The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

11.08.2026

TÄZE EÝÝAMYŇ GANATLY GADAMLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dünýäde dost-doganlygyň mekany, parahatçylyk söýüjiligiň, ynsanperwerligiň nusgasy hökmünde tanalýan ýurdumyzda amala aşyrylýan işler täze many-mazmuna eýe bolýar. Halkara giňişlikde dünýä döwletleri bilen «Açyk gapylar» syýasatyna eýerip, dostdoganlyga, hoşniýetli goňşuçylyga, ynsanperwer gatnaşyklara esaslanýan Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň netijesinde möhüm ugurlar bilen bir hatarda, milli medeniýetimizi, mirasymyzy goramak, aýawly saklamak, geljek nesillerimize ýetirmek, dünýä ýaýmak, wagyz etmek boýunça giň gerimli işler üstünliklere beslenýär.

Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip ykrar edýän, adamy goramagyň, goldamagyň, oňa hyzmat etmegiň döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipesidigini nygtaýan Esa­sy ­Ka­nu­ny­myz —­Türk­me­nis­ta­nyň Konstitusiýasynyň 15-nji maddasynda «Döwlet medeniýet, bilim, sport we syýahatçylyk babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ösmegine ýardam edýär» diýlip beýan edilýär. Bu bolsa türkmeniň döwletlilik ýolunyň mizemez ýörelgelerini, milli medeniýetini, sungatyny, medeni mirasyny, milliliklerini goramagyň, türkmen sportuny ösdürmegiň hem-de bu ugurlarda döwlet goldawynyň konstitusion esasydyr.

Ýakynda ýaşuly nesle hormat goýmak, ýaşlara terbiýe bermek, milli däplere aýawly garamak ýaly asylly ýörelgelerde bize nusgalyk görelde bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşmagy aýdanlarymyzyň subutnamasy bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň Niderlandlar Patyşalygynda geçiriljek halkara çärelere taýýarlygyň çägindäki türgenleşikleri, okuwlary, durmuş ýagdaýlary bilen gyzyklanyp, toparyň agzalary bilen söhbetdeş bolmagy, özüniň gymmatly maslahatlaryny bermegi, ýaşlar baradaky alada, şeýle hem medeni diplomatiýamyzy ilerletmek ugrundaky işlere aýratyn ähmiýet berilýändigini ýene bir ýola görkezdi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýan «Medeniýet hakynda», «Atçylyk we atly sport hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda», «Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda», «Muzeýler we muzeý işi hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Sirk we sirk sungaty hakynda», «Türkmenistanyň «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» diýen hormatly adyny döretmek hakynda», «Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda», «Türkmenistanyň «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hereket edýär. Bu Kanunlar asyrlardan gözbaş alýan medeiýetimizi, milli mirasymyzy, milliliklerimizi goramagyň, aýap saklamagyň, dünýä ýaýmagyň, şeýle hem bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty ösdürmek, bedenterbiýe-sagaldyş hereketlerini ýaýbaňlandyrmak, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak, bedewlerimiz bilen bagly nusgalyk ýörelgeleri nesilden nesle geçirmekde uly goşant goşýan adamlary höweslendirmek, sylaglamak babatynda hukuk binýady bolup hyzmat edýär. Bu Kanunlar milli ýörelgelerimize, şeýle hem halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda döwrüň talabyna görä döwrebaplaşdyrylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmek ugrundaky tagallalary, bedew atlara erk etmekdäki nusgalyk göreldesi, öwüt-ündewleri ýaşlary täze ýeňişlere ruhlandyrýar. Häzirki döwrüň ýaşlary baradaky alada Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň röwşen geljeginiň kepilidir. Gahryman Arkadagymyz «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşygynyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaş­lar­ —­ Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly kitabynyň ähmiýeti, ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilişi barada aýdyp, döwletimizde ýaş nesiller üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigi barada belledi. Muny ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek we milli atşynaslygyň däplerini, atçylyk sungatyny ýaşlarymyza öwretmek, bu ugurda olara döwrebap bilim bermek boýunça yzygiderli işleriň durmuşa geçirilýändiginde hem görmek bolýar. Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda atçylyk pudagy üçin ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagy, olaryň alan bilimlerini ylmy esasda kämilleşdirmekleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi, Arkadag şäherinde halkara ölçeglerine laýyk gelýän Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, şeýle hem Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň, welaýat merkezlerinde hereket edýän atçylyk toplumlarynyň bolmagy, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2010-njy ýylda döredilen, baş edarasy paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy hem-de hut şol ýylda Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň gaýtadan dikeldilmegi aýdylanlaryň subutnamasydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen 2007-nji ýylda döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary hormatly Prezidentimiziň goldawlarynyň netijesinde milli medeni mirasymyzy Ýer ýüzünde giňden tanatmaga uly goşant goşýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary döredilen gününden bäri Russiýa Federasiýasy, Italiýa, Hytaý Halk Respublikasy, Monako Knýazlygy, Gyrgyz Respublikasy, Özbegistan, Azerbaýjan, Türkiýe ýaly döwletlerde geçirilen abraýly halkara sirk festiwallardyr bäsleşiklerde ençeme gezek baş baýraklara we kuboklara mynasyp bolup, ýaşyl tugumyzy belentde parlatdy. Bu meşhur toparyň halkara çärelerdäki şowly çykyşlary döwletara dostluk gatnaşyklaryny berkitmekde, medeniýetleri ýakynlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolup, Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny dabaralandyrýar.

Döwletimizde döredilýän giň mümkinçiliklerden ruhlanýan toparyň agzalary häzirki wagtda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna ýokary derejede taýýarlyk görýärler. Ýeri gelende bellesek, Ýewropada geçiriljek bu dünýä çempionaty ýylyň möhüm wakalarynyň birine öwrüler. Ony şu ýylyň 4—­6-­njy ­sent­ýab­ry­ ara­ly­gyn­da ­Ni­derlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherindäki meşhur «Pilbergen» atçylyk toplumynda geçirmek meýilleşdirilýär. Kronenbergdäki geçiriljek bu iri forum täsin we ýatdagalyjy çäreleriň toplumy hökmünde Watanymyzyň müňýyllyklara uzaýan şöhratly geçmişini, atşynaslyk boýunça ýeten ýokary derejesini Ýer ýüzüne äşgär eder.

Türkmen döwletliligini, milli medeniýetini, sungatyny dünýä ýüzünde dabaralandyrýan, türkmen halkynyň milliliklerini, medeniýetini goramaga, onuň kanunçylyk esaslaryny kämilleşdirmäge ajaýyp şertler we mümkinçilikler döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Nepes ROZYÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet

we ýaşlar syýasaty barada ky komitetiniň agzasy,

Mejlisiň deputaty.