The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Ýewropa Bileleşigi
bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda alnyp barylýan işler
ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan
ugurlarynyň biri bolup durýar. Köp ýyllaryň dowamynda dürli
wezipeleri çözmäge gönükdirilen ýörite taslamalaryň we
maksatnamalaryň, hususan-da, Ýewropa Bileleşigi —
Türkmenistan bilelikdäki komitetiniň, parlamentara dialogyň, adam hukuklary boýunça dialogyň, daşary syýasat
edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleriň çäklerinde özara bähbitli gatnaşyklar netijeli ilerledilýär.
Ýewropa Bileleşigi we onuň düzümleri, şol sanda Ýewropa
Parlamenti bilen gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi ykdysadyýet,
ekologiýa, bilim, sanly tehnologiýalar we beýleki ugurlarda tejribe
alyşmak arkaly hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny berkitmek we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanmak bilen, parlamentara dialogyň
pugtalandyrylmagynda wajyp orun eýeleýär. Hut şu wezipelerden ugur alnyp, golaýda Brýussel şäherinde ýerleşýän Ýewropa Parlamentiniň
binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda geçirilen 9-njy parlamentara duşuşyk hem özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmakda netijeli meýdança öwrüldi. Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Ýewropa Parlamentiniň Merkezi Aziýa we Mongoliýa bilen gatnaşyklar boýunça ýörite toparynyň başlygy Juzeppina Prinçiniň ýolbaşçylygyndaky
wekiliýet bilen geçiren bu duşuşygy işjeň häsiýete eýe boldy. Duşuşykda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy
tarapyndan üç gezek ykrar edilen we degişli Kanun esasynda berkidilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna ygrarlydygy nygtaldy.
Mälim bolşy ýaly, BMG Türkmenistanyň başlangyjy boýunça
energiýa serişdeleriniň hem-de üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegi, parahatçylygy we howpsuzlygy, özara ynanyşmagy gazanmakda
dialogyň, şeýle-de bitaraplyk ýörelgesiniň ähmiýeti babatda
Kararnamalaryň ençemesini kabul etdi. Bu bolsa degişli ugurlarda
halkara hyzmatdaşlygyň hukuk binýadynyň berkidilmegine ýardam etdi. Ýewropa Parlamentiniň wekilleri öz çykyşlarynda Türkmenistanda adam hukuklaryny goramak we durmuş kepilliklerini berkitmek
boýunça wezipeleriň işjeň häsiýete eýedigini nygtap, raýatsyzlygyň
soňuna çykmak babatda gazanylan üstünlikler barada durup geçdiler. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen
ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we ýokary tehnologiýalar boýunça söwda-maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmek ugrundaky tagallalaryna hem üns çekildi.
Türkmenistan häzirki zamanyň geoykdysady
şertlerinde öz energetika strategiýasyny, şol sanda ony halkara bazarda örän jogapkärçilikli, oýlanyşykly esasda ýola goýýar. Türkmen
halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz şunda baş maksadyň energetika akymlaryny oýlanyşykly diwersifikasiýa etmekden we olaryň deňagramly esasda sazlaşygyny, howpsuz, ygtybarly görnüşde
iberilmegini üpjün etmekden ybaratdygyny nygtaýar. Ýurdumyzda
ulag-logistika pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler hem strategik häsiýete eýe bolup, ol Türkmenistany sebitleýin logistika
merkezine öwürmäge, eksport-import mümkinçilikleriniň
giňeldilmegine, ykdysadyýetiň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine hyzmat edýär. Türkmenistan
Ýewropa Bileleşigi bilen senagat pudagy boýunça hyzmatdaşlykda
häzirki zaman tehnologiýalaryna, ekologiýa howpsuzlygyna we
innowasiýalara daýanýan önümçiligi ornaşdyrmaga uly gyzyklanma
bildirýär. Bu hyzmatdaşlyk diňe bir ykdysady jähetden däl, eýsem, uzak möhletleýin, dostlukly, özara bähbitli, durnukly ösüşi üpjün edýän
strategik ugur bolup çykyş edýär.
Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň ylym-bilim, medeni-
ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygy,
Ýewropa Bileleşiginiň köp ýyllardan bäri ýurdumyzda durmuşa geçirýän bilim taslamalarynyň we maksatnamalarynyň netijeli häsiýete eýedigi aýratyn nygtaldy. Olaryň hatarynda «TACIS-TEMPUS», «ERASMUS-MUNDUS», «DARYA» ýaly maksatnamalar bar. Ýewropanyň «Horizon Europe», «Marie Sklodowska-Curie Actions» maksatnamalary, Ýewropa Gözleg geňeşi bilen gatnaşyklar ylym-bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmekde uly mümkinçilikleri döredýär. «Ýaşyl» energetika, ýapyk aýlanyşykly (sirkulýar) ykdysadyýet, ulag we daşky gurşawy goramak meseleleri-de geljegi uly ugurlaryň hataryna girýär. BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna we Pariž ylalaşygyna gatnaşyjy ýurt hökmünde Türkmenistan halkara resminamalaryň kadalaryny milli kanunçylyga, döwlet maksatnamalaryna şeýle hem daşky gurşawy goramak syýasatyna işjeň ornaşdyrýar. Şu nukdaýnazardan, Ýewropa Bileleşiginiň we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) maliýeleşdirmeginde «Türkmenistanyň «ýaşyl» ösüşi üçin Ýewropa Bileleşigi: 2024 — 2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» atly taslamanyň ähmiýeti bellenildi. Mundan başga-da, ýurdumyz «Ýaşyl» Merkezi Aziýa», «Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly töwekgelçilikleri dolandyrmak» ýaly sebitleýin maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar.
Ýurdumyzda önümçilik işiniň we daşky gurşawy goramagyň arasynda deňagramlylygy gazanmak bilen bir hatarda, önümçilige ekologik taýdan howpsuz tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Diňe 2025-nji ýylda açylyp ulanmaga berlen önümçilik kärhanalarynyň özide bu aýdylanlara doly şaýatlyk edýär. Olaryň hatarynda Aşgabadyň demirgazygyndaky ýerli çig mal esasynda işleýän, aýna önümlerini öndürýän kärhana, Bäherden keramika zawody, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Kenar» nebit önümlerini saklaýan we ýükleýän desgasynda döwrebap nebit ýükleýiş duralgasy, Esenguly etrabynda günde 20 müň kub metr suw arassalamaga niýetlenen desga ýaly iri taslamalar bolup, olaryň işi «ýaşyl» ykdysadyýetň talaplaryna laýyk gelýär.
Ýurdumyzda kabul edilen kanunlar ekologiýa nukdaýnazaryndan çemeleşmeleri göz öňünde tutup, bu babatda halkara guramalaryň konwensiýalarynda we resminamalarynda orun tapan başlangyçlary hem öz içine alýar. Muňa «Tebigaty goramak hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny mysal getirmek bolar.
Brýusselde geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy, ynsanperwer gatnaşyklary halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna hem-de «Bitarap Türkmenistanyň
parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda», «Adatdan daşary ýagdaýda halkara ynsanperwer kömegi hakynda», «Haýyr-sahawat işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda mundan beýläk-de ilerletmäge taýýardygy nygtaldy.
Türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň duşuşygy hem geçirilip, onda kanun çykaryjylyk ulgamynda özara tejribe alyşmagyň möhümdigi bellenildi.
Türkmenistanda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlary we strategik ähmiýeti Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly ýörelgesine hem-de hormatly
Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen syýasy doktrinasyna laýyklykda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir.
Serdar ARAZOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady
meseleler baradaky komitetiniň agzasy