​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
11.06.2026

TÄZE EÝÝAMYŇ ÝAŞLAR ŞÄHERI

Türk­men­ top­ra­gy­nyň ­gö­zel ­kün­jek­le­ri­niň ­bi­ri ­bo­lan­ Kö­pet­da­gyň ete­gin­de ­bi­na ­edilen Ar­ka­dag­ şä­he­ri ­bu­ gün­ tä­ze ­döw­rüň­ ru­hu­ny,­ ýaş­ nesil­le­riň­ ar­zuw­la­ry­ny, ­döw­re­bap ýa­şa­ýyş ­me­de­ni­ýe­ti­ni ­özün­de­ jemleýän ­aja­ýyp ­me­ka­na ­öw­rül­di. Bu ­şä­he­riň ­keş­bin­de ýaş­ly­gyň hyjuwy, gel­je­giň­ yna­my, ­hal­ky­my­zyň­ gur­ma­ga, ­dö­ret­mä­ge, ­aba­dan­ ýaşa­ma­ga bo­lan ­be­lent ­erk-is­le­gi ­aý­dyň ­gö­rün­ýär.

Ýur­du­my­zyň­ şä­her­gur­lu­şyk­ ta­ryhyn­da­ aý­ra­tyn­ sa­hy­pa­ bo­lup,­ ol ýaş­la­ryň ­oka­ma­gy, ­iş­le­me­gi, ­dö­redi­ji­lik­li ­zäh­met­ çek­me­gi, ­maş­ga­la bolup, ­bag­ty­ýar ­dur­muş­da ­ýa­şa­ma­gy ­üçin äh­li ­şert­le­ri ­özün­de­ jem­le­ýän­ döw­re­bap ­şäher ­hök­mün­de­ da­ba­ra­lan­ýar.

Dün­ýä­ tej­ri­be­sin­de­ ýaş­lar­ üçin­ amat­ly şä­her­le­ri ­dö­ret­mek ­hä­zir­ki­ döw­rüň­ mö­hüm ugur­la­ry­nyň ­bi­ri­dir. ­Stam­bul,­ Şi­raz, ­Do­ha­ ýaly ­şä­her­ler­ dür­li ­ýyl­lar­da ­Ys­lam­ Hyz­mat­daşlyk­ Gu­ra­ma­sy­nyň ­Ýaş­lar ­paý­tag­ty hökmünde­ yk­rar ­edil­di. ­Du­baý ­ýaş­la­ryň­ ýa­şa­mak ­we iş­le­mek­ is­le­ýän­ öňde­ba­ry­jy­ mer­kez­le­ri­niň bi­ri­ hök­mün­de­ ta­nal­ýar.­ Hy­taý­da­ Pe­kin,­ Şanhaý,­ Şenç­žen,­ Çen­du­ ýa­ly­ şä­her­ler ýaş­la­ryň ­ösü­şi­ne ­gö­nük­di­ri­len şäher­ler ­hökmün­de­ ös­dü­ril­ýär.­ Ko­re­ýa ­Res­pub­li­ka­syn­da ýaş­lar­ üçin­ amat­ly­ şä­her­le­ri­ bel­le­mek­ boýun­ça­ ýö­ri­te ­hu­kuk­ bin­ýa­dy­ he­re­ket ­ed­ýär. Mer­ke­zi ­Azi­ýa­da ­Al­ma­ty, ­Biş­kek, ­Daş­kent,­ Sa­mar­kant­ ýa­ly­ şä­her­ler­ ýaş­la­ryň­ bi­li­me,­ in­no­wa­si­ýa ­we­ te­le­ke­çi­li­ge ­gat­naş­ýan ­merkez­le­ri­ hökmün­de ­öňe­ çyk­ýar.

Şun­da­ Ar­ka­dag ­şä­he­ri­niň ­ta­pa­wu­dy ­onuň di­ňe­ ýaş­lar­ üçin­ amat­ly­ gur­şaw­ hök­mün­de däl, ­eý­sem, ­baş­dan­aýak ­tä­ze­çil ­pi­kir, ­san­ly ul­gam, eko­lo­gi­ýa ­aras­sa­ly­gy ­we ­bag­ty­ýar ­ýaşa­ýyş­ ýö­rel­ge­si ­esa­syn­da­ bi­na edilen ­şä­her bol­ma­gyn­da­dyr.­ Dün­ýä­niň­ ýaş­lar­ şä­her­le­ri bi­len­ deňeşdirilen­de, ­Ar­ka­dag ­şä­he­ri­niň­ aý­ratyn­ly­gy ­onuň­ tä­ze ­bin­ýa­dyn­dan baş­lap, ­ýaşla­ryň­ gel­je­gi­ne­ gö­nük­di­ril­me­gin­de­dir.­ My­sal üçin,­ Dakkanyň ­Ýaş­lar­ paý­tag­ty ­hök­mün­de yk­rar­ edil­me­gi­ ýaş­la­ryň ­jem­gy­ýet­çi­lik ­we ykdy­sa­dy ­ösüş­dä­ki ­or­nu­na ­esas­lan­ýar,­ Hul­huma­le ­ýaş ­ila­tyň­ ýa­şa­ýyş jaý, ­dynç­ alyş­ we ­işüp­jün­çi­li­gi­ ze­rur­lyk­la­ry­ny­ ka­na­gat­lan­dyr­mak üçin­ ösdüril­ýär. ­Kat­man­du,­ Ko­lom­bo, ­Tim­pu ýa­ly ­şä­her­ler ­ýaş­lar ­fo­rum­la­ry, ­li­der­lik ­mak­satna­ma­la­ry, ­bi­lim ­we ­jem­gy­ýet­çi­lik­ baş­lan­gyçla­ry­ bi­len tanal­ýar. ­Ar­ka­dag ­şä­he­rin­de ­bol­sa bu ­ugur­la­ryň ­äh­li­si­—­ýa­şa­ýyş,­ bi­lim, sag­lyk,­ sport, ­me­de­ni­ýet, ­san­ly­ hyz­mat­lar,­ eko­lo­gi­ýa,­ iş­ üp­jün­çi­li­gi ­we jem­gy­ýet­çi­lik ­ra­hat­ly­gy ­bir ­bite­wi ­şä­her­gur­şa­wyn­da ­jem­len­ýär.

«Ar­ka­dag­ şä­he­ri ­ýaş­la­ryň­ şä­he­ri­dir»­ diýmek­ üçin­ onuň ­di­ňe ­tä­ze bi­na­la­ry­na, ­giň ­şa­ýolla­ry­na­ ýa-­da ­owa­dan ­se­ýil­gäh­le­ri­ne ­se­ret­mek ýeterlik­ däl.­ Bu­ şä­he­riň­ ru­hu­na­ se­ret­me­li.­ Onuň­ ru­hun­da ­her ­bir ­ýaş raýat ­üçin­ amat­ly ýa­şa­ýyş, ­ta­lyp­lar ­üçin ­döw­re­bap ­bi­lim, ­ola­ry höweslen­dir­mek­ üçin­ bir­nä­çe­ ta­lyp­ hak­la­ry,­ hü­när­men­ üçin­ tä­ze­ iş ­or­ny, ­ça­ga ­üçin ­bagt­ly ça­ga­lyk, ­dö­re­di­ji ­ýaş­lar­ üçin­ giň ­müm­kin­çi­lik bar. Şähe­riň­ bi­rin­ji ­tap­gy­ryn­da ­müň­ler­çe ­maşga­la ­ni­ýet­le­nen ­döw­re­bap ýaşaýyş ­jaý­la­ry­nyň bi­na ­edil­me­gi, ­ikin­ji ­tap­gyr­da­ bol­sa, ­tä­ze ­ýa­şaýyş top­lum­la­ry­nyň, ­or­ta ­mek­dep­le­riň,­ ça­ga­lar bag­la­ry­nyň, ­me­de­ni-durmuş mak­sat­ly des­ga­la­ryň ­gur­lu­şy­gy­nyň ­meýil­leş­di­ril­me­gi ­onuň ýaş­ nesil­le­riň­ gel­je­gine­ gö­nük­di­ri­len­ şäher­di­gi­ni ­aý­dyň ­gör­kez­ýär.

Şu ­ýy­lyň ­2-­nji ­ma­ýyn­da Gahryman­ Arkadagymyzyň­ «akylly»­ şähe­re ­iş ­sa­pa­ry­ny ama­la­ aşyr­ma­gy,­ on­da­ky gur­lu­şyk ­iş­le­ri­niň­ al­nyp barly­şy,­ gu­rul­ýan­ we­ gu­rul­ma­gy ­me­ýil­leş­diril­ýän­ des­ga­la­ryň­ şe­kil­ taslama­la­ry­ bi­len ta­nyş­ma­gy­ hem­ bu­ ju­wan­ şä­he­re­ ýaşlaryň mümkinçilikleri ­babatda­ aý­ra­tyn ­üns ­be­ril­ýändi­gi­niň ­ala­ma­ty­ boldy. Milli ­Li­de­ri­mi­ziň ­türk­men hal­ky­nyň­ bag­ty­ýar­ ýa­şa­ý­şy­ny­ ile­ri­ tut­mak bilen­ bir­ ha­tar­da, ­tä­ze­ şä­her­de­ döw­re­bap bi­lim ­ojak­la­ry­ny ­gu­ra­mak,­ bilim­ al­ýan­ ýaş­la­ry hö­wes­len­dir­mek ­üçin­ bir­nä­çe ­ta­lyp ­hak­la­ry­ny girizmek ­ba­bat­da ­hem­me­ta­rap­la­ýyn ­gym­matly­ mas­la­hat­la­ry­ny­ ber­me­gi­ ýa­ş­lar­ ha­k­da­ky ala­da­nyň ­ýe­ne ­bir ­my­sa­ly­dyr.

Döw­rüň­ tä­ze­çil ­teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ­bi­len ­ut­gaşyk­ly ­al­nyp ­ba­ryl­ýan gur­lu­şyk ­iş­le­ri­ Ar­ka­dag şä­he­ri­niň­ naý­ba­şy­ şä­he­re­ öw­rül­me­gi­ne ge­tir­di. Mä­lim­ bol­şy­ ýa­ly,­ «akyl­ly»­ şä­he­riň bi­rin­ji­ tap­gy­ryn­da­ türk­men­ te­le­ke­çi­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da­ je­mi­ ba­ha­sy­ 11­ milliard 500­ million­ ma­na­da golaý­ bo­lan­ 337 ­sa­ny des­ga ­gur­lup ­ulan­ma­ga ­be­ril­di. ­Şun­da ­bolsa­ türkmen­ ýaş­la­ry­nyň ­aý­ra­tyn ­or­ny ­bar­dyr.­ Çün­ki­ şä­her­ ýur­du­my­zyň­ ugurdaş­ ýo­ka­ry okuw­ mek­dep­le­ri­niň ­pro­fes­sor ­mu­gal­lym­la­ry we talypla­ry ­üçin ­na­za­ry­ýetde ­alan ­bi­lim­le­ri­ni ama­ly­ýet­de ­ut­gaş­dyr­ma­ga­ öz­bo­luş­ly ­mekdep­ bol­dy.­ Hu­su­san­da,­ Türk­me­nis­ta­nyň Oguz­ han­ adyndaky ­In­že­ner-­teh­no­lo­giýa­lar uni­wer­si­te­tin­den,­ Ýag­şy­gel­di Kakaýew ­adynda­ky­ Hal­ka­ra ­ne­bit ­we­ gaz ­uni­wer­si­te­tin­den,­ Türk­men­ döw­let binagär­lik-­gur­lu­şyk ­ins­ti­tutyn­dan,­ Türk­me­nis­ta­nyň ­Te­le­kom­mu­ni­ka­siýalar ­we­ in­for­ma­ti­ka­ ins­ti­tu­tyn­dan, ­Türk­menis­ta­nyň ­In­že­ner-­teh­ni­ki ­we ulag ­kom­mu­nika­si­ýa­la­ry ­ins­ti­tu­tyn­dan, ­Türk­men­ döw­let ­ykdy­sa­dyýet­ we­ do­landy­ryş­ ins­ti­tu­tyn­dan je­mi­ 240­ sa­ny ­ta­lyp­ bu döw­re­bap şähe­riň­ ýa­şa­ýyş-jaý­la­ry­nyň­ je­mi­ 12-­si­ne ­«akylly­ öý»­ ul­ga­my­ny­ or­naş­dyr­mak­ işi­ne çe­kil­di. ­Ýo­ka­ry­ okuw ­mek­dep­le­ri­niň­ pro­fessor­ mu­gal­lym­la­ry­nyň ­we ­ta­lyp­la­ry­nyň­ gat­naşmak­la­ryn­da ­bu ­ýer­de ­zäh­met ­çek­ýän işgär­ler üçin ­san­ly­ ul­gam ­bi­len ­bag­la­ny­şyk­ly ­okuw­lar ge­çi­ril­di. ­Şeý­le hem ­san­ly­ ul­ga­my­ or­naş­dyrmak­ ug­run­da ­al­nyp­ ba­ryl­ýan ­iş­le­riň­ çä­gin­de,­ ýur­du­my­zyň­ ýo­ka­ry­ okuw­ mek­dep­le­ri­niň mu­gal­lym­la­ry­nyň­ we­ ta­lyp­la­ry­nyň­ gat­naşmak­la­ryn­da ­iş­le­nip­ dü­zü­len­ bi­lim ­ul­ga­my­nyň san­ly­ çöz­güt­le­ri­ni,­ ýag­ny­ mek­dep,­ mu­gal­lym,­ ata­-ene­ hem­ okuw­çy­ üçin­ mag­lu­mat­la-ry on­laýn­ usul­da­ al­ma­ga ­müm­kin­çi­lik­ ber­ýän mek­dep­ ul­ga­my­ny, ­ta­lyp­la­ryň ­oku­wa­ de­giş­li mag­lu­mat­la­ry­ öz­leş­dir­mek­le­ri­ne ­müm­kin­çi­lik berýän ­bi­lim­ por­ta­ly­ny,­ okuw­ mak­sat­na­mala­ry­na­ gi­ri­zi­len­ ki­tap­la­ryň­ ähli­si­ni­ bir­ ýer­de jem­le­ýän­ san­ly­ ki­tap­ha­na­ ul­ga­my­ny, ­on­laýn ders­ bäs­le­şik­le­ri­ni­ we­ ga­raş­syz­ sy­nag­la­ry ge­çir­mä­ge­ müm­kin­çi­lik­ ber­ýän­ «Ze­hin» at­ly san­ly­ ul­ga­my ­işe ­gi­riz­mek­ bi­len­ bag­ly ­iş­ler ge­çi­ril­di.

Bu­ şä­he­riň­ ýaş­lar­ bi­len­ bag­la­ny­şy­gy onuň­ ýa­şa­ýyş­ me­de­ni­ýe­tin­de­ has­ aý­dyň gö­rün­ýär.­ Döw­re­bap ­ýa­şa­ýyş ­jaý­la­ry,­ san­ly hyz­mat­lar,­ amat­ly­ şert­ler,­ bi­lim­ eda­ra­la­ry,­ sag­ly­gy ­go­ra­ýyş, ­sport,­ me­de­ni­ýet­ we­ dynç alyş­ müm­kin­çi­lik­le­ri­ bir­ bi­te­wi­ ul­gam­ hökmün­de­ saz­laş­ýar.­ Dün­ýä­niň ­köp şä­her­le­rinde ­ýaş­lar ­üçin ­aý­ra­tyn­ et­rap­lar, ­mer­kez­ler ýa-­da ­mak­sat­na­ma­lar ­dö­re­dil­ýär. ­Ar­ka­dag şä­he­rin­de ­bol­sa ­ýaş­lar­ üçin­ amat­ly­lyk ­şä­heriň umu­my ­gur­lu­şy­nyň ­öze­ni­ne­ siň­di­ri­len­dir.­ Bu­ bi­te­wi­ saz­la­şyk­ ýaş­ ne­sil­le­riň­ di­ňe­ bir döw­re­bap­ şert­ler­de­ ýa­şa­ma­gy­ny­ däl,­ eýsem,­ ola­ryň­ jem­gy­ýet­çi­lik­ we­ dö­re­di­ji­lik ukyp­la­ry­nyň ­do­ly ­açyl­ma­gy­ny­ üp­jün­ ed­ýän                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                 tä­ze ­şä­her­ me­de­ni­ýe­ti­ni­ ke­ma­la ­ge­tir­ýär.

Bir­le­şen ­Mil­let­ler ­Gu­ra­ma­sy­nyň ­Dur­nuk­ly ösüş ­mak­sat­la­ry­ bi­len­ bag­la­ny­şyk­ly ­maglu­mat­lar­ynda­ Ar­ka­dag­ şä­he­ri­niň­ «akyl­ly şä­her» taslama­sy­nyň ­dur­nuk­ly­ ösü­şi, ­tehno­lo­giýada ­ösen, ­eko­lo­gi­ýa ­babatda aras­sa we ­dur­muş ­taý­dan­ öz­ içi­ne ­aly­jy ­şä­her­ gurşa­wy­ny ­dö­ret­mä­ge gönük­di­ri­len­di­gi­ bel­le­nilýär. ­Bu­ hal­ka­ra­ de­re­je­sin­dä­ki­ ga­ra­ýyş ­hem Arka­dag ­şä­he­ri­niň­ di­ňe ­milli ­şä­her ­gur­lu­şyk tas­la­ma­sy ­bol­man,­ eý­sem, gel­je­giň­ şä­herle­ri­ ba­ra­da­ky­ dün­ýä­ de­re­je­si­ne­ go­şul­ýan nus­ga­lyk başlangyç­dy­gy­ny ­gör­kez­ýär.

Ar­ka­dag­ şä­he­ri­niň­ hal­ka­ra­ gi­ňiş­li­gin­de yk­rar ­edil­me­gi­ onuň­                      ýaş­lar ­şä­he­ri ­hök­mündä­ki­ or­nu­ny­ has­da­ ber­kid­ýär.­ Ýa­kyn­da şä­he­riň­ gaza­nan­ üs­tün­lik­le­ri­niň­ Ba­ku­wda ge­çi­ri­len­ Şä­her­le­riň­ bü­tin­ dün­ýä­ fo­ru­my­nyň 13-­nji­ mej­li­sin­de­ ta­nyş­dy­ryl­ma­gy,­ onuň şä­her­gur­lu­şyk,­ san­ly ulgam, ­eko­lo­gi­ýa ­we in­no­wa­si­ýa ­ba­bat­da­ dün­ýä­de ­re­je­sin­de ­gyzyk­lan­ma­ dö­red­ýän­di­gi­ni ­gör­kez­di.

                                                                                                              

Ýaz­po­lat­ KE­RI­ÝEW,

Türk­me­nis­ta­nyň ­Mag­tym­gu­ly ­adyn­da­ky

Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň ­Mer­ke­zi ­ge­ňe­şi­niň

baş­ly­gy, ­Mej­li­siň ­de­pu­ta­ty.