The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüji daşary syýasaty netijesinde Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary barha berkeýär. Ýurdumyzyň halkara giňişliginde parahatçylygy we hoşniýetli hyzmatdaşlygy dabaralandyrmaga gönükdirilen asylly başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Bu halkara teklipler diňe bir Watanymyzyň däl, eýsem, tutuş sebitiň we dünýäniň durnuklylygyny, howpsuzlygyny hem-de gülläp ösmegini üpjün etmäge gönükdirilendir. Şunda ekologiýa diplomatiýasy ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde çykyş edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasadyndan kemala gelen halkara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri dünýä halklarynyň parahat we bagtyýar durmuşynyň kepilidir. Ýurdumyzyň parlamentara gatnaşyklarynyň barha rowaçlanmagy Türkmenistanyň ählumumy abadançylygyň hatyrasyna öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä derejesinde dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, golaýda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde geçirilen Zenanlaryň ikinji Aziýa forumyna hem-de onuň çäklerinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň mejlisine gatnaşdy. Forumyň gün tertibiniň özenini ylym, bilim, ekologiýa durnuklylygy we emeli aň ýaly häzirki zamanyň möhüm ugurlarynda zenanlaryň ornuny berkitmek bilen bagly meseleler düzdi.
Häzirki zaman dünýäsinde «ýaşyl» tehnologiýalar we ekologiýa diňe bir ylmyň ösüş ugry däl, eýsem, tutuş adamzat jemgyýetiniň ykdysady we durmuş durnuklylygynyň özeni bolup durýar. Tebigy baýlyklary tygşytly ulanmak we daşky gurşawy goramak iň derwaýys wezipeleriniň hataryna girýär. Ýurdumyz bu ugurda dünýä bileleşiginiň öňünde jogapkärli hyzmatdaş hökmünde çykyş edip, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri hökmünde yglan etdi.
Türkmenistan BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny goldamak bilen, Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýany we Pariž ylalaşygyny gyşarnyksyz berjaý edýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän Milli tokaý maksatnamasy we Aral deňziniň sebitindäki ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen başlangyçlar munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu çäreler diňe bir milli bähbitleri däl, eýsem, tutuş sebitiň ekoulgamyny geljekki nesiller üçin amatly ýagdaýda saklamagy maksat edinýär. Döwletimiziň durmuş-ykdysady strategiýasy ekologiýa talaplary bilen berk utgaşýar. Ýigrimiden gowrak halkara konwensiýalaryň agzasy bolan ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna energiýany tygşytlaýjy we daşky gurşaw üçin zyýansyz «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar.
Howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde ýurdumyz anyk we netijeli ädimleri ädýär. Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagyň çäginde ýörite «Ýol kartasynyň» kabul edilmegi we pudagara toparyň döredilmegi bu ugurdaky işleriň ulgamlaýyn häsiýete eýedigini subut edýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda ekologiýa syýasatynyň berk kanunçylyk binýady kemala getirildi. Tebigy serişdeleri goramak we olardan rejeli peýdalanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Kanunlarynyň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kabul edilmegi daşky gurşawyň howpsuzlygyny üpjün etmekde ygtybarly hukuk kepilligi bolup hyzmat edýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Buhara şäherinde geçirilen Zenanlaryň ikinji Aziýa forumyna hem-de Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogyna gatnaşmagy ýurdumyzyň umumadamzat ähmiýetli meseleleri çözmek ugrundaky tagallalarynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Bu sapar Türkmenistanyň sebit we dünýä derejesinde ekologiýa diplomatiýasyny ösdürmekdäki işjeň ornuny görkezmek bilen bir hatarda, ýurdumyzda zenanlaryň hukuklarynyň goralmagy we olaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi baradaky döwlet syýasatynyň dabaralanýandygyny subut etdi.
Ýurdumyzyň halkara abraýyny beýgeldip, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Baýramgözel MYRADOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar
syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.