The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

21.08.2026

DEMOKRATIK DÄPLERE SAZLAŞYK

Döwrüň öňe çykarýan iň möhüm syýasy, ykdysady, ýaşaýyş-durmuş meseleleriniň oňyn çözgüdini tapmakda wagtyň kämillik mekdebinde sünnälenen milli däp-dessurlaryň umumy ykrar edilen demokratik ýörelgeler bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy ýurdumyzyň döwlet gurluşynyň häsiýetli aýratynlygydyr. Beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk taryhy senesiniň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi muny ýene bir ýola aýdyň görkezer. Sebäp diýeniňde, bu ýokary wekilçilikli edara halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýadyny has-da pugtalandyrmaga, berkarar Watanymyzyň geljekki okgunly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen wajyp çözgütleriň kabul edilmegine ilatyň giň gatlaklaryny işjeň çekmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň özygtyýarlylygynyň halk tarapyndan amala aşyrylýandygy, halkyň döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşy bolup durýandygy, halkyň öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýandygy bolsa Esasy Kanunymyzda — Konstitusiýamyzda berkidilendir.

Dünýä jemgyýetçiliginde halkyň özygtyýarlylygyna, döwlet durmuşyna dahylly wajyp meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakdaky işjeňligine hukuk döwletini berkarar etmekde esasy şertleriň biri hökmünde baha berilýär. Munuň özi demokratiýanyň esasy ýörelgeleriniň hakykat ýüzünde dabaralanmasy hökmünde düşündirilýär. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, öz işini «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda alyp barýan bu ýokary wekilçilikli edara milli demokratiýany durmuşa ornaşdyrmakda gazanylan iň uly üstünlikleriň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň il goldawy bilen utgaşmagy arkaly döredilen Halk Maslahatynyň möhüm orny Konstitusiýamyzda ýörite kadalar bilen berkidilendir. Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän edara bolup, ony döretmegiň tertibi we ygtyýarlyklary Konstitusion kanun bilen kesgitlenýär. Diýmek, bu ýokary wekilçilikli edara döwletimiz üçin syýasy we hukuk taýdan möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen, ýurdumyzyň milli demokratik ýörelgelerine hemişe ygrarlydygyny hem-de asyrlaryň synagyndan geçen bu ýörelgeleri döwlet durmuşynyň mizemez binýady hökmünde saýlap alandygyny tassyklaýar.

Halk Maslahatynyň öz öňünde goýýan maksatlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň köptaraply özgertmeleriniň rowaçlyklara beslenmeginde halkyň döredijilik güýjüni bir ýere jemlemäge, agzybirligi, jebisligi, berkitmäge, abadançylygy, bagtyýarlygy üpjün etmäge, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga, syýasy durnuklylygyny pugtalandyrmaga ýardam etmek ýaly döwletli tutumlary öz içine almagy aýratyn ünsi çekerlikdir. Sebäbi, munuň özi zähmetsöýer halkymyzyň naýbaşy arzuwlary bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Şol bir wagtda hem bu ýokary wekilçilikli edaranyň üstünlikli durmuşa geçirýän işleriniň, toplan oňyn tejribeleriniň düýp özeninde demokratik ýörelgelerimizi kämilleşdirmek we baýlaşdyrmak, kanunyň hökmürowanlygyny, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagyny, raýatlaryň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýulmagyny, möhüm çözgütleriň erkin ara alnyp maslahatlaşylmagyny hem-de kabul edilmegini üpjün etmekde nusgalyk sepgitlere ýetilendigini doly görmek bolýar.

Bulardan başga-da Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklarynyň hataryna Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Konstitusion kanunlaryny kabul etmegiň, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere garamak hem-de makullamak ýaly örän möhüm wezipeler hem girýär. Döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna, ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş, medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalarydyr kanunlaryna garamakda hem-de olary makullamakda bu ýokary wekilçilikli edaranyň alyp barýan işlerem guwandyryjydyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň her ýylky ýüzlenmelerini diňlemek, parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garamak, kanun çykaryjylyk başlangyjyna bolan hukugyny amala aşyrmak ýaly wajyp wezipelerem Halk Maslahatynyň kanuny ygtyýarlyklarynyň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Şeýle ygtyýarlyklaryň «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanunda berkidilendigini nygtamak gerek.

Umuman aýdanyňda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda kämillik belentliklerine göterilýän milli demokratik ýörelgelerimiz ýurduň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini, agzybir halkymyzyň abadançylygyny, bagtyýarlygyny üpjün edýär. Şunuň ýaly durmuşa ukyply, netijeli ynsanperwer ýörelgeleriň ähli halk goldawyna eýe bolýandygyny bolsa Halk Maslahatynyň mejlislerinde ähli aýdyňlygy arkaly görmek, duýmak bolýar. Ýokary wekilçilikli edaranyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçiriljek nobatdaky mejlisi şeýle buýsançly hakykatyň ýene bir gezek dabaralanmasyna öwrüler.

Halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrundaky beýik işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Guwanç ÇENDIROW,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň

Balkan welaýat komitetiniň başlygy,

Mejlisiň deputaty.