Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Türkmen topragynyň gözel künjekleriniň biri bolan Köpetdagyň eteginde bina edilen Arkadag şäheri bu gün täze döwrüň ruhuny, ýaş nesilleriň arzuwlaryny, döwrebap ýaşaýyş medeniýetini özünde jemleýän ajaýyp mekana öwrüldi. Bu şäheriň keşbinde ýaşlygyň hyjuwy, geljegiň ynamy, halkymyzyň gurmaga, döretmäge, abadan ýaşamaga bolan belent erk-islegi aýdyň görünýär.
Ýurdumyzyň şähergurluşyk taryhynda aýratyn sahypa bolup, ol ýaşlaryň okamagy, işlemegi, döredijilikli zähmet çekmegi, maşgala bolup, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri özünde jemleýän döwrebap şäher hökmünde dabaralanýar.
Dünýä tejribesinde ýaşlar üçin amatly şäherleri döretmek häzirki döwrüň möhüm ugurlarynyň biridir. Stambul, Şiraz, Doha ýaly şäherler dürli ýyllarda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ýaşlar paýtagty hökmünde ykrar edildi. Dubaý ýaşlaryň ýaşamak we işlemek isleýän öňdebaryjy merkezleriniň biri hökmünde tanalýar. Hytaýda Pekin, Şanhaý, Şençžen, Çendu ýaly şäherler ýaşlaryň ösüşine gönükdirilen şäherler hökmünde ösdürilýär. Koreýa Respublikasynda ýaşlar üçin amatly şäherleri bellemek boýunça ýörite hukuk binýady hereket edýär. Merkezi Aziýada Almaty, Bişkek, Daşkent, Samarkant ýaly şäherler ýaşlaryň bilime, innowasiýa we telekeçilige gatnaşýan merkezleri hökmünde öňe çykýar.
Şunda Arkadag şäheriniň tapawudy onuň diňe ýaşlar üçin amatly gurşaw hökmünde däl, eýsem, başdanaýak täzeçil pikir, sanly ulgam, ekologiýa arassalygy we bagtyýar ýaşaýyş ýörelgesi esasynda bina edilen şäher bolmagyndadyr. Dünýäniň ýaşlar şäherleri bilen deňeşdirilende, Arkadag şäheriniň aýratynlygy onuň täze binýadyndan başlap, ýaşlaryň geljegine gönükdirilmegindedir. Mysal üçin, Dakkanyň Ýaşlar paýtagty hökmünde ykrar edilmegi ýaşlaryň jemgyýetçilik we ykdysady ösüşdäki ornuna esaslanýar, Hulhumale ýaş ilatyň ýaşaýyş jaý, dynç alyş we işüpjünçiligi zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin ösdürilýär. Katmandu, Kolombo, Timpu ýaly şäherler ýaşlar forumlary, liderlik maksatnamalary, bilim we jemgyýetçilik başlangyçlary bilen tanalýar. Arkadag şäherinde bolsa bu ugurlaryň ählisi—ýaşaýyş, bilim, saglyk, sport, medeniýet, sanly hyzmatlar, ekologiýa, iş üpjünçiligi we jemgyýetçilik rahatlygy bir bitewi şähergurşawynda jemlenýär.
«Arkadag şäheri ýaşlaryň şäheridir» diýmek üçin onuň diňe täze binalaryna, giň şaýollaryna ýa-da owadan seýilgählerine seretmek ýeterlik däl. Bu şäheriň ruhuna seretmeli. Onuň ruhunda her bir ýaş raýat üçin amatly ýaşaýyş, talyplar üçin döwrebap bilim, olary höweslendirmek üçin birnäçe talyp haklary, hünärmen üçin täze iş orny, çaga üçin bagtly çagalyk, dörediji ýaşlar üçin giň mümkinçilik bar. Şäheriň birinji tapgyrynda müňlerçe maşgala niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň bina edilmegi, ikinji tapgyrda bolsa, täze ýaşaýyş toplumlarynyň, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň meýilleşdirilmegi onuň ýaş nesilleriň geljegine gönükdirilen şäherdigini aýdyň görkezýär.
Şu ýylyň 2-nji maýynda Gahryman Arkadagymyzyň «akylly» şähere iş saparyny amala aşyrmagy, ondaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy, gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşmagy hem bu juwan şähere ýaşlaryň mümkinçilikleri babatda aýratyn üns berilýändiginiň alamaty boldy. Milli Liderimiziň türkmen halkynyň bagtyýar ýaşaýşyny ileri tutmak bilen bir hatarda, täze şäherde döwrebap bilim ojaklaryny guramak, bilim alýan ýaşlary höweslendirmek üçin birnäçe talyp haklaryny girizmek babatda hemmetaraplaýyn gymmatly maslahatlaryny bermegi ýaşlar hakdaky aladanyň ýene bir mysalydyr.
Döwrüň täzeçil tehnologiýalary bilen utgaşykly alnyp barylýan gurluşyk işleri Arkadag şäheriniň naýbaşy şähere öwrülmegine getirdi. Mälim bolşy ýaly, «akylly» şäheriň birinji tapgyrynda türkmen telekeçileriniň gatnaşmagynda jemi bahasy 11 milliard 500 million manada golaý bolan 337 sany desga gurlup ulanmaga berildi. Şunda bolsa türkmen ýaşlarynyň aýratyn orny bardyr. Çünki şäher ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlary we talyplary üçin nazaryýetde alan bilimlerini amalyýetde utgaşdyrmaga özboluşly mekdep boldy. Hususanda, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinden, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinden, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyndan, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyndan, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyndan, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyndan jemi 240 sany talyp bu döwrebap şäheriň ýaşaýyş-jaýlarynyň jemi 12-sine «akylly öý» ulgamyny ornaşdyrmak işine çekildi. Ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmaklarynda bu ýerde zähmet çekýän işgärler üçin sanly ulgam bilen baglanyşykly okuwlar geçirildi. Şeýle hem sanly ulgamy ornaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan işleriň çäginde, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmaklarynda işlenip düzülen bilim ulgamynyň sanly çözgütlerini, ýagny mekdep, mugallym, ata-ene hem okuwçy üçin maglumatla-ry onlaýn usulda almaga mümkinçilik berýän mekdep ulgamyny, talyplaryň okuwa degişli maglumatlary özleşdirmeklerine mümkinçilik berýän bilim portalyny, okuw maksatnamalaryna girizilen kitaplaryň ählisini bir ýerde jemleýän sanly kitaphana ulgamyny, onlaýn ders bäsleşiklerini we garaşsyz synaglary geçirmäge mümkinçilik berýän «Zehin» atly sanly ulgamy işe girizmek bilen bagly işler geçirildi.
Bu şäheriň ýaşlar bilen baglanyşygy onuň ýaşaýyş medeniýetinde has aýdyň görünýär. Döwrebap ýaşaýyş jaýlary, sanly hyzmatlar, amatly şertler, bilim edaralary, saglygy goraýyş, sport, medeniýet we dynç alyş mümkinçilikleri bir bitewi ulgam hökmünde sazlaşýar. Dünýäniň köp şäherlerinde ýaşlar üçin aýratyn etraplar, merkezler ýa-da maksatnamalar döredilýär. Arkadag şäherinde bolsa ýaşlar üçin amatlylyk şäheriň umumy gurluşynyň özenine siňdirilendir. Bu bitewi sazlaşyk ýaş nesilleriň diňe bir döwrebap şertlerde ýaşamagyny däl, eýsem, olaryň jemgyýetçilik we döredijilik ukyplarynyň doly açylmagyny üpjün edýän täze şäher medeniýetini kemala getirýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlary bilen baglanyşykly maglumatlarynda Arkadag şäheriniň «akylly şäher» taslamasynyň durnukly ösüşi, tehnologiýada ösen, ekologiýa babatda arassa we durmuş taýdan öz içine alyjy şäher gurşawyny döretmäge gönükdirilendigi bellenilýär. Bu halkara derejesindäki garaýyş hem Arkadag şäheriniň diňe milli şäher gurluşyk taslamasy bolman, eýsem, geljegiň şäherleri baradaky dünýä derejesine goşulýan nusgalyk başlangyçdygyny görkezýär.
Arkadag şäheriniň halkara giňişliginde ykrar edilmegi onuň ýaşlar şäheri hökmündäki ornuny hasda berkidýär. Ýakynda şäheriň gazanan üstünlikleriniň Bakuwda geçirilen Şäherleriň bütin dünýä forumynyň 13-nji mejlisinde tanyşdyrylmagy, onuň şähergurluşyk, sanly ulgam, ekologiýa we innowasiýa babatda dünýäde rejesinde gyzyklanma döredýändigini görkezdi.
Ýazpolat KERIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň
başlygy, Mejlisiň deputaty.