The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

20.08.2026

PAÝHASLY ÝÖRELGELER ROWAÇLANÝAR

Gahryman Arkadagymyz «Türkmen halkynyň asylly däp-dessurlarynyň biri bolan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak müňlerçe ýyl bäri halkymyzyň durmuşynda dowam edip gelýän demokratik däpleriň biridir. Häzirki taryhy döwürde bu däpler ýurdumyzyň ösüşiniň esasyna, ileri tutulýan wezipeleri çözmekde jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi» diýip belläp geçýär. Türkmenistanyň Halk Maslahaty milli däp-dessurlarymyzyň, ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgeleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkyň bähbidine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 3-nji maddasyna laýyklykda, döwletiň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Halk öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar. Halk Maslahatynyň işi demokratiýa, açaçanlyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagy, adamyň hem-de raýatyň kanunyň öňünde deňligi, adam hukuklaryna, azatlyklaryna hormat goýmak, jemgyýetçilik pikirini göz öňünde tutmak esasynda alnyp barylýar. Halk Maslahatynyň döredilmegi hem-de oňa giň ygtyýarlyklaryň, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny hem-de konstitusion kanunlary kabul etmek, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek meseleleri boýunça tekliplere garamak we makullamak ygtyýarlyklarynyň berilmegi döwletimiziň syýasy ulgamynyň esasy aýratynlyklarynyň biridir.

Her ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde halk bähbitli möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylýar, çözgütler kabul edilýär. «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny esasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek, mejlisiň geçiriljek senesini kesgitlemek, guramaçylyk toparynyň düzümini tassyklamak hakynda degişli resminamalar kabul edilýär. Şeýle hem halk arasynda uly abraýdan peýdalanyp, öz halal zähmeti bilen tapawutlanýan watandaşlarymyzy döwlet sylaglaryna hödürlemek we hormatly atlary dakmak işleriniň alnyp barlyşyna seredilýär. Geçen ýyl geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiziň biziň welaýatymyzda Garaşsyzlyk we Gubadag etraplarynyň döredilmegi barada Karara gol çekmegi halkymyzyň abadan durmuşy hakynda döwlet derejesinde ägirt uly alada edýändigini äşgär etdi. Munuň özi türkmen jemgyýetinde demokratiýanyň dabaralanmagyna, raýatlaryň syýasy işjeňliginiň ýokarlanmagyna, halk köpçüliginiň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärelere gatnaşmagyna giň mümkinçilikleriň döredilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Şu ýylyň 15-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi. Onda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyna, Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň wajyp meselelerine garaldy. Bu umumy milli foruma ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen baglylykda dürli ulgamlarda maslahatlara, wagyz-nesihat duşuşyklaryna, sergilere giň gerim berilýär.

Enejan AMANÝAZOWA,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.