The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

23.07.2026

HALKYŇ BAGTYÝARLYGY — ÝURDUŇ BERKARARLYGY

Türkmenistanyň Halk Maslahaty:

agzybirlik, bitewülik, döwletlilik

 

Ýur­du­myz­da­ ama­la­ aşy­ryl­ýan­ dur­muş­-yk­dy­sa­dy­ öz­gert­me­ler  hor­mat­ly Prezidenti­ mi­ziň­ «Wa­tan­ di­ňe ­hal­ky ­bi­len ­Wa­tan­dyr! ­Döwlet ­di­ňe ­hal­ky ­bi­len­ döw­let­dir!» di­ýen­­ tag­ly­ma­ty­nyň­ iş ­ýü­zün­de dur­mu­şa­ ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň­ aý­dyň­ güwäsidir. ­Bu tag­ly­ma­ty ­dur­mu­şa ge­çir­mek­de ­yg­ty­ýar­ly­ eda­ra­ bo­lan­ Türk­me­nis­ta­nyň ­Halk Mas­la­ha­ty döw­le­ti­mi­ziň sy­ýa­sy ­ul­ga­my­nyň­ esa­sy ­aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň ­bi­ri­dir. Ol döw­let­           dur­mu­şyn­da­ky­ mö­hüm ­çöz­güt­le­ri ­halk­ bi­len ­mas­la­hat­la­şyp,­ ka­bul ­   et­mek dä­bi­niň ­Ber­ka­rar ­döw­le­tiň ­tä­ze ­eý­ýa­my­nyň­ Gal­ky­ny­şy          döw­rün­de-­de ­do­wam­ et­di­ril­ýän­di­gi­niň ­aý­dyň ­my­sa­ly­dyr.

Golaýda, has takygy, 15-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyna, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň wajyp meselelerine hem garaldy. Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek we bu ugra degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak häzirki wagtda wajyp wezipeleriň biridir.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň Garaşsyzlyk toýunyň bellenilýän günlerinde, ýagny şu ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini, onda Garaşsyz döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jeminiň jemlenjekdigini nygtady.

Gahryman Arkadagymyz: «Türkmen halkynyň asylly däp-dessurlarynyň biri bolan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak müňlerçe ýyl bäri halkymyzyň durmuşynda dowam edip gelýän demokratik däpleriň biridir. Häzirki taryhy döwürde bu däpler ýurdumyzyň ösüşiniň esasyna, ileri tutulýan wezipeleri çözmekde jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi» diýip belläp geçýär. Halk häkimiýeti we halk bilen geňeşmek ýörelgesi döwletiň uly bir jemgyýet hökmünde beýgelmegine hem-de ösmegine oňyn täsir edýär. Diýmek, geňeş halk bilen döwleti birleşdiriji güýçdür. Bilşimiz ýaly, döwlet ähmiýetli soraglary çözmek, ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalary ýerine ýetirmäge halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, halkymyzyň agzybirligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam bermek, elbetde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipesidir.

Halk Maslahatynyň işi demokratiýa, aç-açan lyk, adalat, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagy, adamyň, şeýle hem raýatyň kanunyň öňünde deňligi, adam hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak, degişli kararlary kabul etmek we jemgyýetçilik pikirini göz öňünde tutmak esasynda alnyp barylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň ählisi döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ýokary derejede ösdürmegiň, bu işleri netijeli dolandyrmagyň, kanunçylyk-hukuk üpjünçiliginiň, häkimiýet edaralarynyň guramaçylyk esaslarynyň täze, kämil gurallaryny kemala getirmäge gönükdirilendir. Her ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen, döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenýär. Mejlisde «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny esasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek, mejlisiň geçiriljek senesini kesgitlemek, guramaçylyk toparynyň düzümini tassyklamak hakynda degişli resminamalar kabul edilýär. Şeýle hem il içinde uly abraýdan peýdalanýan, öz halal zähmeti bilen ýokary zähmet üstünliklerini gazanan watandaşlarymyzy döwlet sylaglaryna hödürlemek, hormatly atlary dakmak boýunça işleriň alnyp barlyşyna seredilýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurduň ilatynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr. Bu Konstitusiýanyň 3-nji maddasyna laýyklykda bellenilip, döwletiň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, has takygy, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Halk öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar. Halk Maslahatynda kabul ediljek çözgütler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan durmuşy üçin döredilen binýadyny has-da berkider. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görülýän döwürde bu ählihalk forumyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada wagyz-nesihat işlerine gatnaşmak, onuň netijeli we üstünlikli geçmegine goşant goşmak her raýatyň Watan öňündäki mynasyp borjudyr.

Sa­hy­ber­di­ JEP­BA­ROW,

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň ­de­pu­ta­ty,­

Mej­li­siň­ Ka­da-­ka­nun­çy­lyk ba­ra­da­ky­

ko­mi­te­ti­niň­ ag­za­sy.