Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Sözbaşa çykaran jümlelerimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamlaryny berkitmek boýunça milli «tegelek stol» maslahatynda eden çykyşyndan alnan. Bu ýokary derejeli duşuşyk saglygyň, ene mähriniň çeşmesi bolan ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň diňe bir çagalardyr eneler üçin däl, eýsem, sagdyn maşgalany we sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde hem uly ähmiýete eýedigine anyk maglumatlardyr görkezijileriň, durmuş hekaýalarynyň mysalynda göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Aýdylyşy ýaly, çaga ösüp gelýän ýaşajyk nahal mysalydyr, oňa nähili ideg etseň, şoňa görä-de gül açar. Tebigatyň özi tarapyndan döredilen kämil we howpsuz, şol bir wagtda-da, muzdsuz iýmit çeşmesi hasaplanýan ene süýdi bolsa bu ugurdaky tagallalaryň ilkinji başlangyjy bolup, sagdyn geljegiň binýadyny goýýar. Ine, şu hakykat 7-nji awgustda tamamlanýan Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeligine bagyşlanan «tegelek stol» maslahatynda edilen çykyşlaryň içinden hem eriş-argaç bolup geçdi.
Baýramgözel MYRADOWA, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy:
— Gahryman Arkadagymyzyň taglymatyndan gözbaş alýan hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatymyzda eneleriň hem-de çagalaryň hukuklaryny goramaga, olaryň saglygyny berkitmäge, her bir çaganyň sazlaşykly ösmegi üçin amatly şertleri döretmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýar» diýlip bellenendir. Şeýle-de ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasyna sebitde ilkinjileriň hatarynda goşuldy. Türkmenistanda ene-atanyň, çagalaryň hukuklaryny goraýan kanunçylyk namalarynyň onlarçasy kabul edilip, bu ugurdaky milli kanunçylyk döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Şolaryň hatarynda «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny möhüm orny eýeleýär.
Kanunyň esasy maksady göwreli zenanlardyr ýaş çagaly eneleriň çagalary ene süýdi bilen iýmitlendirmeginiň artykmaçlyklaryny, onuň enäniň we çaganyň saglygyna ýetirýän oňyn täsirini wagyz etmek bilen baglanyşykly gatnaşyklaryň bir bitewi hukuk esasyny döretmekden ybaratdyr. Kanunda aýallaryň zähmeti giňden ulanylýan kärhanalarda (eýeçiliginiň görnüşine garamazdan) göwreli zenanlardyr çaga emdirýän eneler üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, aýallaryň şahsy tämizleniş otaglarynyň, çagany iýmitlendirmek üçin otaglaryň, howa, demir ýol, deňiz menzillerinde, awtoulag beketlerinde, iri söwda merkezlerinde enäniň we çaganyň otaglarynyň göz öňünde tutulmalydygy, göwreli aýallardyr çaga emdirýän eneleriň şol otaglardan tölegsiz peýdalanmaga hukugynyň bardygy baradaky kadalar bellenilen.
Soňky ýyllarda bu ugurda halkara derejede täze talaplaryň öňe sürülmegi, maglumat-tehnologik mümkinçilikleriň giňelmegi agzalan Kanunyň kadalarynyň döwrebaplaşdyrylmagyny şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň we BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) arasynda 2026-njy ýyl üçin tassyklanan iş meýilnamasyna laýyklykda, «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny kämilleşdirmek göz öňünde tutulan. Şu nukdaýnazardan, bu babatda ygtyýarly döwlet edarasy bolan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edilýär. Kanun taslamasy onuň kadalaryny halkara tejribä, döwrüň talabyna laýyklykda has-da kämilleşdirmegi maksat edinýär.
Hususan-da, onda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, göwreli aýallardyr eneleriň hukuk kepilliklerini giňeltmek, saglygy goraýyş işgärleriniň ygtyýarlyklaryny we borçlaryny kämilleşdirmek, çagalar üçin niýetlenen iýmit önümleriniň marketingi, mahabaty hem-de ýerlenilişi bilen bagly hukuk esaslaryny kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şunlukda, täze kanun taslamasynyň kabul edilmegi häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän netijeli hukuk düzgünleşdirilişini üpjün etmäge, eneleriň hem-de çagalaryň saglygyny goramak boýunça alnyp barylýan işleri täze derejä çykarmaga mümkinçilik döreder. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň we BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen ýokary derejeli milli «tegelek stol» maslahaty bolsa bu ugurda köp ýyllaryň dowamynda alnyp barlan işleriň netijelerini seljerip, geljekki ädimleri kesgitlemekde pikir alyşma meýdançasy bolup hyzmat etdi.