The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

01.11.2023

HALKARA HYZMATDAŞLYGYNDA ÝAŞLARYŇ ORNY

 

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýöredýän daşary syýasaty dünýä halklarynyň abadançylygyna gönükdirilendir. Munuň özi ygtybarlylygy, açyklygy, howpsuzlygy kepillendirýän hyzmatdaş hökmünde tanalýan Türkmenistanyň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini has-da beýgeldýär. 

Innowasiýalara esaslanýan milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmäge mümkinçilik berýän giň gerimli we strategiki maksatnamalar, ösüşiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly milli nusgasy, iri halkara guramalarynyň belent münberlerinden adamzadyň parahat we bagtyýar geljeginiň hatyrasyna öňe sürlen der­wa­ýys baş­lan­gyç­lar, «Dia­log­ - pa­ra­hat­çy­ly­gyň kepili» atly ýörelgä esaslanyp, dünýä bileleşigi tarapyndan uly gyzyklanma eýe bolýar. 

Bu gün Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesil hakynda uly alada edilýär. Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyò mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen nesilleriň düzýändigini bellemek bilen, olara berkarar Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garalýandygyny nygtamagy, ýurdumyzda ýaşlara uly üns berilýändiginiň aýdyň güwäsidir. 

Ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri-de, halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmekdir. Ýaşlaryň jemgyýetdäki orny aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şeýle hem halklaryň we döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda ýaşlara uly orun degişlidir. Munuň özi parahatçylygyň we bähbitleriň hatyrasyna halklaryň we döwletleriň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlygyň kemala gelmegine gönükdirilen täze mazmunly gatnaşyklary gözläp tapmaga uly mümkinçilik berýär. Halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmegiň ýene-de bir ähmiýetli tarapy ýaşlaryň ylymda, bilimde, sportda, tehnologiýada we beýleki ugurlarda aýakdaş gitmegini gazanmakdyr. 

Ýurdumyzyň ýaşlary Ýaşlar parlamentara assambleýasynyň gepleşikler üçin açyk meýdançasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, özara bähbitli syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary giňeltmekde netijeli işleri alyp barýarlar. Türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň 2023­ - 2030 ­njy ýyl­lar üçin Strategiýasynyň» kabul edilmegi daşary ýurtlaryň ýaşlary bilen dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmekde möhüm başlangyç boldy. 

Mälim bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň goşulmagy hem türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygyndaky ornuny has-da berkitdi. Häzirki wagtda ýaşlar guramamyz ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy bolmak bilen, dünýäniň ýaşlary bilen halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly işleri durmuşa geçirýärler. 

Bu gün ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp eserinde: «Hormatly ýaşlar, mähriban inilerim, juwan ýaşly uýalarym, ogullarym hem gyzlarym! Men size şeýle sözler bilen ýüzlenýärin: Ýady ýakyn edinip, dost ýüreginiň ýylysyny duýýan, oňa salama barýan halkymyz üçin il bolmak, agzybirlik, mähribanlyk, birek-biregi eziz görmek, özüňki saýmak iň mähirli duýgulardyr, döwletli ýörelgelerdir. Ine, şu ýörelgelere eýeriň!» diýip beýan eden sargytlaryny özlerine baýdak edinip, ony dünýä ýaýmak ugrunda tutanýerli işleri alyp barýarlar. 

Ýaňy-ýakynda ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilen Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ýaşlaryň dünýäde durnukly geljegi gurmak ugrunda artýan or­nu­na bagyş­la­nyp, «Dia­log­ —­ pa­ra­hat­çy­ly­gyň kepili» atly halkara ýaşlar forumynyň geçirilmegi Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagyna, dünýäde parahatçylygyň üpjün edilmegine, ýaşlaryň halkara we dostluk hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegine uly itergi berdi. 

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, 2023-nji ýylyň noýabr aýynyň 3-nji ongünlüginde, ýurdumyzda ilkinji gezek geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumy hem ýurtlaryň bu ugurdan alyp barýan döwlet edaralarynyň arasynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmakda täze şertleri döreder. Bu bolsa ählumumy parahatçylygyň we bähbitleriň hatyrasyna halklaryň we döwletleriň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlygyň kemala gelmegine gönükdirilen täze mazmunly gatnaşyklary açmaga mümkinçilik berer. 

Bularyň ählisi ýurdumyzyň dünýäniň syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer giňişligindäki abraýyny ýokarlandyrmaga, köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär. Ýaş nesiller üçin röwşen geljegiň ak ýollaryny açýan Milli Liderimize hem-de beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň adyny buýsanç bilen göterýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işini has-da kämilleşdirmek üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize guramamyzyň ähli işjeň agzalarynyň we ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlarynyň adyndan köp-köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. 

Ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny döwlet syýasatynyň möhüm wezipesi hökmünde kesgitlän we halkara hyzmatdaşlygynda alnyp barylýan işlerde türkmen ýaşlaryna giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! 

 

Ýazpolat KERIÝEW, 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar 

guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, 

Mejlisiň deputaty