialog — dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly» atly tema boýunça geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar milli we halkara strategiýalara Bitaraplyk ýörelgelerini ornaşdyrmak, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini ýerine ýetirmek babatda hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek bilen bagly pikirleri beýan etdiler. Şeýle hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygy ilerletmekde oňyn tejribeler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäginde guralan «Ugry kesgitlemek: Deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny ilerletmek» atly Parlament forumy ýokary netijeliligi bilen tapawutlandy. Bu forumyň esasy maksady deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin 2024 — 2034-nji ýyllar aralygynda Hereketleriň maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlary, has takygy, parlament agzalaryna we işgärlerine Hereketleriň Wena maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi babatda esasy syýasy düşünjeleri bermekden, parlamentleriň Hereketleriň täze Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine netijeli goşant goşmaklary üçin esasy mümkinçilikleri döretmekden ybarat boldy.

Geçen ýylyň dowamynda Mejlisde birnäçe ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri, parlament wekilleri hem-de halkara guramalaryň wekilleri bilen 70-den gowrak duşuşyk geçirildi. Duşuşyklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýurdumyza sapar bilen gelýän ýokary derejedäki myhmanlaryň köp sanlysy kabul edilip, ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary ösdürmek we pugtalandyrmak boýunça özara pikir alşyldy. Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisde dünýä ýurtlarynyň parlamentleriniň 51-si bilen ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlary hereket edýär. Mejlisiň wekilleri Katar Döwletiniň Doha şäherinde 
Türkmen-katar parlamentara dostluk toparynyň birinji mejlisine, şeýle hem Türkmenistan — Gruziýa parlamentara dostluk toparlarynyň duşuşygyna gatnaşdylar. 

2025-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky  türkmen  wekiliýeti Ankara, Pekin hem-de Moskwa şäherlerine resmi saparlary amala aşyrdy, Daşkent şäherinde geçirilen Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasyna gatnaşdy. Şeýle hem milli parlamentiň wekilleri Brýussel şäherinde Mejlisiň Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçihanasy bilen bilelikde geçiren «Parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde Bitaraplygyň orny» atly ýörite mejlisine, Portugaliýa Respublikasynyň Porto şäherinde geçirilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 32-nji mejlisine gatnaşdylar. Türkmenistanyň Mejlisi Daşary işler ministrligi bilen bilelikde Porto şäheriniň «Alfandego» kongresler merkezinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: parahatçylygy we howpsuzlygy, özara ynanyşmagy gazanmakda dialogyň we Bitaraplygyň ýörelgeleri» atly utgaşykly çäre geçirdi. Bu çärelerde Mejlisiň wekilleri Bitarap döwletimiziň hoşniýetli başlangyçlary, milli kanunçylygyň kämilleşdirilişi we ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli işler barada çykyş etdiler. 

Geçen ýylyň dowamynda Mejlis bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasyna, Mejlis bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň arasynda 2026-2027-nji ýyllar üçin «Gender deň­ligini kanunçylykda ilerletmek üçin ulgamy we gurallary pugtalandyrmaga ýardam etmek» boýunça iş meýilnamasyna gol çekildi. Türkmenistanyň Mejlisi BMG-niň Ilat gaznasy bilen bilelikde «Gender deňligini ilerletmek: gender deň­ligi babatda kanunçylyk esaslaryny berkitmek boýunça Parlamentara dialog» atly çäräni geçirmegi göz öňünde tutýar. Onuň esasy maksady gender deň­ligini, zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça milli kanunçylyk ulgamyny halkara kadalara laýyk getirmekden ybaratdyr. Ýurdumyzda zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda ýolbaşçy, hünärmen, telekeçi we işjeň raýat hökmünde durmuş-ykdysady ösüşe hem-de ynsanperwer gymmatlyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berýändigi buýsandyryjy ýagdaýdyr. 

 

Enejan ATAÝEWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara 

we parlamentara aragatnaşyklar 

baradaky komitetiniň agzasy.