The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

28.05.2026

KÄRHANAMYZYŇ ÝEŇIŞLI GADAMLARY

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halk hojalygynda durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmeler rowaçlanýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty ýokarlanyp, dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryndaky orny has-da pugtalanýar.

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň iri pudagy bolan oba hojalygynyň çalt depginlerde we durnukly ösdürilmegine uly üns berýär. Ýurdumyzda pagtanyň, dänäniň, gant şugundyrynyň bol hasyly alynýar. Dokma senagatynyň kärhanalary üçin gymmatly çig mal bolan pagtanyň öndürilişine möhüm ähmiýet berilýär. Şu ýerde bir zady nygtamalydyrys. Garaşsyzlyk ýyllarynda pagtany gaýtadan işläp, bäsleşige ukyply taýýar önümleriň alynmagy döwletimiziň ykdysady ösüşinde aýgytly ädim boldy. Munuň özi Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň has-da ýokarlanmagyna itergi berdi.

Pagta arassalaýjy kärhanamyzda önümçilik talabalaýyk ýola goýlup, ýokary görkezijiler gazanylýar. Kärhanamyzyň bölümleriniň sazlaşykly işi pagtany gaýtadan işlemekde ýokary netijeleriň gazanylmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Pagta gaýtadan işlenende alynýan süýümiň hili hemişe ýokary gözegçilikde saklanylýar. Kärhanamyzda geçen ýylyň pagta hasyly gaýtadan işlenilýär. Bu ýerde tehnologiki düzgün-nyzamyň berk berjaý edilmegi işimiziň ilerlemegine kuwwatly itergi berýär.

Türkmen ili hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda şanly ýylymyzy uly üstünliklere beslemek maksadynda tutanýerli zähmet çekýär. Şu ýörelgä eýerýän kärhanamyzyň zähmetsöýer adamlary “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň taryhy wakasy boljak Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň baýramyna mynasyp sowgatly barýarlar.

Kerwen ZYRRYÝEW.

Garagum pagta arassalaýjy kärhanasynyň

taýýar önümler we çig mal bölüminiň başlygy,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky

Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.