The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

29.06.2026

Ruhy dünýäniň kämilligi

Däbe öwrülen Medeniýet hepdeligi bu ýyl Balkan welaýatynda geçirildi. Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda badalga alan hepdeligiň dowamynda türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň ýeten belent sepgitlerini beýan edýän köp öwüşginli çäreleriň birnäçesi ýaýbaňlandyryldy. Kitaphana ulgamynyň, muzeý hünärmenleriniň okuw-tejribe hem-de usuly maslahatlary, aýdym-sazly döredijilik duşuşyklary, sebitiň çagalar çeperçilik mekdepleriniň okuwçylarynyň döreden eserleriniň, milli saz gurallarynyň sergisi, ýurdumyzyň halypa we ýaş şahyrlarynyň edebiýat agşamy, sahna oýunlary, gezelençler täsirli çäreleriň üstüni ýetirdi.

Arkadag we Aşgabat şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň sungat ussatlarynyň konsertleri Medeniýet hepdeliginiň giň gerimli çäreleriniň möhüm bölegine öwrülip, olarda ýaňlanan joşgunly aýdym-sazlar, ussatlyk bilen ýerine ýetirilen milli tanslar, döredijilik toparlarynyň çuň mazmunly çykyşlary bagtyýar durmuşymyza, nurana geljegimize bolan çäksiz buýsanjyň mynasyp beýanyna öwrüldi. Medeniýet hepdeliginiň many-mazmun taýdan bir bitewi sazlaşygy emele getiren çäreleriniň welaýatyň Balkanabat, Türkmenbaşy şäherlerinde, Gyzylarbat, Türkmenbaşy etraplarynda hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi gatnaşyjylara ýakymly täsirleri, gyzykly ýatlamalary bagyş etdi.

Balkan topragynda bir hepde dowam eden bu giň gerimli döredijilik çäresi umumadamzat gymmatlyklar hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan medeniýetimiziň, sungatymyzyň, edebiýatymyzyň ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi babatda döwletimiz tarapyndan ägirt uly aladalaryň edilýändigini ýene bir ýola äşgär etdi. Bu babatda ata Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri, eýeleýän belent sepgitleri nusgalykdyr. Gurulýan azym-azym şäherler, döwrebap obalar, ylmyň iň soňky gazananlaryna daýanýan zawod-fabrikler, önümçilik toplumlary, medeni-durmuş maksatly binalardyr desgalar — bularyň ählisi milli ykdysadyýetimiziň egsilmez kuwwatyndan habar berýär. Üstünliklere beslenýän bu taryhy tutumlar ýurdumyzyň döredijilik işgärleri üçin täzetäze eserleri döretmegiň, şeýle beýik işlere bolan halk buýsanjyny, guwanjyny çuňňur beýan etmegiň özboluşly meýdançasyna öwrülýär. Şert-mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan döredijilik işgärleriniň gazanýan üstünlikleri bolsa şanly ýylyň taryhy wakasyna öwrülen Medeniýet hepdeliginde nobatdaky gezek mynasyp beýanyny tapdy.

Guwanç ÇENDIROW,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň

Balkan welaýat komitetiniň başlygy,

Mejlisiň deputaty.