The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

24.08.2026

BILIMIŇ HUKUK BINÝADY

Adam ömrüniň gymmatyny hiç bir zat bilen deňäp bolmaýşy ýaly, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň halkymyza eçilen miweleriniň, eşretleriniň hem deňi-taýy ýokdur. Döwletimiziň hukuk ulgamyny milli ýörelgelerimize esaslanyp, halkara hukuk kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça esasy wezipeleriň, anyk maksatnamalaryň kesgitlenmegi Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň esasy aýratynlygy boldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyzda milli bilimi döwrebaplaşdyrmakda, şeýle hem ulgamyň kämil hukuk binýadyny döretmekde uly işler durmuşa geçirildi.

Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soňra milli bilimiň hukuk binýadyny döretmäge aýratyn üns berildi. Milli bilimi kämilleşdirmek, dünýä standartyna laýyk getirmek, ýurduň geljegi bolan ýaş nesliň kämil bilimli şahsyýet bolup ýetişmegi ugrunda beýik işler amala aşyryldy.

Jemgyýetimiziň barha ösmegi milli hukuk ulgamynyň hemişe kämilleşdirilip durulmagyny talap edýär. Bu bolsa, ilkinji nobatda, milli bilimiň hukuk binýadyna degişlidir.

Dünýäde bolup geçýän globallaşma şertlerinde dünýä jemgyýetçiligine işjeň goşulyşmagyň möhüm guraly hökmünde ýurtlaryň halkara bilim hyzmatdaşlygynyň täsiri uludyr. Şunda dünýä ýurtlarynyň bilim babatynda özara gatnaşyklarynyň halkara hukuk kadalary, umumy kabul edilen ýörelgeleri, hyzmatdaşlygyň gurallary kesgitlenilýän halkara resminamalar uly ähmiýete eýedir. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyny, onuň dünýä ülňülerine laýyk gelmegini üpjün etmek maksady bilen, halkara bilim hyzmatdaşlygyna aýratyn uly ähmiýet berildi. Garaşsyz Türkmenistan halkara resminamalaryna goşulmak bilen, milli bilim ulgamyna olaryň kadalaryny ornaşdyrdy.

Milli bilimiň kanunçylyk binýady halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna, ýörelgelerine laýyklykda milli ruhda kämilleşdirildi. 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda 12 bapdan, 60 maddadan ybarat bolan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny rejelenen görnüşinde kabul edildi. Bilim babatda gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýän we döwlet syýasatynyň ýörelgelerini, bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini, ýerine ýetirýän işlerini, ony dolandyrmagyň guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän bu Kanuna bilimiň derejeleri, elektron okuwlar we uzak aralykly bilim tehnologiýalary arkaly bilim maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, doly orta bilim derejesiniň bilim maksatnamalarynyň mazmuny, okuwyň ugurlaşdyrylmagy, okaýanlary terbiýelemek, okaýanlaryň jemgyýetçilik birleşikleri, pedagogik işgärleriň hukuk ýagdaýy bilen bagly kadalar goşuldy. Şeýle-de Kanunyň bilim babatda döwlet syýasatynyň ýörelgeleri, okatmagyň we terbiýelemegiň dilleri, bilim ulgamynyň gurluşy, Döwlet bilim standartlary, bilim almagyň we okatmagyň görnüşleri, bilim edaralaryna okuwa kabul etmäge bildirilýän umumy talaplar, okuwçylaryň mekdepden daşary we goşmaça bilimi, ýokary hünär bilimi, bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň ygtyýarlyklary, okaýanlaryň hukuklary, durmuş taýdan goldanylmagy, ata-eneleriň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň bilim babatda hukuklary we borçlary, bilim edaralarynyň dolandyrylyşy bilen bagly kadalary kämilleşdirildi.

Netijede, milli bilimiň hukuk binýady kämilleşdirilip, ählumumy bilim giňişligine üstünlikli aralaşmaga, bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, sanlylaşdyrylmagyna, milli bilime halkara standartlarynyň ornaşdyrylmagyna, oňa laýyklykda ýaş nesliň bilim almagyna we kämil hünärmenler bolup ýetişmegine, mugallymlaryň netijeli zähmet çekmegine, bilim babatynda halkara hyzmatdaşlygyň ilerlemegine giň mümkinçilikler döredi.

Türkmenistanyň saýlap alan ýoly ynanyşmagyň, parahatçylygyň, döredijiligiň we rowaçlygyň ýoludyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynda gazanylan üstünlikler asyrlara barabar. Häzir türkmen ýaşlarynyň öňünde taryhyň olara bagyş eden bu ajaýyp zamanasyny gorap saklamakdan we ony geljekki nesiller üçin has-da baýlaşdyrmakdan ybarat bolan wezipe durýar. Bu babatda ýaş nesilleriň kämil hünärmenler, bilimli, ylymly bolup ýetişýändigi hem bellenmäge mynasypdyr.

Nepes ROZYÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,

Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar

syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.