The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri agzybir halkymyzyň ilýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik maksat-tutumlarynyň, ýagşy arzuwlarynyň üstünlikli amala aşyrylýan ajaýyp zamanasydyr. Häzirki ajaýyp döwürde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli bähbitlerimizi, dost-doganlyk, hoşniýetli hyzmatdaşlyk ýörelgelerimizi naýbaşy orunda goýup, eziz Diýarymyzy ähli ugurlarda gülläp ösýän ýurda öwürmek asylly maksat bolup durýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň bagtyýar raýatlary bu babatdaky giň gerimli özgertmeleriň rowaçlyklara beslenmeginde döredijilikli zähmetiň nusgasyny görkezýärler.
Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk taryhy senesine beslenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň beýik tutumlary, röwşen geljegimize gönükdirilen iri möçberli taslamalary muny aýdyň görkezýär. Dünýä jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanmalary hem-de goldawlary bilen gurşalan şeýle döwletli tutumlar ýurdumyzyň bedew batly okgunly ösüşleriniň, ynsanperwer syýasatynyň hemişe rowaçlyklara beslenýändiginiň buýsançly beýanydyr.
Ýylyň çuň mazmunly şygary türkmen halkynyň ýurdumyzda gazanylýan taryhy üstünliklere, ýetilýän belent sepgitlere bolan milli buýsanjyny, şeýle köpugurly özgertmeleriň dowamat-dowam bolmagy babatdaky naýbaşy arzuwyny aýdyň şöhlelendirýär. Sebäbi halkymyz hemişe-de ýagşy umyt-arzuwlaryny, maksat-tutumlaryny, amala aşyrýan beýik işlerini iň eziz görýän gymmatlyklary bilen deňäp, şonuň üsti bilen beýan edipdir. Ýurdumyzyň beýik Garaşsyzlygymyza, hemişelik Bitaraplygymyza daýanýan köptaraply üstünlikleriniň bedew badyna deňelmegi muňa anyk subutnamadyr.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji aýynda Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Bütindünýä sirk federasiýasynyň we Ýewropa Sirk assosiasiýasynyň halkara şahadatnamalarynyň gowşurylmagy hem diňe bir ýylyň taryhy wakasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, türkmen halkynyň ýagşy arzuwlarynyň dabaralanmasyna öwrüldi. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna dostluk saparynyň çäklerinde «Equuleus» halkara atçylyk toplumyna baryp görmegi, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan HHR-iň Başlygy Si Szinpine Gadyrly atly ajaýyp ahalteke atyny sowgat hökmünde gowşurmagy dünýäde hoşniýetli gatnaşyklarymyzyň rowaçlyklara beslenýändiginiň güwäsidir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan beýik maksat-tutumlar bolsa elmydama bagtyýar durmuşymyzyň bezegidir.
Täze taryhy eýýamda ýurdumyzy ýokary derejede ösen, ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly, raýat jemgyýetli döwlet hökmünde gazanan halkara abraý-mertebesini has-da belende götermek babatda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere mynasyp goşant goşmagy Türkmenistanyň Demokratik partiýasy hem hemişe baş maksat edinýär. Şeýle asylly maksatdan gelip çykýan wezipelere berk eýerýän partiýanyň Balkan welaýat komiteti hem ýurdumyzda alnyp barylýan düýpli özgertmeleriň, ýubileý ýylynyň şygarynyň hem-de taryhy tutumlarynyň çuňňur many-mazmunyny, dünýä ähmiýetini açyp görkezmekde zerur tagallalary edýär. Şu maksat bilen sebitiň ilatynyň arasynda dowamly geçirýän syýasy-düşündiriş, wagyznesihat çärelerimiziň täsirli, netijeli bolmagyna aýratyn ähmiýet berýäris.
Guwanç ÇENDIROW,
Türkmenistanyň Demokratik
partiýasynyň Balkan welaýat
komitetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.