​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
07.08.2026

«ENE SÜÝDI BILEN IÝMITLENDIRMÄGE MAÝA GOÝMAK MILLETIŇ GELJEGINE MAÝA GOÝMAKDYR»

Söz­ba­şa çy­ka­ran jüm­le­le­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­lara he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň wi­se-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň paý­tag­ty­myzda­ky «Ýyl­dyz» myh­man­hana­syn­da ge­çi­ri­len diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamlaryny ber­kit­mek boýunça milli «tegelek stol» maslahatynda eden çy­ky­şyn­dan al­nan. Bu ýo­ka­ry de­re­je­li du­şu­şyk sag­ly­gyň, ene mäh­ri­niň çeşme­si bo­lan ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­giň di­ňe bir çaga­lar­dyr ene­ler üçin däl, eýsem, sag­dyn maş­ga­la­ny we sag­dyn jem­gy­ýe­ti ke­ma­la ge­tir­mek­de hem uly äh­mi­ýete eýe­di­gi­ne anyk mag­lu­matlar­dyr gör­ke­zi­ji­le­riň, dur­muş he­ka­ýa­la­ry­nyň my­sa­lyn­da göz ýe­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di. Aý­dy­ly­şy ýa­ly, ça­ga ösüp gel­ýän ýa­şa­jyk na­hal my­sa­ly­dyr, oňa nä­hi­li ideg etseň, şo­ňa gö­rä-de gül açar. Te­bi­ga­tyň özi ta­ra­pyn­dan döre­di­len kä­mil we howp­suz, şol bir wagt­da-da, muzd­suz iý­mit çeş­me­si ha­sap­lan­ýan ene süý­di bol­sa bu ugur­da­ky ta­gal­la­la­ryň il­kin­ji baş­lan­gy­jy bo­lup, sag­dyn gel­je­giň bin­ýady­ny goý­ýar. Ine, şu ha­ky­kat 7-nji aw­gust­da ta­mam­lan­ýan Ene süý­di bi­len iý­mit­len­dirme­giň bü­tin­dün­ýä hep­de­li­gine ba­gyş­la­nan «te­ge­lek stol» mas­la­ha­tyn­da edi­len çy­kyşla­ryň için­den hem eriş-ar­gaç bo­lup geç­di.

Baý­ram­gö­zel MY­RA­DO­WA, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Ylym, bi­lim, me­de­ni­ýet we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy:

— Gahryman Arkadagymyzyň taglymatyndan gözbaş alýan hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatymyzda eneleriň hem-de çagalaryň hukuklaryny goramaga, olaryň saglygyny berkitmäge, her bir çaganyň sazlaşykly ösmegi üçin amatly şertleri döretmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýar» diýlip bellenendir. Şeýle-de ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasyna sebitde ilkinjileriň hatarynda goşuldy. Türkmenistanda ene-atanyň, çagalaryň hukuklaryny goraýan kanunçylyk namalarynyň onlarçasy kabul edilip, bu ugurdaky milli kanunçylyk döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Şolaryň hatarynda «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny möhüm orny eýeleýär.

Kanunyň esasy maksady göwreli zenanlardyr ýaş çagaly eneleriň çagalary ene süýdi bilen iýmitlendirmeginiň artykmaçlyklaryny, onuň enäniň we çaganyň saglygyna ýetirýän oňyn täsirini wagyz etmek bilen baglanyşykly gatnaşyklaryň bir bitewi hukuk esasyny döretmekden ybaratdyr. Kanunda aýallaryň zähmeti giň­den ulanylýan kärhanalarda (eýeçiliginiň görnüşine garamazdan) göwreli zenanlardyr çaga emdirýän eneler üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, aýallaryň şahsy tämizleniş otaglarynyň, çagany iýmitlendirmek üçin otaglaryň, howa, demir ýol, de­ňiz menzillerinde, awtoulag beketlerinde, iri söwda merkezlerinde enäniň we çaganyň otaglarynyň göz öňünde tutulmalydygy, göwreli aýallardyr çaga emdirýän eneleriň şol otaglardan tölegsiz peýdalanmaga hukugynyň bardygy baradaky kadalar bellenilen.

Soň­ky ýyllarda bu ugurda halkara derejede täze talaplaryň öňe sürülmegi, maglumat-tehnologik mümkinçilikleriň gi­ňelmegi agzalan Kanunyň kadalarynyň döwrebaplaşdyrylmagyny şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň we BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) arasynda 2026-njy ýyl üçin tassyklanan iş meýilnamasyna laýyklykda, «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny kämilleşdirmek göz öňünde tutulan. Şu nukdaýnazardan, bu babatda ygtyýarly döwlet edarasy bolan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edilýär. Kanun taslamasy onuň kadalaryny halkara tejribä, döwrüň talabyna laýyklykda has-da kämilleşdirmegi maksat edinýär.

Hususan-da, onda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, göwreli aýallardyr eneleriň hukuk kepilliklerini gi­ňeltmek, saglygy goraýyş işgärleriniň ygtyýarlyklaryny we borçlaryny kämilleşdirmek, çagalar üçin niýetlenen iýmit önümleriniň marketingi, mahabaty hem-de ýerlenilişi bilen bagly hukuk esaslaryny kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şunlukda, täze kanun taslamasynyň kabul edilmegi häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän netijeli hukuk düzgünleşdirilişini üpjün etmäge, eneleriň hem-de çagalaryň saglygyny goramak boýunça alnyp barylýan işleri täze derejä çykarmaga mümkinçilik döreder. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň we BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen ýokary derejeli milli «tegelek stol» maslahaty bolsa bu ugurda köp ýyllaryň dowamynda alnyp barlan işleriň netijelerini seljerip, geljekki ädimleri kesgitlemekde pikir alyşma meýdançasy bolup hyzmat etdi.