The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

11.09.2026

WATANÇYLYGYŇ HEM KÄMILLIGIŇ MEKDEBI

Ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi üçin ähli zerur şertleri döretmek bagtyýarlygyň hem berkararlygyň ýolundan ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary goldamak we höweslendirmek, ýaşlarda raýatlyk, watançylyk, wepalylyk ruhy-ahlak duýgularyny, Watanyň we halkyň geljegi üçin jogapkärçilik ruhunda terbiýelemek, ýaşlarda hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen halkara ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýan talyp ýaşlaryň, mekdep okuwçylarynyň sany barha artýar. Ylym-bilimi ösdürmek şu günümiz we röwşen geljegimiz bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki ylym-bilim döwrebap ösüşleriň, täze mümkinçilikleriň binýady hasaplanylýar. Gahryman Arkadagymyz Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer ösüşleriniň berk binýadyny kemala getirdi. Bu günki gün şeýle beýik ösüşler Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär.

Eziz Watanymyzda täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň dürli sebitlerinde häzirki zaman çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň, ýokary okuw mekdepleriniň gurlup ulanmaga berilmegi,  1-nji synpa barýan körpelere kompýuter sowgatlarynyň gowşurylmagy ýaş nesliň mynasyp terbiýelenmegi, sazlaşykly ösmegi ugrunda edilýän aladanyň mysalydyr.

Hoş habar göwünlere ganat, gadamlara bat berýär. Şanly ýylymyzyň buýsançly wakalarynyň biri, paýtagtymyzda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutlarynyň täze binalar toplumlarynyň açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň bilim ulgamynyň dünýä derejesinde has-da ösdürilýändigini aýdyň görkezýär. Dünýäniň ösen, iň kämil innowasion tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan ýokary okuw mekdeplerine halkara standartyna laýyklyk güwänamalaryň gowşurylmagy institutlaryň ýokary derejesini tassyklap, täze binalar toplumynyň bilim, ylym, sanly tehnologiýalar, halkara hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýandygyna şaýatlyk edýär.

Bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ýurdumyzyň yzygiderli ösüşlerini, halkymyzyň bagtyýar geljegini nazarlaýan möhüm şertleriň biridir. Türkmenistanda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň mümkinçiliklerini ösdürmek, bu ulgamda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaş nesliň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, döwletimiziň we jemgyýetimiziň syýasy, ykdysady, medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin oňaýly şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýokary bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary bilimli hünärmenleriň kemala getirilmegine gönükdirilendir. Häzirki wagtda Diýarymyzyň ýokary okuw mekdepleri diňe bir döwrebap bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary we hünärmenleri taýýarlamak üçin talabalaýyk enjamlaşdyrylan okuw merkezleri bolmak bilen çäklenmän, olar jemgyýetimiziň aň-bilim, medeni-ruhy ösüşiniň, Watanymyzyň durmuş-ykdysady abadançylygynyň hem ygtybarly binýady bolup durýar.

Ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilmegi türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň abadançylygyny üpjün edýär. Watansöýüji, ukyp-başarnykly, beden taýdan sagdyn terbiýeli ýaş nesilleri kemala getirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan anyk kesgitlenen ýurdumyzyň ösüşiniň strategik wezipeleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ýaşlar syýasaty ýaş türkmenistanlylaryň şahsyýet hökmünde kemala gelmegine, ösmegine, ukyp-başarnyklarynyň ýokarlanmagyna, jemgyýetiň döwletiň bähbitlerine, ýaşlaryň aň-paýhas, döredijilik, ruhy mümkinçiliklerini has doly amala aşyryp bilmekleri üçin mümkinçilikleri giňeltmäge has oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Ýaş raýatlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna gadymdan bäri mahsus bolan ruhy-ahlak hem-de medeni gymmatlyklary dünýä ýaýmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek milli strategiýanyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Şu ýörelgeler, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri, häzirki zaman dünýäsinde berkarar döwletimiziň orny, wezipesi, ýaşlaryň öňünde duran maksatlar hem-de wezipeler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy okuw sapagynda anyk ugurlar boýunça giňişleýin beýan edildi.

Gahryman Arkadagymyz: «Men öz çykyşymy esasy zatdan — watançylyk düşünjesinden başlamak isleýärin. Islendik adamyň Watana söýgüsi adaty, sagdyn duýgudyr. Ýaş adam üçin bolsa bu aýratyn many-mazmuna eýedir. Sebäbi hut şol ýyllar onda Watana bolan söýgi, ýurduna bolan buýsanç duýgusy kemala gelýär. Watana wepaly, mynasyp hyzmat etmelidigine akyl ýetirýär» diýip bellemegi Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar üçin edýän çäksiz aladalarynyň merdana pederlerimizden nesilden-nesle geçirip gelen döwletlilik ýörelgeleriniň nesil terbiýesinde gymmatly hazynadygyna şaýatlyk edýär. Belent ynam bilen nygtalan bu çuňňur manyly sargytlar ýaşlary halkymyzyň ruhubelentlik, zähmetsöýerlik, halallyk, Watana wepalylyk ýaly ýörelgelerine eýermäge ruhlandyrýar.

Paýhasly pederlerimiziň taryhyň dowamynda döreden hem-de bize wesýet eden belent maksatlary şu günki we geljekki nesiller üçin nusgalyk bolup durýar. Munuň özi halkymyzyň bäş müňýyllyk taryhynyň dowamynda toplan baý tejribesiniň we döreden mümkinçilikleriniň oýlanyşykly peýdalanylmagynda aýratyn ähmiýetlidir. Milli Liderimiziň kämil ýaşaýyş, terbiýe, bilim, taryh, zähmetsöýerlik, nesil, maşgala terbiýesi ýaly meselelere möhüm ähmiýet bermegi we türkmen halkyna mahsus ahlaklylyga berýän bahasy şol mirasyň köpugurlylygynyň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda: «Arassa ahlak ynsanyň kämilligi bilen ýüze çykýar. Ynsan kalbynda dostluk, doganlyk, ynsanperwerlik duýgularyny oýarýan halkymyzyň milli ahlak kadalaryna her birimiz guwanmaga, buýsanmaga doly haklydyrys» diýip aýratyn nygtamagy ýaşlaryň geljekki durmuş ýoluna nur çaýýan ynamyň hem gaýratyň berk binýadyny döretmäge ýardam berýär.

Türkmen halkynyň şöhratly taryhyna, milli gymmatlyklaryna, özboluşly däp-dessurlaryna, ýaşlaryň öňünde durýan wezipelere bagyşlanan çykyşynda professor, akademik, alym Arkadagymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da berkitmek ugrunda alnyp barylýan işlere, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine we Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň pugtalandyrylmagyna ýaşlaryň goşýan goşandynyň wajypdygyna ünsi çekdi.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýram edilmeginiň öň ýanynda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde umumy okuw sapagyny geçirmegi ýaş türkmenistanlylaryň Watanymyzyň berkararlygyny, onuň hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň abadançylygyny we mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etmäge goşýan mynasyp goşandyny aýdyň ýüze çykarýar.

Täze okuw ýylynyň ilkinji günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň geçiren okuw sapagy diňe bir ýaşlar däl, eýsem, her bir türkmenistanly üçin hem möhüm watançylyk sapagyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň: «Agzybirligimiz bilen ähli sepgitlere ýeteris» diýen belent ynamyndan ruhlanyp, ýurdumyzy mundan beýläk hem belent derejelere ýetirmek ugrundaky taryhy işlere, Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmakda tutanýerli zähmet çekmek her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

Dünýäniň güýçli depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna ynamly girýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda gursaklary ata Watana söýgüden we guwançdan doly ýaş neslimizi zähmetsöýerlik, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek barada bimöçber alada edýän Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, ilýurt, döwlet ähmiýetli işleriniň mydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Baýramgözel MYRADOWA,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,

Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar

syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.