The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze sepgitlere tarap bedew bady bilen öňe barýar. Adam hukuklary goralýan hem-de Konstitusiýa, kanunlara daýanýan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolan eziz Watanymyzda ösüşiň täze tapgyrynda ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar. Şanly senelere, taryhy wakalara beslenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda halkymyz buýsançly baýramlaryň biri bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi hem ýokary ruhubelentlikde giňden baýram etdi.
Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolan wagtyndan bäri ýylsaýyn belent sepgitlere ýetmek bilen, parahatçylykly ösüş ýolundan ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda demokratik özgertmeleri pugtalandyrmak boýunça tagallalar edilip, döwlet dolandyryşy kämilleşdirilýär, giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer şygarlaryny döwlet syýasatynyň baş ýörelgesi hökmünde kesgitlän, Konstitusiýasynda adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip ykrar eden ýurdumyzyň taryhyna şöhratly sahypalar ýazylýar. Beýik geçmişli türkmen halkynyň döwlet gurluşy babatda toplan baý taryhy tejribesiniň, täze eýýamda kemala gelen erk-isleginiň, umumy ykrar edilen demokratik ýörelgeleriň esasynda amala aşyrylan konstitusion özgertmeler ýurdumyzyň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk binýadyny has-da berkitdi.
Pederlerimizden miras galan ýörelgelerden — ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk ýygnaklaryny geçirip, wajyp syýasy, ykdysady, durmuş meselelerini çözmek däplerinden ugur alnyp, ilatyň giň gatlagynyň döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna degişli möhüm çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi. Bu konstitusion özgertme raýatlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň, kanuny bähbitleriniň goragynyň kepilliklerini güýçlendirmekde, halk häkimiýetliliginiň we döwlet dolandyryşynyň kämilleşdirilmeginde, döwletimiziň berkararlyk binýadyny pugtalandyrmakda taryhy wakadyr.
Häzirki wagtda Türkmenistan halkara bileleşikde eýeleýän abraýly ornuny barha berkidýär. Ýurdumyzyň ählumumy gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri, şol sanda ekologiýa, daşky gurşawy goramak, durnukly ulag, energetika, parahatçylygy üpjün etmek, halkara gatnaşyklarda dialog medeniýetini berkitmek boýunça öňe sürýän oňyn başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynda öňe süren başlangyçlarynyň möhüm ähmiýete eýedigini nygtamak gerek. Döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň belent münberinden 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek barada öňe süren teklibi parahatçylyk, ynanyşmak we hoşniýetli hyzmatdaşlyk, özara bähbitlilik, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleriniň halkara hukuk binýatlaryny berkitmekde örän derwaýys başlangyçdyr.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň Esasy Kanuny, jemgyýetimiziň kanunçylyk-hukuk esaslarynyň gözbaşy we mizemez binýadydyr. 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen Esasy Kanunymyz ýurdumyzyň ösüş derejesine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirildi, onda döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçen taryhy ähmiýetli wakalar öz beýanyny tapdy. Öňdebaryjy dünýä tejribesiniň, milli hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň esasyny düzýän ýörelgeleriň ornaşdyrylmagy bilen, Konstitusiýamyz diňe bir mazmun taýdan däl, eýsem, gurluş taýdan hem düýpli özgerdildi. Munuň özi ähli ulgamlarda döwlet syýasatyny düzgünleşdirýän kanunlaryň kämilleşdirilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir. Esasy Kanunymyzyň yzygiderli kämilleşdirilmegi ýurdumyzda kanun çykaryjylyk işiniň dünýä tejribesine laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagy üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Geçirilen konstitusion özgertmeleriň netijesinde Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen ýola goýan we barha işjeň häsiýete eýe bolýan hyzmatdaşlygynyň çäklerinde parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine-de giň ýol açyldy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryny, ösüş ýolunda gazanýan üstünliklerini, dünýewi we hukuk döwletini gurmagyň tejribesini parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek üçin Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan degişli işler alnyp barylýar. Ýakynda halkyň bagtyýarlygynyň kepili bolan Konstitusiýanyň ähmiýetini göz öňünde tutup, parlamentleriň milli tejribelerini paýlaşmak, bilelikdäki hereketleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleriniň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň parlamentleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda utgaşykly görnüşde «Konstitusiýa — ýurtlaryň ösüşiniň we jemgyýetiň abadançylygynyň hukuk kepili» atly maslahat geçirildi. Onda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň bellenilýän günlerinde dostlukly döwletleriň, halkara guramalaryň wekilleri bilen hukuk ulgamynda iň gowy tejribeleri alyşmak, halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde Konstitusiýanyň, milli kanunçylygyň orny, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň parlamentleriniň arasynda kanun çykaryjylyk işini döwrebaplaşdyrmakda durmuşa geçirilýän işler, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara we milli hukuk kadalarynyň utgaşdyrylmagynyň ähmiýeti barada pikir alşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hem Bitarap döwletimiziň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny alamatlandyrýan mukaddes nyşanlaryň biridir. Ýaşyl baýdagymyz biziň milli guwanjymyzdyr, halkymyzy galkyndyrýan, eziz Watanymyzyň bähbitlerine beýik maksatlara ruhlandyrýan buýsançly döwlet nyşanymyzdyr. Merdana halkymyzyň şöhratly taryhynyň bütin dowamynda baýdaga milli gymmatlyklaryň biri hökmünde uly sarpa goýlupdyr. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynyň we beýleki halkara guramalaryň, şeýle-de daşary döwletlerdäki diplomatik wekilhanalarymyzyň öňünde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň, hemişelik Bitaraplygynyň, parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň, türkmen halkynyň milli galkynyşynyň, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň, döwletliligiň, bitewüligiň nyşany hökmünde al-asmanda parlaýar.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde milli kanunçylygyň berk binýady döredildi, häzirki zaman kanunçylygynyň milli nusgasy kemala geldi. Bu günki gün ýurdumyzyň milli hukuk ulgamyny kämilleşdirmek, ony döwrüň talaplaryna hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Mejlisi öz esasy wezipesini kabul edilen maksatnamalary kanunçylyk taýdan üpjün etmekde, syýasy, ykdysady, hukuk ulgamlarynyň ösüş ugurlaryny Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we dünýä tejribesine laýyk getirmekde, kanun çykaryjylyk, parlament işini döwrüň talaplaryna laýyklykda alyp barmakda görýär. Esasy Kanunymyza laýyklykda kabul edilýän kanunlar raýatlaryň syýasy, ykdysady we durmuş hukuklarynyň iş ýüzünde üpjün edilmegine uly goşant goşýar.
Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýarlygyny, nurana geljegini üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan tutumly işleriň baş maksady her bir adamyň bolelin, abadan durmuşda ýaşamagy, eziz Watanymyzyň ykdysady, döredijilik kuwwatyny has-da artdyrmak üçin netijeli zähmet çekmegi üçin şertleri döretmekden ybaratdyr. Goşa mukaddesligimiz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy bolsa bu işde biziň ählimizi belent maksatlara ruhlandyrýar. Asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli döwletliligimizi, beýik ösüşlerimizi dowamata atarýan Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, döwletli tutumlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Dünýägözel GULMANOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy.