The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiz özüniň parahatçylyk söýüjilikli we belent maksatly daşary syýasy ugruny yzygiderli dowam etdirýär. Dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen ýola goýlan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň çäginde ykdysady, ulag, suw we energetika, ekologiýa hem-de daşky gurşawy goramak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.
Häzirki wagtda adamzat jemgyýetiniň öňünde duran iň möhüm meseleler ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşyklydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly Konwensiýasynyň, Biologik dürlülik baradaky Konwensiýasynyň we beýleki halkara resminamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar we daşky gurşawy goramak boýunça netijeli başlangyçlary öňe sürýär. Häzirki wagtda bu ugurda amala aşyrylýan milli strategiýa Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş maksatlary hem-de ekologiýany goramak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda nygtaýşy ýaly, durnukly ösüş konsepsiýasy üç sany esasy ugry, ýagny ykdysady, durmuş we ekologiýa ugurlaryny birleşdirmegiň netijesinde peýda bolandyr. Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny gazanmak we suw serişdelerini netijeli dolandyrmak boýunça döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň esasyny parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we «Açyk gapylar» syýasaty düzýär. Ýurdumyz energiýa, ulag-logistika, suw diplomatiýasy we ekologiýa ýaly möhüm meselelerde halkara başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär.
Türkmenistan döwletimiziň halkara we sebit guramalary bilen dürli ugurlarda şeýle hem tebigaty goramak biologiýa taýdan köpdürlülik baradaky, ozon gatlagyny goramak baradaky, serhetüsti suw akymlaryny, halkara kölleri goramak we ulanmak bilen baglanyşykly bilelikde amala aşyrylýan we beýleki birnäçe halkara hukuk resminamalary görkezmek bolar. Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak baradaky Çarçuwaly Konwensiýa, Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýa, Çölleşmä garşy göreşmek boýunça konwensiýa, Ýabany haýwanlaryň göçýän görnüşleriniň goralyp saklanylmagy boýunça Konwensiýa, Suw-batgalyk ýerler hakyndaky Ramsar konwensiýasy netijeli hyzmatdaşlygyň ähmiýetini görkezýär. Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek, BMG-niň Suw strategiýasyny we Aral deňzi sebiti üçin ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Aral meselesini BMG-niň işiniň aýratyn ugruna öwürmek, Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça anyk wezipeler durmuşa geçirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň degişli maddalarynda tebigy serişdeleri rejeli ulanmaga we daşky gurşawy goramaga döwlet gözegçiligi baradaky düzgünler berkidilip, döwrüň talaplaryna hem-de umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda, işlenip taýýarlanylýar. Türkmenistanyň «Tebigaty goramak hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Agyz suwy hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Himiýa howpsuzlygy hakynda», «Galyndylar hakynda», «Öri meýdanlar hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda», «Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda», «Uglewodorod serişdeleri hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda» Kanunlary, şeýle hem Tokaý we Suw kodeksleri hereket edýär we olar yzygiderli kämilleşdirilýär.
Türkmenistan ekologiýa meselelerine möhüm ähmiýet bermek bilen tebigy baýlyklary we biodürlüligi artdyrmaga, gorap saklamaga gönükdirilen netijeli çäreleri yzygiderli geçirýär.
Serdar GAÝYPOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň başlygy.