The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda sagdyndurmuş ýörelgelerini berjaý etmekboýunça alnyp barylýan döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň dürli ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda zähmet çekýän ildeşlerimiziň arasynda zyýanly endikleriň ýaramaz täsirini düşündirmeklige,sagdyn-durmuş, milli ahlak ýörelgelerini halk köpçüligine ýetirmeklige bagyşlanylan wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Golaýda Türkmenistanyň söwda toplumynda hem şeýle wagyz-nesihat duşuşygy guraldy.
Wagyz-nesihat duşuşygynda edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan saglyk syýasatynyň esasy maksady ilatyň saglygyny hasda gowulandyrmakdan, her bir türkmenistanlynyň abadan durmuşyny üpjün etmekden, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmakdan, raýatlar üçin saglygy goramak babatda hemmetaraplaýyn giň mümkinçilikleri, döwrebap şertleri üpjün etmekden, saglygy goraýşy halkara ölçeglere laýyklykda ösdürmekden hemde innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna wetejribelerine esaslanýan kämil, ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmekden ybaratdyr.
Eziz Diýarymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň özboluşly milli nusgasy halkymyzyň köpasyrlyk sagdyn-durmuş ýörelgelerini dünýäniň bu ugurdaky öňdebaryjy tejribeleri bilen birleşdirýär. Muňa mysal edip, ene-mamalarymyzyň dürli ösümlik otlaryndan taýýarlanan melhemlerden, ata-babalarymyzyň at üstündäki oýunlardan we taryhdan gelýän beýleki saglygy berkidýän durmuş endiklerinden peýdalanyp, dertleriň öňüni alandyklaryny, kesellere şypa tapandyklaryny, bu günki günde şol däpleriň döwrüň iň täze lukmançylyk tejribeleri bilen utgaşyp, ildeşlerimiziň sagdyn durmuşda ýaşamagyna hyzmat edýändigini görkezmek bolar.
Mälim bolşy ýaly, ähli ýaşdaky raýatlaryň saglygyny goramak, olaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek, adamyň ýaşy bilen baglylykda döräp biljek dürli keselleriň öňüni alyş we bejeriş işlerini ýola goýmak döwletiň iň möhüm wezipeleriniň biridir.
Bilşimiz ýaly, saglygy goraýyş ulgamynda maksatnamalar hem strategiýalar döwrüň talaplaryna we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maslahatlaryna laýyklykda yzygiderli kabul edilýär. Jemgyýetimizde saglyga zyýan ýetirýän ýaramaz endiklere garşy göreşmek, halkymyzyň, aýratynda, ýaşlarymyzyň beden we ruhy taýdan sagdynlygyny gazanmak üçin bimöçber uly işler durmuşa geçirilýär.
«Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi temmäkä garşy göreşmek boýunça ýurdumyzyň dünýäde öňdebaryjy orny eýeleýändigini aýdyň görkezýär. Ýurdumyz dünýä derejesinde temmäki önümlerini ulanmakda iň pes görkezijä eýe bolmak bilen, ynsan saglygyna zyýan ýetirýän bu wehimden azat ýurt hökmünde bellidir.
Ata Watanymyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasynda alnyp barylýan giň gerimli işlerde, gazanylýan üstünliklerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köpjiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň ähmiýeti hem örän uludyr. Bu düýpli ylmy iş ýurdumyzyň lukmançylyk ylmynyň ösdürilmegi bilen bir hatarda dünýä fitoterapiýasynyň kämilleşdirilmegine hem uly goşant goşdy.
Mähriban halkymyzyň saglygyny goramak ugrunda uly tagallalary edýän, saglygy goraýyş ulgamynda giň özgertmeleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan asylly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Serdar ARAZOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Mejlisiň Ykdysady meseleler baradaky
komitetiniň agzasy.