The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

09.03.2026

TÜRKMENISTANYŇ ULAG DIPLOMATIÝASY ROWAÇLANÝAR

 

Häzirki döwürde ýol-ulag düzümleri dünýä ykdysadyýetiniň «gan damarlary» hökmünde häsiýetlendirilýär. Sazlaşykly işleýän, kämil ulag düzümleri ählumumy ykdysady ösüşiň esasy şertleriniň biridir. Ulag ulgamy ýaşaýşyň derejesini gowulandyrmagyň, geljekki nesilleriň abadançylygynyň, dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşmagyň we ony ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Ulag logistikasy ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde hem here­ket­len­di­ri­ji güý­je öw­rül­di.De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta we Gün­dogar — Gün­ba­tar üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­niň iş­jeň­li­gi­ni art­dyr­mak Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň möhüm ugrudyr. 

Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ulag syýasaty özüneçekijiligi we maýa goýum işjeňligi bilen tapawutlanýar. Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge, şol sanda durnukly ulag ulgamynda ählumumy tagallalary goldamaga gönükdirilen başlangyçlary dünýäde giň goldaw tapýar. 2025-nji ýylyň dekabrynda geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 64-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyl­lar)» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň bi­ra­gyz­dan ka­bul edilmegi hem döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň barha rowaçlanýandygyny görkezýär. Bu wajyp halkara resminama 2025-nji ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijelerini öz içi­ne al­mak bi­len, 2024 — 2034-nji ýyl­lar üçin He­re­ket­le­riň Awaza maksatnamasynda beýan edilen strategik ugurlary özünde jemleýär. Onda, esasan, 2026-njy ýyldan başlap, tutuş on ýylyň dowamynda halkara jemgyýetçiliginiň ünsüniň durnukly ulag düzümlerine gönükdirilmegi dünýä döwletleriniň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň täze belentliklere çykmagyna, harytlaryň we hyzmatlaryň elýeterliliginiň artmagyna ýardam berer. 

Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň syýasy meýdançasynda Durnukly ulagyň dostlary toparynyň döredilmegi hem-de bu Topara goşulmaga isleg bildirýän döwletleriň yzygiderli artmagy ýurdumyzyň ulag diplomatiýasyna dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. 

 

Begenç GURBANGELDIÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Mejlisiň Ykdysady meseleler baradaky 

komitetiniň agzasy.