The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

11.06.2026

NURANA GELJEGIŇ ALADASYNDA

Güneşli Diýarymyzda barha giň gerime we toplumlaýyn häsiýete eýe bolan «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» ýörelgesi bu günki gün ildeşlerimiziň her biriniň durmuşynda beden we ruhy sagdynlygyň sazlaşygynyň ündewi bolup ýaňlanýar. Bu şygary baýdak edinip, ýurdumyzyň paýtagtynda we sebitlerinde dürli sport we medeni çäreler yzygiderli geçirilýär, saglyk bilen bagly wagyz-nesihat işleri alnyp barylýar. Şeýle bolan soň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hasaplanylýan Türkmenistanda adam saglygy hakdaky alada her bir tutumly başlangyjyň özenini emele getirýär.

Ýurdumyzda ilatyň öz topragymyzda öndürilen, tebigy taýdan arassa gök-bakja önümleri we miweler bilen üpjün edilmegi, şeýle-de kadaly iýmitlenmegi barada döwlet derejesinde alada edilýär. Kadaly iýmitlenmek bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny güýçlendirýär, saglygyň goralmagyna, zähmete ukyplylygyň ýokarlanmagyna, ömür dowamlylygynyň artmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Adam iýmitlenmegiň kadalaryny dogry we doly berjaý edende, ilkinji nobatda, kesellerden goranýar. Adam bedenindäki holesteriniň mukdaryny gözegçilikde saklamak hem-de semizlikden goranmak arkaly saglygyny berkidýär, işjeňligini artdyrýar, ruhubelent bolýar, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek bilen, başgalara görelde görkezýär. Bu babatda jemgyýetçilik çäreleriniň yzygiderli geçirilip durulmagy ýaş nesilleriň, dürli ýaşdaky adamlaryň sporta bolan garaýyşlaryny-da çuňlaşdyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň tutumly başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň ýaş nesillerde beden terbiýä we sporta bolan söýgini ösdürmek barada uly tagallalary etmegi diňe bir ýaşlaryň däl, jemgyýetiň sagdynlygy üçin hem derwaýysdyr. Soňky ýyllarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde türkmen türgenleriniň täze nesli kemala geldi. Olar dürli halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, Watanymyzyň sport abraýyny belende galdyrýarlar. Türgenleriň gazanýan ýeňişleri ösüp gelýän ýaş nesiller üçin nusgalykdyr. Olar sport bilen birlikde sagdyn durmuş ýörelgelerini-de wagyz edýärler. Sport bilen sagdynlyk, sport bilen gözellik sazlaşanda, bu düşünjeleriň täsiri has-da güýçlenýär, çünki olarda watançylyk duýgulary jemlenýär. Irki döwürlerden bäri halkymyzyň medeni durmuşyna we ruhy dünýäsine siňen milli oýunlar arkaly hem ata-babalarymyz nesilleriň sagdyn bedenli bolmagyny gazanypdyrlar. Halkymyzda dürli görnüşli milli oýunlaryň ýörgünli bolmagy muňa aýdyň mysaldyr.

Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynda atçylyk sportunyň — at üstündäki milli oýunlaryň türkmen jemgyýetinde terbiýäniň bir ugry hökmünde ýüze çykandygy, halkymyzyň atşynaslyk ylmyna öz milli medeniýeti hem-de edebiýaty, taryhy arkaly aralaşýandygy baradaky parasatly pikirlerinden ugur alyp, behişdi bedewlerimiz bilen bagly oýunlaryň we sportuň ynsan saglygynda iňňän uly ähmiýete eýedigine göz ýetirýäris. Bedewleriň ynsan saglygyna edýän oňyn täsiri halkymyzyň köp ýyllyk tejribesiniň aýdyň beýanydyr. Häzirki döwürde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan behişdi bedewler arkaly ippoterapiýanyň kömegi bilen ylmy esasda mümkinçiligi çäkli çagalarda bejeriş işleriniň geçirilişine dünýä jemgyýetçiligi uly gyzyklanma bildirýär.

Ýetginjeklere berilýän terbiýede at bilen baglanyşykly öňe çykan garaýyşlaryň özi-de halkymyzyň bu mekdebiniň kämildigini görkezýär. Bedew atlar bilen bagly milli oýunlaryň görnüşleri we olar hakdaky düşünjeler oglanlaryň edep-ekramyna mäkäm ornaşyp, edermen, gaýratly, watansöýüji nesiller bolup ýetişmeklerine ýardam edýär. Şeýle terbiýä eýe bolan nesliň dünýägaraýşy-da giň bolýar. Olar halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň gadyryna düşünip, mertebesini belent saklaýarlar. Hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyz Türkmenistan häzirki wagtda ösen sport ulgamyna eýe bolan, dünýä derejesindäki ýaryşlary üstünlikli geçirmekde baý tejribe toplan, halkara sport hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşýan ýurt hökmünde tanalýar» diýip belleýşi ýaly, sport we milli oýunlar arkaly diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş dünýäde çagalaryň we ýaşlaryň arasynda sagdynlyk hem-de ruhubelentlik wagyz edilýär. Bu döwlet Baştutanymyzyň nesil terbiýesiniň kämilligi we jemgyýetimiziň sagdynlygy üçin öňümizde goýýan esasy wezipeleriniň hem-de talaplarynyň biridir.

Gadam HEMRAÝEW,

Lebap welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň

başlygynyň orunbasary,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.