The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmegi bilen, ýurdumyzda belent maksatlara gönükdirilen giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Olar Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Raýatlaryň erkinligini, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek döwletimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasatynyň esasy ugurlaryndan biri bolup durýar. Ýurdumyzda demokratiýa dabaralanýar, il agzybirligi pugtalanýar, adamlaryň hukuklary we azatlyklary goralyp, isleg-arzuwlary hasyl bolýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Dine uýmak erkinligi we dini guramalar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, demokratik, hukuk, dünýewi döwletimizde din azatlygy, dine uýmak erkinligi kepillendirilip, adamlaryň deňhukuklylygy üpjün edilýär.
Türkmen halky özüniň milli ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, mukaddesliklere aýratyn sarpa goýýar. Gahryman Arkadagymyz türkmenleriň öz milli däp-dessurlaryny, medeni gymmatlyklaryny saklap we gorap gelýän halkdygy, yslam dininiň bolsa halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidigi, adamlary halallyk, ynsanperwerlik, ak ýüreklilik ruhunda terbiýelemekde, ýagşylyga çagyrmakda yslam dininiň ähmiýetiniň uludygy baradaky garaýyşlaryny öz çykyşlarynda beýan edip, bu gymmatlyklaryň ýokary aň-düşünjeli, ahlakly, sagdyn şahsyýeti terbiýelemekdäki hyzmaty hakda aýratyn nygtaýar. Milleti milli ýörelgeler birleşdirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň her bir adamy ezizläp, raýatlaryň aladasyny edip bitiren hem-de bitirýän ajaýyp işleriniň her biri göreldedir, ýörelgedir.
Häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda türkmeniň döwletlilik ýörelgelerine uly sarpa goýulýar. Halkymyzyň ata-baba dowam edip gelýän mukaddes ýol-ýörelgeleriniň, ynanç-ygtykatlarynyň mynasyp dowam etdirilmegi bilen, Watanymyzda ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek babatda nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Ajaýyp işleriň bir ugry hökmünde ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýat merkezlerinde şäher hem-de welaýat baş metjitleriniň gurlup ulanmaga berlendigini aýtmak bolar. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, halkymyzda ýol çekmek, köpri, metjit gurmak sogap iş hasaplanýar.
Taryhdan belli bolşy ýaly, metjitler musulman dünýäsinde ylmyň we bilimiň ilkinji merkezleri, jemgyýetiň ruhy durmuşynyň aýnasy bolupdyr. Metjit — adamlaryň Haka ýakynlaşýan mukaddes ýeri. Şeýle mukaddes ýerlerde adamlar il-günümiziň nurana geljegi üçin ýagşy doga-dilegler edýärler. Şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan kemal tapan, sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basan uly metjide, halkymyzyň teklibi nazarda tutulyp, «Arkadagyň ruhy metjidi» adynyň dakylmagyny we resmi taýdan hasaba alynmagyny tüýs ýürekden mübärekleýäris. Bir wagtda 30 müň adam ybadat edip biljek bu mukaddes toplumyň çäginde gurulýan medresäniň hem döwrüň häzirki zaman talaplary bilen utgaşyklylykda halkara derejede ylym berjek ýokary okuw mekdebiniň derejesinde bolmagy baradaky teklibi oňlap, Milli Liderimiz dünýäniň dürli ýurtlarynda şeýle ýokary okuw mekdepleriniň hereket edýändigini belledi. Arkadag şäherinde gurulýan bu binanyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, onda öwrediljek sapaklary özleşdirmekde dünýä tejribesinden ugur almak babatda maslahatlaryny berdi. Hajy Arkadagymyz bu ugurdaky işleri has-da kämilleşdirmek, ony halkara derejede alyp barmak maksady bilen, Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň agzalary bilen maslahatlaşmagyň, olar bilen sazlaşykly tagalla edilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Şunda okadyljak dersleriň ugruny kesgitlemek, olaryň maksatnamasyny taýýarlamak meselelerine toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidir. Elbetde, bu ýaş nesillerimiziň ynanç-ygtykat baradaky bilimlerini kämilleşdirmegine we ylma bolan teşneligini türkmeniň milli ýörelgelerine esaslanyp, dury çeşmeden gandyrmagyna kepil bolar. Gahryman hajy Arkadagymyzyň belleýşi ýaly: «Ilkinji nobatda, türkmençiligimize uýýarys. Onuň içinde dinem bar, däp-dessuram bar!».
Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde türkmeniň milli binagärlik äheňlerinde täze metjitleriň gurulmagy Gahryman hajy Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman hajy Serdarymyzyň ynsanperwer syýasatynyň ajaýyp miweleridir. Şeýle-de bu işler halkymyzyň milli ýörelgesine, däp-dessurlaryna, ruhy dünýäsine uly hormat-sarpanyň, belent buýsanjyň alamatydyr.
Baýrammyrat HAJYMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty
baradaky komitetiniň agzasy.