The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

09.04.2026

ÝÜREKLERI BIRLEŞDIRÝÄN YNSANPERWERLIK

Ynsanperwerlik ýörelgeleri halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren iň belent ruhy gymmatlyklarynyň biridir. Bu ugurda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy eýýam bäş ýyldan bäri netijeli işläp gelýär.

2021-nji ýylyň 29-njy martynda döredilen bu gazna gysga wagtyň içinde onlarça ojaklara umyt, mähir, nur çaýdy. Gaznanyň esasy maksady howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmek, olaryň döwrebap bilim almagyna, jemgyýetde ornuny tapmagyna ýardam bermek bolup durýar. Bu bäş ýyllyk menzil diňe bir sanlaryň däl, eýsem, halas edilen ömürleriň ýyl ýazgysydyr.

Geçen bäş ýylyň içinde gaznanyň hasabyna çagalaryň ýürek-damar, süňk-bogun kemçiliklerini we beýleki agyr kesellerini bejermek boýunça 200-den gowrak çylşyrymly operasiýalar amala aşyryldy. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky çagalar hassahanalaryna gaznanyň adyndan döwrebap enjamlaşdyrylan «Tiz kömek» awtoulaglary yzygiderli gowşuryldy. Gazna özüniň ynsanperwer işleri bilen halkara ykrarnama eýe boldy. Onuň ynsanperwer asylly işleri dünýäniň iri guramalary tarapyndan nusgalyk hökmünde bellenilýär.

Howandarlyga mätäç çagalara kömek bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy diňe bir operasiýalary maliýeleşdirmän, eýsem, çagalar hassahanalarynyň iň täze lukmançylyk sarp ediş serişdeleri bilen üpjün edilmegine hem uly goşant goşýar. Arkadag şäherinde Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň döredilmegi bu ugurda gazanylan iň belent sepgitleriň biridir. Gaznanyň bank hasaplaryna döwlet tarapyndan we meýletin raýatlar, kärhanalar tarapyndan yzygiderli geçýän serişdeler her bir çaganyň döwletimiziň üns merkezindediginiň subutnamasydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlarynyň iş ýüzündäki beýany bolan bu gazna öz mähir we howandarlyk gurşawyny giňeldýär. Sebäbi çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, geljegimiziň eýeleridir. Olaryň gülküsinde bolsa parahatçylygyň we rowaçlygyň täze sahypalary ýazylýar.

Aýnabat TOÝLYÝEWA,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.