The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Hormatly Prezidentimiziň döwleti we jemgyýeti hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek ugrunda alyp barýan syýasaty «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgä esaslanýar. Bu bolsa ýurdumyzyň ähli sebitlerini gurşap alýan we halkyň abadan durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmelerde, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer hem-de beýleki ugurlar boýunça maksatnamalarda öz beýanyny tapýar. Bu özgertmeleriň hil taýdan täze derejä çykmagy we halkyň bähbidine has netijeli hyzmat etmegi bolsa ylmyň mümkinçiliklerine daýanýar. Ine, şu nukdaýnazardan ugur alnyp, ýurtda ylym ulgamyny kämilleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ylmynyň ösdürilmegi ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Şeýle beýik işleriň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademikligine saýlanmagy, professor alymlyk adyny almagy bagtyýar halkymyzda uly hoşallyk duýgusyny döredip, ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar gününi has-da dabaralandyrdy.
Ylmy-tehniki ösüşleriň asyry hasaplanýan häzirki döwürde ylmyň gazananlary, sanly tehnologiýalar, jemgyýetiň intellektual derejesi dünýäniň her bir ýurdunyň ykdysadyýetiniň ösüş depginini, geljegini kesgitleýji esasy görkeziji bolup durýar. Şu jähetden, ylym ulgamyny hil taýdan täze, ösüşiň dünýä derejesine çykarmak, ylmy barlaglaryň we tehniki işläp düzmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirmek, bu işlere ýaşlary işjeň çekmek we olaryň döredijilikli başlangyçlaryny goldamak ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň öňünde durýan möhüm wezipelerdir. Bu wezipeleriň amala aşyrylmagynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda ýaşlaryň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşik aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralyndaky degişli Kararyna laýyklykda her ýyl geçirilip gelinýän bu bäsleşik ýaşlaryň täze ylmy pikirleriniň, innowasiýa işläp taýýarlamalarynyň milli ykdysadyýete ornaşdyrylmagy üçin giň mümkinçilikleri açmak bilen, ýaş hünärmenleriň ylmy-döredijilik kuwwatyny döwletimiziň durnukly ösüşine gönükdirmäge hyzmat edýär. Şeýle başlangyçlar döwletimiziň ylym strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary bilen doly sazlaşyp, ýurdumyzyň innowasion geljegini kepillendirýär. Çünki häzirki döwürde ylym ähli ösüşleriň hereketlendiriji güýji hasaplanylýar.
Berkarar döwletimizde özleri üçin ägirt uly mümkinçilikleriň döredilýändigini duýýan bagtyýar ýaşlar ata Watanymyzyň bedew batly ösüşine mynasyp goşant goşmak ugrunda täze açyşlary ylma girizmäge, tehniki ösüşleri durmuşa geçirmäge çalyşýarlar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda dürli ugurlarda zähmet çekýän, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde, orta mekdeplerde bilim alýan, ylym bilen meşgullanýan ýaşlaryň 1 müň 500-den gowragy nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary; innowasion ykdysadyýet; ynsanperwer ylymlar ýaly ugurlar boýunça öz ylmy işlerini, açyşlaryny we ylmy barlaglarynyň netijelerini hödürlediler we olardan 170-si Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen abraýly bäsleşigiň ýeňijisi hökmünde kesgitlenildi. 12-nji iýunda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirilen dabarada Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen bu bäsleşigiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiziň adyndan şahadatnamalar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Häzirki wagtda dünýäde ähmiýeti barha artýan ylym ulgamynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda bar bolan kuwwatyň berkidilmegi, ylmy-barlaglary alyp barmaga we innowasion bilimleri döretmäge hem-de özgertmäge ukyplylyk, adam maýasynyň ösdürilmegi, ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagy ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň, täze sepgitlere ýetmeginiň möhüm şertidir. Şu nukdaýnazardan, häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça köptaraplaýyn gepleşikleri ösdürmekde giň gözýetimli, uly durmuş mümkinçilikli we dünýägaraýyşly, düýpgöter täzeçe hem-de özara kabul ederlikli ýörelgeleri öňe sürmäge ukyply ýaşlara aýratyn orun berilýär. Olaryň hukuklaryny üpjün etmek babatda zerur şertleriň döredilmegi ýurdumyzyň ýörite kanunlarynda we maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň kanunçylygy ýaşlaryň durmuş-ykdysady, syýasy hukuklaryny we azatlyklaryny doly kepillendirýär. Şunuň bilen baglylykda, ýaş hünärmenleri iş bilen üpjün etmek, bu ulgamdaky kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurdaky işleri strategik esasda alyp barmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary esasynda, 2023-nji ýylyň 10-njy iýunynda «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» tassyklanyldy. Türkmenistanyň ýaşlarynyň beýleki ýurtlaryň ýaşlary bilen dostlugyny, özara düşünişmegini we hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmegi hem-de pugtalandyrmagy üpjün etmek, şeýle hem olaryň halkara hyzmatdaşlygyň durmuş-ykdysady, maglumat-aragatnaşyk, medeni, ylym-bilim, intellektual, ekologiýa, döredijilik, ynsanperwer, sport, syýahatçylyk we beýleki ugurlaryna işjeň gatnaşmagy üçin şertleri döretmek bu Strategiýanyň esasy maksatlary bolup durýar.
Bilim, ylym, medeniýet, sport, ýaşlar hereketi, şeýle hem ýaşlar parlamentarizmi we ynsanperwer hyzmatdaşlyk ulgamlarynda halkara gatnaşyklar Strategiýanyň esasy düzüm bölekleri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, halkara ylym hyzmatdaşlygy ulgamynda ýaşlaryň ylmy diplomatiýasyny ösdürmek, ýaş alymlaryň halkara birleşiklere gatnaşmagyny we ýurdumyzda şeýle birleşikleri döretmek boýunça başlangyçlary goldamak, milli we halkara derejelerde ylmy bäsleşikleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Umuman, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym ulgamy düzümi boýunça-da, täze innowasion tehnologiýalaryň tejribä ornaşdyrylmagy babatda-da barha oňyn netijelere eýe bolýar, ýaş nesliň ylma çuň aralaşmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň çuňňur oýlanyşykly syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ylym ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdiriljekdigini ynam bilen aýtmaga doly esas döredýär.
Ýaşlary ylma, bilime, döredijilige hem-de beýik açyşlara ruhlandyrýan, ata Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine sary ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir. Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň elmydama rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Ýazpolat KERIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň
başlygy, Mejlisiň deputaty.