The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

27.08.2026

MILLI KANUNÇYLYGYŇ WE HALKARA HUKUGYNYŇ SAZLAŞYGY: TÜRKMENISTANYŇ TEJRIBESI

Makalada halkara hukuk kadalarynyň we ýörelgeleriniň ileri tutulmagynyň ähmiýeti seljerilýär. Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň we milli kanunçylyk tejribesiniň ähmiýeti bellenilip, bu ugurda halkara gurallary kämilleşdirmek boýunça garaýyşlar beýan edilýär. 

 

Häzirki döwürde halkara hukugy bilen milli hukuk ulgamynyň özara arabaglanyşygy döwletleriň durnukly ösüşiniň we ählumumy giňişlige goşulyşmagynyň esasy şertidir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan özüniň daşary we içeri syýasatynda halkara hukugynyň we umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagyny dabaralandyrýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 9-njy maddasynda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulýandygy, şeýle hem milli kanunçylykda Türkmenistanyň halkara şertnamasynda Türkmenistanyň kanunçylygyndakydan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalarynyň ulanylýandygy berkidilendir. Bu ýörelge döwletimiziň halkara jemgyýetçiliginiň öňündäki borçnamalaryna yzygiderli ygrarlydygyny görkezýär.

Türkmenistan häzirki wagtda 150-den gowrak köptaraply halkara resminamalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy (BMG) we onuň ýöriteleşdirilen edaralary tarapyndan kabul edilen 130-dan gowrak konwensiýanyň doly hukukly agzasydyr.

Ýurdumyzda döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy adam, onuň ömri, azatlygy we hukuklary bolup durýar. Bu ugurdaky halkara borçnamalarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistan adam hukuklaryny goramagyň düýp esaslaryny ykrar edýän resminamalara goşuldy. Şolaryň hatarynda kabul edilen Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasy (1948-nji ýyl) — döwletimiziň ynsanperwerlik syýasatynyň wezipelerini we esasy ýörelgelerini ykrar etmekde başlangyç esas boldy. Raýatlyk we syýasy hukuklar hakyndaky halkara ylalaşygy (1966-njy ýyl) hem-de Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakynda halkara ylalaşygy (1966-njy ýyl) — raýatlaryň jemgyýetçilik-syýasy hem-de maddy-medeni durmuşynyň hukuk kepillikleriniň kämilleşmegine itergi berdi. Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýa (1989-njy ýyl) we Aýallara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky konwensiýa (CEDAW) — jemgyýetiň aýratyn goraga mätäç gatlaklarynyň we maşgala institutynyň hukuk goraglylygyny halkara standartlaryna laýyk getirmäge mümkinçilik döretdi.

Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna yzygiderli eýerýän döwlet hökmünde Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda parahatçylykly, medeniýetli we diplomatik gepleşikler institutyna aýratyn ähmiýet berýär. Bu ugra degişli bolan Diplomatik gatnaşyklar hakynda Wena konwensiýasy (1961-nji ýyl) — ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen ilçihana we diplomatik wekilçilik derejesindäki gatnaşyklarynyň kadalaşdyrylmagyny şeýle hem, Şertnamalar hukugy hakynda Wena konwensiýasy (1969-njy ýyl) — döwletara we köptaraply şertnamalary baglaşmagyň, ýerine ýetirmegiň we ýatyrmagyň takyk hukuk mehanizmlerini milli tejribä we bütindünýä nusgasyna laýyklykda amala aşyrmaga hukuk esasyny berýär.

Döwletimiziň daşary syýasatynyň we halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri hem ekologik durnuklylygy we daşky gurşawy goramagy üpjün etmekden ybaratdyr. Sebitiň ekologiýa howpsuzlygyny saklamak maksady bilen, Türkmenistan bu ugurdaky esasy global ylalaşyklary ykrar etdi we olara işjeň goşuldy. Şolaryň hatarynda Ozon gatlagyny goramak baradaky Wena konwensiýasy (1985-nji ýyl) hem-de Monreal protokoly — ýurda ozon gatlagyny hapalaýan zyýanly himiki maddalaryň getirilmegini çäklendirmäge we önümçilik ulgamlaryny arassa ekologik tehnologiýalara geçirmäge mümkinçilik berdi. Biologik dürlilik baradaky konwensiýa (1992-nji ýyl) — ýurduň baý ösümlik we haýwanat dünýäsini, aýratyn hem döwlet goraghanalarynyň durnukly ekoulgamyny halkara ülňüleri esasynda goramaga şert döretdi. Çölleşmä garşy göreşmek baradaky BMG-niň konwensiýasy (1994-nji ýyl) — ýurtda giň gerimli «Gök guşak» maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine, Garagum çölüniň süýşmeginiň öňüniň alynmagyna we sebitiň howa şertleriniň gowulanyp, topragyň şorlaşmagyna garşy işleri giň gerimde ýaýbaňlandyrmaga itergi berdi. Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak baradaky Çarçuwaly konwensiýa (Tehran konwensiýasy, 2003-nji ýyl) — Hazar sebitinde ykdysady we nebit-gaz taslamalary amala aşyrylanda deňiz gurşawynyň arassalygyny kepillendirmäge we Awaza syýahatçylyk zolagynyň ekologiýasyny berk gözegçilikde saklamaga mümkinçilik döretdi.

Ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulmagy, bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagy we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi söwda-ykdysady ugurdaky halkara hukuk kadalarynyň doly berjaý edilmegine baglydyr. Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmaga taýýarlyk görmegiň çäginde, Türkmenistan ykdysady ulgamyň döwrebaplaşmagyny üpjün edýän şertnamalary ykrar etdi. Şolaryň hatarynda Gümrük düzgünlerini ýeňilleşdirmek we sazlaşdyrmak baradaky halkara konwensiýa (Kioto konwensiýasy, 1973-nji ýyl) gümrük amallaryny sanlylaşdyrmaga, serhetüsti haryt dolanyşygyny tizleşdirmäge we eksport-import amallarynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga goldaw berdi. Daşary ýurt arbitraž çözgütlerini ykrar etmek we ýerine ýetirmek baradaky konwensiýa (Nýu-Ýork konwensiýasy, 1958-nji ýyl) — halkara söwda dawalaryny bütindünýä standartlaryna laýyk çözmäge hukuk kepilligini döredip, ýurdumyzyň maýa goýum gurşawynyň halkara abraýyny we maýadarlaryň ynamyny has-da berkitdi. Harytlary halkara satmak-satyn almak şertnamalary baradaky BMG-niň konwensiýasy (Wena konwensiýasy, 1980-nji ýyl) — milli telekeçilerimiziň we hususy kärhanalarymyzyň dünýä bazarlarynda öz harytlaryny kanuny taýdan doly goragly, ygtybarly we bökdençsiz satmagyna amatly şertleri döretdi.

Türkmenistanyň geosyýasy taýdan amatly ýerleşişi ýurdy sebitiň iň iri ulag-logistika we üstaşyr (tranzit) merkezine öwürmäge doly şert döredýär. Ulag durnuklylygyny halkara giňişliginde öňe sürýän döwlet hökmünde, ýurdumyz bu ugurdaky möhüm konwensiýalara goşuldy. Şolaryň hatarynda Ýol hereketi baradaky Wena konwensiýasy (1968-nji ýyl) — Türkmenistanyň ýol belgilerini, hereket düzgünlerini we sürüjilik şahadatnamalaryny dünýä standartlaryna gabat getirip, milli sürüjilerimiziň we halkara ýük daşaýjylarynyň daşary ýurtlarda bökdençsiz hereket etmegini üpjün etdi. Ýadro heläkçiligi barada ir habar bermek baradaky konwensiýa (1986-njy ýyl) — ýurdumyzyň radiasiýa we tehnogen howpsuzlygyny bütindünýä ulgamy bilen utgaşdyrmaga, sebitde bolup biljek howplardan ir habar alyp, milli howpsuzlygy berkitmäge ýol açdy. Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýasyna degişli 1988-nji ýylyň Teswirnamasy— Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan ugraýan gämilerimiziň dünýäniň islendik portuna bökdençsiz girmegine, deňiz söwdasynyň howpsuz, tygşytly we netijeli alnyp barylmagyna giň mümkinçilikleri açdy.

Ynsan zähmetiniň goralmagy we adalatly zähmet şertleriniň döredilmegi durnukly ykdysadyýetiň şertidir. Türkmenistan Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) doly hukukly agzasy hökmünde guramanyň düýpli konwensiýalaryny ratifikasiýa etdi. Bu resminamalar zähmet bazarynda islendik kemsitmeleri doly gadagan etmek, mejbury zähmeti ýok etmek, zähmet haky we iş orunlarynyň howpsuzlygyny kepillendirmek boýunça milli Zähmet kodeksiniň kämilleşmegine göni täsir etdi.

Milli medeni mirasy goramak we ony geljekki nesillere ýetirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan bu ugurda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy (UNESCO) bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Bu hyzmatdaşlyk Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý ýaly taryhy ýerlerimiziň dünýä derejesinde goralmagyna ýardam edýär. Bu guramanyň Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky Konwensiýasyna goşulmagymyz – ruhy, saz we amaly haşam sungatymyzyň milli we halkara derejesinde goraglylygyny berkitdi. Medeni gymmatlyklary bikanun getirmegi, äkitmegi we eýeçilik hukugyny bermegi duýdurmaga we gadagan etmäge gönükdirilen çäreler hakyndaky Konwensiýa — taryhy we medeni tapyndylaryň bikanun dolanyşygyna garşy durmakda halkara bileleşigi bilen bilelikde hereket etmäge kepillik berýär.

 

Türkmenistanda halkara hukuk kadalarynyň milli kanunçylyga ornaşdyrylmagy (transformasiýa we implementasiýa) boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny milli hukuk ulgamyna girizmek ýurduň taryhy, medeni we ykdysady aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, täze hukuk kadalaryny döretmek işidir. Döwletimiz tarapyndan tassyklanylan halkara konwensiýalary biziň milli kanunlarymyzyň binýadyny baýlaşdyrýar we olary döwrebaplaşdyrmaga ýardam edýär.

Munuň iň aýdyň mysallaryndan birini Çaganyň hukuklaryny goramak ugrunda görkezmek bolar. Türkmenistan 1993-nji ýylda BMG-niň «Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýasyny» ratifikasiýa etdi. Bu halkara resminamanyň kadalaryny içerki hukuk ulgamyna ornaşdyrmak maksady bilen, döwletimiz tarapyndan düýpli hukuk özgertmeleri geçirildi. Ilki bilen, «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanun gönüden-göni halkara konwensiýasynyň kadalaryna esaslanyp, çaganyň ýaşama we ösmek hukugyny, saglygynyň goralmagyny, kemsidilmelerden we zähmet ekspluatasiýasyndan goralmagyny hem-de bilime bolan hukuklaryny kepillendirýär. Türkmenistanyň Zähmet kodeksine (2009-njy ýyl) görä, ýurtda 16 ýaşyna ýetmedik çagalary işe almak düýbünden gadagan edildi. Ýurda gelýän beýleki döwletleriň raýatlary bolan ýa-da raýatlygy bolmadyk çagalara hem Türkmenistanyň çagalary bilen deň hukuklar we gorag üpjün edildi.

BMG-niň «Zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky» konwensiýasy (CEDAW) aýallara syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik durmuşynda erkekler bilen deň şertleriň we hukuklaryň kepillendirilmegini talap edýär. 2015-nji ýylda «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmegi barada döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul etdi. Bu kanun gönümel CEDAW-yň talaplary esasynda taýýarlandy. Şeýle-de, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 29-njy maddasynda aýallaryň we erkekleriň deň hukuklary berkidildi. Döwlet edaralarynda we Mejlisde (parlamentde) zenan ýolbaşçylaryň we deputatlaryň sany yzygiderli artdyryldy.

Halkara Zähmet Guramasynyň konwensiýalary göwreli aýallaryň we çagaly eneleriň zähmet hukuklaryny goramagy öňe sürýär. Türkmenistanyň Zähmet kodeksine we Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kanunçylyga laýyklykda, göwreli aýallary gije işlerine, iş wagtyndan daşary işlere çekmek we olary iş saparyna ibermek gadagan edildi. Şeýle hem, göwrelilik we çaga dogurmak boýunça berilýän rugsadyň we pul kömekleriniň möhleti uzaldyldy.

Bu ugurdaky işleriň ýene bir iň aýdyň mysaly hökmünde döwletimiziň BMG-niň Klimatyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly Konwensiýasyna we Pariž ylalaşygyna goşulmagy bilen bagly boldy. Halkara derejesindäki bu möhüm ylalaşyklar global ýylylygyň öňüni almak we «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek borçnamasyny goýýar. Bu borçnamalary ýerine ýetirmek maksady bilen, içerki kanunçylykda uly özgertmeler amala aşyryldy. Hususanda, «Ekologiýa auditi hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda» we «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» kabul edilen täze Kanunlar göni halkara standartlaryna laýyklykda işlenip düzüldi. «Atmosfera howasyny goramak hakynda» kanunçylyga üýtgetmeler girizilip, senagat kärhanalarynyň galyndylaryna bildirilýän talaplar halkara ekologik kadalaryň derejesine çykaryldy.

Türkmenistanyň bu ugurdaky tejribesi halkara hukugynyň milli kanunçylykdan ýokary durýandygy baradaky konstitusion ýörelgäni subut edýär. Şeýlelikde, halkara hukuk kadalarynyň milli kanunçylyga ornaşdyrylmagy diňe bir deklaratiw häsiýete eýe bolman, eýsem täze kanunlaryň kabul edilmegi we bar bolan kodeksleriň kämilleşdirilmegi arkaly amala aşyrylýar. Ýurt halkara ylalaşyklaryna goşulmak bilen, özüniň içerki kanunlaryny dünýäniň iň kämil hukuk standartlaryna uýgunlaşdyrýar. Şu işler bilen bir hatarda Parlamentiň goldamagynda kabul edilen Hökümet maksatnamalary, meselem, Klimatyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýa, halkara hukugynyň talaplarynyň durmuşda nähili anyk amala aşyrylýandygyny görkezýär. 

Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen başlangyçlary, şol sanda «2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek baradaky Kararnamasy ýurdumyzyň dünýäde hukuk dabaralanmasyny durnukly goldaýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

 

Kulyýew Maksat Hojamyradowiç Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy,

Babaýew Baýmyrat Atanaýewiç Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy