The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli parlamentiň alyp barýan işini hil taýdan täze derejä çykarmakda yzygiderli tagalla edilýär. Şunda kanun çykaryjylygyň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek bilen bir hatarda, döwletara gatnaşyklarda ynanyşmagy berkitmäge, özara düşünişmäge, dürli milletden bolan adamlaryň arasynda deňhukuklylyga hem-de hormata esaslanýan dialogy ýola goýmaga, medeniýetleriň arasynda aragatnaşyk köprülerini gurmaga gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda dünýä döwletleriniň parlamentleri we abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary has-da işjeň ösdürilýär.
Türkmenistanyň Mejlisi Parlamentara Birleşigiň doly hukukly agzasy bolup durýar. Bu halkara düzümiň şu ýylyň ýakynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen 152-nji Assambleýasyna we onuň çäklerinde guralan çärelere milli parlamentiň wekilleri hem işjeň gatnaşdylar. Bu forum dünýäniň ykdysady ösüşine, parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmäge kanunçylyk taýdan ýardam bermek, döwrüň ählumumy howp-hatarlaryna garşy durmak, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, adam hukuklary ýaly möhüm ugurlara degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda möhüm meýdança öwrüldi.
«Umydy kemala getirmek, parahatçylygy üpjün etmek we geljekki nesiller üçin adalaty ýola goýmak» diýen mowzukda geçirilen möhüm ähmiýetli forum dünýäniň 155-e golaý ýurdundan parlamentleriň wekillerini bir ýere jemledi. Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Assambleýanyň plenar mejlislerinde, zenan parlamentarileriň we ýaş parlamentarileriň ýygnanyşyklarynda çykyş etdiler. Çykyşlarda BMG-ä agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň üç gezek ykrar edilendigi we oňa ygrarly bolup, ählumumy hem-de sebit derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply esasy we kesgitleýji şert hökmünde özara hormat goýmak dialogyny döretmäge tagalla edendigi, abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary alyp barýandygy, zenanlar we ýaşlar babatdaky tagallalar, halkara we sebitleýin hyzmatdaşlykda alnyp barylýan işler dogrusynda bellenildi.
Ýaşlaryň demokratik işjeňligini ýokarlandyrmakda halkara meýdançany döretmek we oňa täze gatnaşyjylary çekmek maksady bilen, 2010-njy ýylda birleşigiň düzüminde ýaş parlamentarileriň forumy döredildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili şu gezekki forumda eden çykyşynda ýurdumyzda ýaşlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, olaryň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda ornuny ýokarlandyrmak, başlangyçlaryny goldamak boýunça uly işleriň amala aşyrylandygy barada aýtdy. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, «Bilim hakynda» «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanunlarynda berkidilen kadalar esasynda ýaşlaryň hukuklarynyň goralýandygy, bilim almagy, ylym bilen meşgullanmagy üçin döredilýän mümkinçilikler beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara parlament we ýaşlar forumlarynda öňe sürlen başlangyçlaryň ähmiýetini bellemek ýerliklidir. Şeýle hem ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamak, täzeçil usullary, sanly hyzmatlary, ylmyň gazananlaryny we ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmakda alnyp barylýan işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Forum ýaşlaryň döwlet dolandyryşyna işjeň gatnaşmagy, olaryň kanun çykaryjy ulgamdaky ornuny giňeltmek we mümkinçiliklerini ösdürmek, ýaşlaryň başlangyçlaryny maliýeleşdirmek bilen birlikde, durnukly ösüş üçin şertleri döretmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, şol sanda bilime, tehnologiýalara elýeterliligi üpjün etmek, geljegi gurmakda parahatçylygyň we adalatyň üpjün edilmegi ugrunda ýaş parlamentarileriň öňünde durýan wezipeler babatdaky pikir alyşmalar olar üçin tejribe toplamaga, halkara tejribesini öwrenmäge döredilen giň mümkinçilikdir. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Parlamentara Birleşigiň 152-nji Assambleýasynyň gün tertibine laýyklykda, bu düzümiň Baş sekretaryny saýlamak çäresine gatnaşyp, mynasyp dalaşgäre ses berdiler.
Ýer ýüzünde parahatçylygyň höküm sürmegi — munuň özi howpsuz ýaşaýşyň, ynsan ömrüniň, nesilleriň geljeginiň ygtybarly goragynyň, gülläp ösüşleriň dabaralanmagydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany», hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaplary halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden durmuş pelsepesiniň anyk beýany bolan bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine has giňden düşünmäge mümkinçilik berýär.
Halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, parlament diplomatiýasyny has-da ilerletmekde uly tagallalar edýän Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz egsilmezdir.
Nepes ROZYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar
syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.